Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
gizem-avjisi : Adam hemme zady bilyandirin oydip kopzady bilmeyandigine goz yetirya

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Utan
Premium
 BAYOGUL [1s]
 20.07.2024 / 17:10
 Yurekdesh.ru

..Seni meñzedipdik
Ol göwher Aýa.
Arman ol bahany,
Çalyşdyñ şaýa.
Eý sen ýeñles zenan,
Eý sen bihaýa,
Özüñe taý tutan
Ýoluñdan utan!

Seni baýdak edip,
Göterdik arşa.
Jemalyñy ýaýyp,
Ýetirdik arşa,
Haýp, bar umydy,
Göterip garşa,
Tapan oýunlañdan,
päliñden utan!

Eliñe tutdurdyk
Jylaw erkiñi.
Dumana gapladyp,
Nebir durkuñy,
Pul üçin mazamlap,
Gunça görküñi,
Harama sowulan
ýoluñdan utan!

Ýurt sökdüñ aýlandyñ,
Hajy öýdüpdik.
Ile peýda berjek
Bajy öýdüpdik.
Hatda depämiziñ
Täji öýdüpdik
Umydy paltalanan salyñdan utan!

Sen ojaga däl-de
Baýlara aşyk.
Sen ýürege däl-de
Dollara aşyk
Kim weşeñ pul berse
Şolara aşyk,
Dagmy, düzmi...
selpän çölüñden utan!

Başyñy eýeläp
Içgi humary,
Barha haram keýpiñ
Bolduñ bimary
Çem gelene satyp,
Iñ beýik Ary,
Onuñ parhyn bilmez
Biliñden utan!

Seýran ede-ede
Dagdyr-düzüne
Näme Edep berjek
Ogul-gyzyña?
Ah neneñ bakýarsyñ
Olañ ýüzüne?
Edebi parçalan halyñdan utan!

Halallyk jigerde,
Namysym arym
Sen toba edermiñ,
Bilmen hyýalyñ.
Seni näletleýär
Külli Diýarym
Türkmen atly beýik
Iliñden utan!


172

10

3

3

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Мерет [off]
 20.07.2024 / 17:15

+0

Ona utanyan barmay gayta Arsyz bir ish eden yaly kopisi

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 20.07.2024 / 17:20

+0

Sen bir gun gyzlary zenanlary wasp edip mowzuk goysaň
bara açjak mowzuklaň baryna LIKE goyardymow.


Premium
BAYOGUL [1s] (20.07.2024 / 17:20) 

Aynabat, bolya

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 21.07.2024 / 09:51

+0

nireden tapyan bulary

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Yone gyzyklanyan


Indi bu sorag näme ýerden ýüze çykdy? buň asyl köki nirede? sorag berýäni tanamakmy, ýa sorag berýäniň çagasyny tanamakmy? ýada jogap berýäniň ýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Fantom (Şugün, 20:05)

Ajy ýylgyryş


Yürek bilen okadymda gaty gowy gosgy eken ❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Aixcam_nx (Şugün, 19:11)

Ajy ýylgyryş


Mmanyly eken sagbolun yetirenize...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Sebap (Şugün, 18:31)

Ajy ýylgyryş


Men ömürlik çaga bolmaga razy, Şol döwürler bir yzyna dolansa. Ajy ýylgyryşly hiç ýylgyrmazdym,...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Sebap (Şugün, 18:29)

Yone gyzyklanyan


Hawa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Boxer (Şugün, 17:58)

Senem söýermin?


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Senem söýermin?
Jasmin (Şugün, 17:24)

Yone gyzyklanyan


Elbetde hawo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Jasmin (Şugün, 17:22)

Yone gyzyklanyan


Alyp bermezdim bilip durkaň ýalňyşlyk goýbermek samsyklyk...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Bezzat (Şugün, 16:17)

Yone gyzyklanyan


Herkim tapdyrmaya menden diyipdir😁...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Aixcam_nx (Şugün, 14:52)

Yone gyzyklanyan


özüm ýaly bolsa alyp bererdim. bolmasa özi kimi halasa şony alyp bererdim....dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Boniya (Şugün, 14:50)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика