Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Xuligankaa : Ben mutsuz degilim. Siz bosxuna bu kadar mutlusunuz. #Xuliganka

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Gedem gyza
Premium
 BAYOGUL [on]
 20.07.2024 / 17:23
 Yurekdesh.ru

Jogap bermän, ýeke agyz geplemän,
Sen nämüçin ýigidi kän kösediñ.
Zaryñy çekipdir telim hepdeläp,
Halyña dözmedim, synlap keseden.

Siziñ ýanyñyzdan geçipdir ýoly,
Işe, toýa, garaz, nirä gitse-de.
Hamana, ol göze ilmeýän ýaly,
Yşk derdini ýeñletmänsiñ pisseçe.

Bileñok, gedemlik ~ akmagyñ däbi,
Sen onuñ ýüzüne äñetmänsiñem.
Wah, onuñam arsyzlygyñ sebäbi,
Söýgi ~ kän alkyşlar, näletler siñen.

Gumry bol sen ýa-da meñze jerene,
Kim bolsañam päk söýgüden ürkme sen.
Iñ bolmanda, duýdur söýmeýäniñi,
Aşyk duýmaz, duýar ýaly dürtmeseñ.

Sen oña gürrüñ ber söýgüliñ hakda,
Ol hakda geplemek kyn düşmez saña.
Kaýyl ol bar zada, kaýyl ol hatda
Göwnaçyk ýylgyryp möçükdirseñem.

Ýüzüñde gaýgy bar, gözüñde ünji,
Belli däl, mähriñi kime berjeksiñ?
Söýüp bilmedikleñ kän bor ökünji,
Beýle kişileri hernä ýer çeksin!

Ýok, myrtar keseli,
başynda keli,
Günä bolar hoş sözüñi gaýgyrsañ.
Senden akyllydyr, bilemok welin,
Her gije birini söýýän söýgür hem


173

12

6

3

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Belki [22s]
  Söýenler terk edýär, a söýgi baky!
 20.07.2024 / 17:26

+0

Gowy yazypdyr. kimka awtory?

 Özümiziňki
 Jasmin [off]
 20.07.2024 / 17:27

+0

mlds

 Täzeje
 Мерет [off]
 20.07.2024 / 17:27

+0

Samsyk Gyza Diyip goshgy yokmy shony tapyp goysana birine oka dp maslahat berjekdim
Gowy eken

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 20.07.2024 / 17:29

+0

Näzden ýüzini sowana akmak diydiler-diyen setir yadyma duşdi
birinji bendi okap.Ýetireniň uçin sagbol

 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Kanagatly bende baýdyr soltandan
 20.07.2024 / 17:39

+0

Agzalardan uly haýyş eserleri paýlaşanymyzda awtoryň adynam ýazaýyň. Ýogsam awtoram gynanýar, goşgam gynanýar , bizem gynanýas. Ne gözel goşgy .


Premium
BAYOGUL [1s] (20.07.2024 / 17:43) 

Gerceknazar, yazjak welin su sayta biri bar sol uzymdan gep etya sona yazamok

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 21.07.2024 / 09:47

+0

awtoryny goydyň diyip gepiňi etyami

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ajy ýylgyryş


Berekella! özüň näçe ýaşyňda?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Fantom (Şugün, 20:50)

Yone gyzyklanyan


Nesibesindäki oglumyn halan gyzy , ýada gyzymyň halan oglany bilen men yaşaşmayan özi halap göwnese yeterlik maňa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Sebap (Şugün, 20:22)

Yone gyzyklanyan


Indi bu sorag näme ýerden ýüze çykdy? buň asyl köki nirede? sorag berýäni tanamakmy, ýa sorag berýäniň çagasyny tanamakmy? ýada jogap berýäniň ýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Fantom (Şugün, 20:05)

Ajy ýylgyryş


Yürek bilen okadymda gaty gowy gosgy eken ❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Aixcam_nx (Şugün, 19:11)

Ajy ýylgyryş


Mmanyly eken sagbolun yetirenize...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Sebap (Şugün, 18:31)

Ajy ýylgyryş


Men ömürlik çaga bolmaga razy, Şol döwürler bir yzyna dolansa. Ajy ýylgyryşly hiç ýylgyrmazdym,...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Sebap (Şugün, 18:29)

Yone gyzyklanyan


Hawa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Boxer (Şugün, 17:58)

Senem söýermin?


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Senem söýermin?
Jasmin (Şugün, 17:24)

Yone gyzyklanyan


Elbetde hawo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Jasmin (Şugün, 17:22)

Yone gyzyklanyan


Alyp bermezdim bilip durkaň ýalňyşlyk goýbermek samsyklyk...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Bezzat (Şugün, 16:17)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика