Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Diamante_08 : Yüz verip adam ettiysem, sıfırla çarpar yok ederim.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

"Ömrüme pent".
 Öwreniji
 Madi [off]
 20.07.2024 / 17:42
 Hayat bir gun oda bu gun

Şahyr!Şahyrlygyň çyn bolýan bolsa,
Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git.
Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa,
Gara ýere çümüp, çykyp, çümüp git.
__________________________________

Hem akyl ber, hem iliňden akyl al.
Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al.
Alan zadyň demiň bilen ýakyp al,
Soň ýene-de ýeriň süýdün emip git.

______________________________________

Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol,
Dag ýolunda – çat açmaýan polat bol.
Çöl ýolunda – tirkeş-tirkeş bulut bol.
Teşne görseň, dodagyna damyp git.

_________________________________________


Ýol agyrdyr: müň ýanylar, öçüler.
Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler.
Ýel ygyna şaglap gitse geçiler,
Sen öküz dek ýele garşy yňyp git.

_______________________________________


Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al:
Ylgap baryp saglyk bilen erki al.
Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al,
Soň tapylar, galan zady zyňyp git.

____________________________________


Dost paýlansa «Äber!» diýip gyssanma,
Alaňdan soň – gysgaltma hem gysgalma.
Dileg etse –gözleriňi hem gysganma,
Birin ber-de,biri bilen oňup git.

_________________________________________


Hä çaryk geý,
Hä çokaý geý,
Telpek geý –
Parhy ýokdur: geýseň bolar erkek deý.
Ýöne weli şypbyldama çepek deý.
Aýna gonçly ädik ýaly doňup git.

___________________________________________


Sorasaň aýdaýyn kyýamat nedir?
Erkekler ownasa – kyýamat şodur.
Her başy telpeklä goýmagyn gadyr.
Bäş telpegi bir gyňaja daňyp git.

_______________________________________________


Gözelligi sor bagryňa, öýkeniňe.
Söýülseň söý, söýulmeseň süýkenme.
Söýgi hem goşgudyr! Kişä öýkünme,
Öz möhrüňi, öz közüňi goýup git.

___________________________________________


Ýeňip ýaşa: ahyrda ýeň, başda ýeň,
Tomusda ýeň, ýazda, güýzde, gyşda ýeň.
Söýgiňde ýeň, gaýgyňda ýeň, işde ýeň –
Bir oguldan ýeňilip hem ýeňip git.

___________________________________________


Ýeňsin ogul dil bilen däl, iş bilen,
Seňkä görä has ýitiräk huş bilen.
Aýak däl-de, parasatly baş bilen
Ýeňse ogul –
gözüň rahat ýumup git.

_______________________________________



Gözüň sürtüp merhum enäň alnyna,
Bir aglapdyň. Indi beri aglama:
Öz balaňy eliň bilen jaýlama,
Nobatyňda mele ýere sümüp git.


___________________________________________



Dünýä gelmegiň-de nobaty ýagşy,
Ýene ölmegiň-de nobaty ýagşy.
Men diňe bir zatda nobata garşy:
Dost öýünde islän çagyň gonup git.

_______________________________________


Başarsaň – köplügiň içine garyş,
Tanyşdan dost tutun, ýatlardan – tanyş.
«Žiguliň» içinden gözleme durmuş,
Köplük bilen awtobusa münüp git.

________________________________________


Köpelsin öýüňde ýürekdeş myhman –
Ýary işçi bolsun, ýarysy daýhan.
Elbetde, alymam, şahyram hökman.
Üýşüp, çaşyp,çar tarapa eňip git.

____________________________________


Şeýle dostlar bilen gezseň birsellem -
Ýetersiň iň uly matlaba çenlem.
Gadamyň giňden ur!
Entekler ellem
Hol öňde-le... Ýaş hakynda dymyp git.

_____________________________________

Haly wagtyň meňzemegin kilime,
Diri wagtyň gyssanmagyn ölüme.
Öçen wagtyň öýkünmegin çilime –
Içi közli ojar ýaly sönüp git.

______________________________________

Ýene bir söz (magtanmak däl, öwüt däl):
Mazaryma daş oturtmak sargyt däl.
Mele ýeriň astynda-da daş gyt däl,
Bakylyk şol:
Şol daşlara siňip git.

__________________________________________


Kerim Gurbannepesow


162

17

6

3

0

0

2
Teswirler:
 Öwreniji
 Madi [off]
  Hayat bir gun oda bu gun
 20.07.2024 / 17:42

+1

Like basmany unutman

 Täzeje
 Мерет [off]
 20.07.2024 / 17:45

+0

kamil eser Kamil Awtor..!

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 20.07.2024 / 17:48

+0

gowy şahyr goşgularyny halayan


Öwreniji
Madi  (20.07.2024 / 17:52) 

Aynabat, Menem

 Täzeje
 Sasiyona [off]
  Love is in vayin
 20.07.2024 / 20:41

+0

Bah men gowy goryan gosgymy yazypsyna.Kerim Gurbannepesowyn hemme gosgylaryny gowy goryan yatdan bilyan


Täzeje
Hako  (20.07.2024 / 21:59) 

Sasiyona, tüweleme, hakyky zehin ekeniňiz-ä.


Öwreniji
Madi  (20.07.2024 / 22:29) 

Sasiyona, Menem su gosgyny gowy goryan sahyram sonun un su mowzugumda su gosgy setirlerini yazdym

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 21.07.2024 / 09:45

+1

likejik basayyn


Öwreniji
Madi  (21.07.2024 / 19:16) 

Aynabat, Bas bas

 Täzeje
 elza [off]
 21.07.2024 / 13:48

+0

madim gowy gosgy eken

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hoşlaşyk aýdymy


Gosgyny okap oz okuwçy dowrum ýadyma dusdi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:01)

Hoşlaşyk aýdymy


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:00)

Soragnama logiki2


Bayrak bermesena bolmoz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:46)

Soragnama logiki2


3 .. kolegesi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:44)

Soragnama logiki2


3 näme...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Dunyodagi (Düýn, 22:38)

Soragnama logiki2


1.gury 2.yagysh we gun 4 diyip bilmez ol gurlanok 51 hepdede 7 gun bar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:31)

Lolular


Gowy eken ýetirip duruň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Sebap (Düýn, 21:35)

Lolular


Su in sonky setirdaki kop nokadyn yerine gelyan soz Pyragydan okamda-da bimaza edipdi. Hazirem bimaza edye. Loly dal-da heley diyyes biz-a on ya...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Belki (Düýn, 21:28)

Lolular


Aşagynda awtory goýulmasa, şol goşgyny Puşkin ýazanam bolsa okasyň gelenok. Üstesine, awtoryň adyny goýmadyk adamy hem sowatsyz hasaplaýan....dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Pegas (Düýn, 20:57)

Lolular


Erkekler tarapdada ayallar tarapda da has juda gowylaram kopdir yone Loly erkekler diyipsin voli ozime cekdim ( Kabir erkeklere degisli ) Diyip...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Bayradot (Düýn, 20:39)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика