Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Dünýäniň iň garry ýaşaýjysy aradan çykdy!
 Täzeje
 Wrestling [off]
 21.08.2024 / 16:32
 Peýdaňa ýok, azaryň bir degmesin)

Zemindäki iň uzak ýaşlylaryň biri Mariýa Brans Morera 117 ýaşynda aradan çykdy diýip, «Daily Mail» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

Zenan 1907-nji ýylda ABŞ-da doguldy. Özüniň uzak ömründe ol ispan dümewiniň pandemiýasyny (1918–1920), Ispaniýadaky raýatlyk urşuny (1936–1939), iki jahan urşuny hem-de COVID-19 ýokanjyny başdan geçirdi.

Mariýa soňky gezek doglan gününi 2024-nji ýylyň martynda belledi. Ömrüniň ahyrky günlerine çenli ol sagdyn pikirlenýärdi diýip, garry ene bilen gürrüňdeş bolan lukmanlar belleýärler. Ahyrynyň golaýlaýandygyny duýanda, Mariýa ýakynlaryna we tanyşlaryna aglamazlygy haýyş edip, nirä ýola düşse-de, bagtly boljakdygyny aýtdy.

2023-nji ýylda Fransiýanyň Tuluz şäherindäki garrylar öýünde planetanyň beýleki bir uzak ýaşly ýaşaýjysy Lýusil Rendon 118 ýaşynda aradan çykdy.

Mariýa Brans aradan çykandan soňra dünýäniň iň uzak ýaşly adamynyň tituly ýaponiýaly zenan Tomiko Itooka geçdi. Ol häzir 116 ýaşynda. Bu barada «rg.ru» ýazýar.

Çeşme: Turkmenportal saýty


108

21

6

2

0

0

0
Teswirler:
 Gerekli
 Yekejelai [off]
  Özime_dönein.♡
 21.08.2024 / 17:18

+0

hmm bah

 Täzeje
 Boniya [off]
 22.08.2024 / 09:45

+0

Ýetmiňde ýeriňden galabilmersiň
Segsende toý -märeke bara bilmersiň

Magtymguly Pyragy

Köp ýaşasaňam gowy däl ýaly


Täzeje
Maksat  (24.08.2024 / 04:07) 

Boniya, Magtymgulyn gosgusy dal ol


Täzeje
Boniya  (24.08.2024 / 05:12) 

Maksat, kimiňki kä şu teswire garaşdym tapyp bilemok şu goşguny


Täzeje
Maksat  (24.08.2024 / 08:48) 

Boniya, Babanyyaz diyip 19 asyrda yasap gecen sahyryn gosgusy


Täzeje
Boniya  (24.08.2024 / 09:00) 

Maksat, sagja bol

 Özümiziňki
 Jasmin [off]
 22.08.2024 / 10:07

+0

. Ol häzir 116 ýaşynda.

Tuweleme

 Täzeje
 Kadir [off]
  Geyani jinsi belli dal jynsy
 22.08.2024 / 16:09

+0

Mary gresde bady 1900 yylda doglan diyip 2020 yylda wiedosyny gorupdim, Turkmen Portal kamera alypdyr: Sol sonda in uly yasly adam diyipdi. Men hayran galyan her hili tazelik ba biri birinden habarsyz

 Premium
 Orazjan [off]
  Obaly maýmynjyk
 22.08.2024 / 16:40

+0

Jaýy jennet bolsun

 Öwreniji
 Akademik2 [off]
  YEKETAk.RU
 24.08.2024 / 12:04

+0

Yene yasabermeli ekeninda name omur yasapsyn

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Konserwatiw


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Konserwatiw
BAYOGUL (Şugün, 02:00)

Bir erkek aglasa...


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir erkek aglasa...
@menin_dunyam (Şugün, 00:35)

c/c++ programma dilinde ilkinji programma


Hic bolmanda shunun yaly dushundursene [php]#include <iostream> // Maglumat girizmek we çykarmak üçin gerekli kitaphana goşulýar using namespace...dowamy...
Programmirleme dilleri | c/c++ programma dilinde ilkinji programma
Deadpool (Düýn, 23:12)

Mutassag


Ustinlik hemrañ bolsun agam....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Mutassag
@menin_dunyam (Düýn, 23:11)

AZAT FT MEKAN MUSIC PRODUCTION


Dos aydymlaryn internede cykdymy...dowamy...
Erkin mowzuklar | AZAT FT MEKAN MUSIC PRODUCTION
brauzer (Düýn, 22:17)

Ýanan ýuregiň sesi #12


Ackin dowulsun...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanan ýuregiň sesi #12
Gadayly (Düýn, 20:53)

Ýanan ýuregiň sesi #12


Trend bolyaray şunyň açan bloglary degişme okan ýaly lezzet berya adama udaçi dowam et!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanan ýuregiň sesi #12
Saryyevv (Düýn, 19:19)

Dowam etýäs!


Dowam et tuwleme...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dowam etýäs!
Akademik3 (Düýn, 19:07)

1582-nji ýylyň oktýabr aýynyň senenamasyndan 10 gün nädip ýitdi?


ustunli!!!!...dowamy...
Erkin mowzuklar | 1582-nji ýylyň oktýabr aýynyň senenamasyndan 10 gün nädip ýitdi?
Ucgun (Düýn, 19:04)

Dowam etýäs!


╭( ๐_๐)╮Giň bol....dowamy...
Erkin mowzuklar | Dowam etýäs!
Kesxa (Düýn, 18:59)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика