Ýürekdeş sözler!
Ayjahan : Iň köp ynanýanlarmyz öwretdi bize, hiç kime ynanmaly däldigin....
Google kompaniýasy Gmail üçin emeli aň täzelenmesini işe girizdi
Premium
BAYOGUL [on] 25.08.2024 / 01:57
Google kompaniýasy neýroulgam tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen Gmail-iň funksionalynyň giňelendigini mälim etdi. Bu barada PhoneArena habar berýär.
Polish diýlip atlandyrylan täze funksiýada ulanyjylar öz elektron hatlarynyň hilini ýokarlandyryp bilerler. Ol hem web-wersiýada, hem ykjam Android we iOS gurluşlarynda elýeterlidir.
Polish funksiýasy üç stilistik mümkinçiligi öz içine alýar: Formalize, Elaborate we Shorten. Olar teksti dürli formatlarda döretmäge kömek edýär. Bu funksiýany ulanmak üçin hatyň garalamasyny açyp, “Maňa ýazmaga kömek et” nyşanjygyny saýlamak ýeterlik.
Häzirki wagtda täzelik Gemini Business we Enterprise, Gemini Education we Education Premium goşundylary bolan Google Workspace-iň eýelerine, şeýle-de Google One AI Premium ulanyjylaryna elýeterlidir.
Polish funksiýasy öňünden gurnalan görnüşde işjeňleşdirilen bolup, ony öçürmek mümkin däl
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Bagyşla meni
Bäh, gowy ýazypdyr bu goşgyny diýjek bolup durdum. Edil beýdäýmeli däl eken. Bimany bolsada, öz goşgyň bolsun. Bolmadyk ýerinde düzetseň bolýa....
dowamy...
Ýokaryk