Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Owadanjam : Söýjek bolsaň Namaza duran ýaly söý,ne nevsiñ baksyn başga tarapa,ne-de gözleriñ.#Aýperi_sxaaa

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

“ŞU SAPAR DUŞUŞYGYMYZY ARZUWLARYMYZDA GEÇIRELI...”
 Gytyndan
 Baron [off]
 28.08.2024 / 19:45
 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”

(merhum dostuma...)

Şu sapar duşuşygymyzy arzuwlarymyzda geçireli, arzuw eden ýerimizde çaý içeli, biri-birimize içimizi dökeli. Hakykat bilen bu arzuwlarymyzy köýdürmäli. Diňe ikimiz bolup bilmejek zatlar hakda sözleşeli. Hiç kimiň gaýgysy bilen däl-de, diňe öz gaýgylarymyzy gürleşeli. Men başgalar üçin hasrat çekip ýadadym, örän ýadadym... Adam üýtgeşik eken, hemme zada düşünýändirin öýdýär, ýöne käwagt özüne-de düşünenok. Eger-de adamda ýalňyşlaryny hemem dogry hereketlerini terezide çekmek mümkinçiligi bar bolsady, elbetde, ýalňyşlyklar tarapy agyr geler. Dünýädäki hemme kişä adam diýsegem, olar biri-birine meňzeş däl. Olaryň hersi aýratyn bir dünýä. Ýöne her adam üçin durmuş ajaýypdyr. Adam başgalar hakda pikir edip, hemişe özüni unudýar. Başgalaryň göwnüne degmejek bolup, öz göwnüne ýüz gezek degýär. Durmuşda biriniň göwnüne degmekden hemişe ejap etdim. Başgalaryň gaýgylaryny alada edip, öz gaýgylarymy gizledim, hiç kime aýtmadym, aýtsamam, juda az adama aýtdym, geçip gider öýtdüm. Emma geçenok eken...
Belki, sen ýanymda bolsadyň, bu gaýgylaram bolmazdy, asla-da bu zatlaryň hijisem bolmazdy. Hemme zatdan beter, hemme kişiden beter seni göresim geldi. Bu sapar arzuwlarymyzda duşuşaly, dostum...


©Sapa HOMMADOW


186

25

4

9

1

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 yurekdes [off]
  "Meñ ýűregim sowady indi gelme űşärsiñ"
 28.08.2024 / 22:40

+1

Bagyşlañ men okap otyrkam elim halamazlyga basylaydy sonam otmen edip bilmedim bagyşlañ bilip etmedim mowzuk gaty gowy

 Täzeje
 Luckyboy [off]
  Trust Yourself
 28.08.2024 / 23:30

+0

Real durmuşyñdaky ýakyn dostuñdymy?

 Täzeje
 Maxrim_mv [off]
  только ты балм<<3[Элвин💂‍♂️💋]
 29.08.2024 / 00:19

+0

Mninem yogalan dosm yadyma dusup gitdi

 Täzeje
 Boniya [off]
 29.08.2024 / 13:55

+0

Arhiwden öýdýän , öňem köp ýerde okapdym

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

"Maskanyň arkasyndaky,hakykat"(goşgy )


Dogryny ayt, emeli aň yazdy gerek?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Maskanyň arkasyndaky,hakykat"(goşgy )
Belki (Şugün, 14:19)

"Maskanyň arkasyndaky,hakykat"(goşgy )


maladis dowam et...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Maskanyň arkasyndaky,hakykat"(goşgy )
Kerim-98 (Şugün, 14:16)

Uns berin


Kalligrafiya...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Uns berin
Sasiyona (Şugün, 13:41)

Uns berin


Meniň soýgüli podpishiklem like basyp goldalyň) Mnm gatnaşjak goldasaňyz altyn medal alalyň)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Uns berin
Bezzat (Şugün, 13:17)

Uns berin


Ertir sşu yere goyulyamka onnoñ hatlary...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Uns berin
Kerim-98 (Şugün, 13:03)

Ykbal bolmady.


Ýetirip dur 👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ykbal bolmady.
Kerim-98 (Şugün, 12:56)

Özüñe üns ber!


gaty dogry...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüñe üns ber!
Kerim-98 (Şugün, 12:51)

Uns berin


Iş-alada bilen wagt tapmadym surat ugratmags...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Uns berin
Orazjan (Şugün, 12:18)

Uns berin


Bolgysyzlyk bidereklik...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Uns berin
Tukel (Şugün, 12:12)

Uns berin


Netijani sugunem jemlesede bolar...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Uns berin
Watjik (Şugün, 12:03)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика