Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Belki : Kimlerin koynuna girdin, Öpmeye kıyamadığım! #Sabahattin Ali

Forum | TELEFON WE OPERATORLAR | Telefon görnüşleri

Ilkinji telefonyn cykysy
Premium
 BAYOGUL [on]
 11.09.2024 / 19:42
 Yurekdesh.ru

Greýam Bell telefony oýlap tapypdyr. Ol Şotlandiýanyň Edinburg şäherinde dogulýar. Soňlugy bilen Belliň maşgalasy Kanada, soňra hem ABŞ göçüp gelýär. Bell bilimi boýunça inžener - elektrik hem fizik hem bolmandyr. Ol aýdym – saz we suhanwerlik sungaty mugallymy bolup işläpdir.
Ady
Aleksandr Graýam Bell
Doglan wagty 3,Mart, 1847 Şotlandiýa
Ölen wagty 2 Awgust, 1922
Käri Inžener - elektrik hem fizik, Alym
Goşantlary Telefony oýlap tapdy
Aleksandr Bell 1893-nji ýylda gepleýiş synasynyň fiziologiýasy boýunça Boston uniwersitetiniň professory bolýar. Ol akustikany, adamyň gürleýşiniň fizikasyny dykgatly öwrenýär, ondan soň ses yrgyldylaryny ugradýan enjamda tejribe geçip başlaýar. Şeýlelikde, ol kem-kemden telefony döretmek taglymyna ýakynlaşyp başlaýar. Ol eger-de elektrik togunyň yrgyldylaryny döredip bolsa, dürli sesleri geçirmäge mümkinçilik dörejekdigine ynanypdyr.

Basym Bell öz iş ugruny üýtgedýär we bir wagtyň özünde birnäçe tekst ugradyp boljak telegraf döretmegiň üstünde işläp başlaýar. Telegraf döretmek boýunça alyp barýan işlerinde ýüze çykan tötänlik ony ýene-de telefony oýlap tapmaga alyp baran hadysanyň üstüni açmaga kömek edýär.

Bir gezek Belliň kömekçisi geçiriji enjamdan plastinkany çykarypdyr. Şonda kabul ediji enjamda Bell şygyrdy eşidipdir. Belli bolşuna görä, plastinka elektrik zynjyryna utgaşyp soňam açylan eken. Bell bu ýagdaýa örän ünsli çemeleşipdir. Birnäçe günden soňra sesi gataltmak üçin signal berýän buýnuzdan, deprek deriden we uly bolmadyk membranadan ybarat ilkinji telefon enjamy döredilipdir. Bu enjam ähli telefon enjamlarynyň başlangyjy bolupdyr. Şeýlelikde, 1876-njy ýylyň 10-njy martynda Bostonda (ABŞ) ilkinji telefon gepleşigi Aleksandr Greýam Bell we onuň kömekçisi Tomas Uotsonyň arasynda geçirilipdir. Ilkinji öý telefony ine şunuň ýaly oýlanyp tapylypdyr.

Muňa garamazdan A.G. Belle we dürli ýurtlardaky inženerlere, telefon aragatnaşygy häzirki görnüşine eýe bolýança, onuň üstünde ýene-de köp işlemeli bolupdyrlar.


121

5

0

1

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Şugün, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Şugün, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Şugün, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Şugün, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Şugün, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Şugün, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Şugün, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Şugün, 12:45)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Hezil edip girjekle mb yumurya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Bayradot (Şugün, 12:09)

Erkekler her wagt...


Logiki taýdan ýalňyş...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkekler her wagt...
Maleficent (Şugün, 10:56)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика