Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Sylag hemme kişä, söýgi laýyk bolona

Forum | SUNGAT ÄLEMI | Dünýä kinosy

Halan filmlerim
 Täzeje
 Aly [off]
 08.10.2024 / 15:14



1. Ar alyş (2019).



Dünýäniň meşhur kino ýyldyzy, “Ýakyn aralyk” (2015), “Agyr maksat” (2016), “Jedelsiz 2-3-4” filmleriniň baş gahrymany Skot Edkins bu filmde hem aýgytlaýjy roly ýerine ýetirip, kino dünýäsinde ýene bir meşhurlyk gazandy.
Filmiň gysgaça mazmuny:
Agasyndan pul komek bermegini sorap, Keýn Býörjs onuň tabşyran ýumşuny bialaç ýerine ýetirmeli bolýar. Ýöne bu oňa agyr jenaýat hökmünde gelip, ol bigünä adamyň ölümine sebäp bolýar. Şeýlelikde ony Angliýanyň iň agyr türmesine 7 ýyllyk tussag edýärler. Emma türmede wagty hem oňa gün bermeýärler.


Ýaşaýyş üçin gündelik bolýan uruşlary Keýn hasabam edenokdy ýone günleriň birinde ol özüne edilýän jebirleriň aňarsynda agasynyň durandygyny eşidende welin, ol şondan beýläk özüni bu zalym türmede sowukganly ganhora öwüren adamlardan ar almagy ýüregine düwüp, türmeden gaçmagy başarýar. Ine şondan soň iki doganyň arasynda dartgynly söweş başlaýar.

2. Ýiti kart (2015).



Kino sungatynda ýene bir yz galdyran meşhur ýyldyzymyz, galyberse-de “Ynsan gazaby” (2021), “Daşaýjy 1-2-3”, “Çalt we gaharly” filmleriniň esasy rollaryny ussatlyk bilen ýerine ýetiren Beýik Britaniýaly aktýorymyz Jeýsan Stetham özüniň başa-baş söweş usullaryna nahili erk etýändigini bu filmde hem has aýdyň görkezmegi başarypdyr.
Filmiň gysgaça mazmuny:
Öň harby işgär bolup işlän Nik Waýld, Las Wegas şäherinde howpsuzlyk işgäri bolup işleýär, ol puluny tygşytlap, Korsika adasyna hemişelik göçüp gitmegi arzuw edýärdi. Günleriň birinde köne tanşy Holli oňa kömek etmegini haýyş edýär. Hollä şäheriň ady belli garakçysynyň ogly 3 bolup azar berýärler, kemsidýärler, muny eşiden Nik öz maksadyny soňa goýup, ejir çeken tanşyna kömek bermegi ýüregine düwýär we olary öz jaýlarynda keýp edýärlerkä, urup jezasyny berýär.


Ýöne munuň bilen waka tamamlanmaýar, duşmanyň adamlary näçe köp bolsa söweşem şonça dowamly bolýar, olar Nikden ar almak üçin elinden gelenini etmäge başlaýarlar.

3. Berk çäreler (2016).



Elbetde siz “Aramyzdaky daglar” (2017), “Garaňky minara” (2017), “Çalt we gaharly: Hobs we Şow” (2019) filmlerini gören bolsaňyz gerek. Şol filmlerde özüni köplenç agras, ýaramaz duşman hökmünde tanadyp, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmagy başaran Londonly, kino we telewideniýe aktýory Idris Elba “Altyn Globus” baýragyna-da mynasyp boldy (2012). Şeýle hem, Idris özüne çekiji aktýorlygy we çuňňur duýguly täsirliligi bilen hem tanalýar. Bu filmde hem ol baş roly ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir.
Filmiň gysgaça mazmuny:
Jübükesme ogry Maýkl Meýsan günleriň birinde bir gyzyň sumkasyny ogurlaýar ýöne onuň içinde bomba bardygyny bilmänsoň ony çem gelen ýere zyňyp göýberýär. Aradan 3 minut geçmänka bolsa bomba ýarylýar. Aslynda ol bombany şol gyz başga ýerde ýarmalydy emma Maýklyň ýüz keşbi kamerada anyklanansoň, muny kän wagt geçmanka Merkezi aňtaw gullugynyň batyrgaý we ýiti wekili Şon Braýar ele salýar we sorag edýär. Soraglaryň netijesinde Maýklyň günasiniň ýoklugy anyklanýar ýone eýýäm giçdi. Sebäbi indi Maýkl we şol sumkaly gyz gizlin jenaýat guramasynyň nyşanyna öwrülýarler. Iň gynandyrýan ýerem, bombany taýýarlan jenaýatkäler – polisiýa işgärleriniň içinden çykýar.



Başga-da ajaýyp filmler kän, nesip bolsa galanyny indiki mowzuklarymda paýlaşaryn.
Internetden terjime edip taýýarlan: Aly Çaryýew


188

25

2

4

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 08.10.2024 / 15:44

+0

Turkmence tersimesini nirden alyp bolya


Täzeje
Domen  (08.10.2024 / 15:45) 

BAYOGUL, gin yerin gurrunini etyan


Premium
BAYOGUL [on] (08.10.2024 / 15:46) 

Domen, name ucin


Täzeje
Aly  (08.10.2024 / 15:48) 

BAYOGUL, bilemok

 Täzeje
 Agzamen [off]
 08.10.2024 / 15:44

+0

Hökman paýlaşgyn. Garaşýas.

3-den galanyny gördüm


Täzeje
Aly  (08.10.2024 / 15:48) 

Agzamen, nesip bolsa

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


Emeli añyn ozi terjime etyara...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
Watjik (Şugün, 07:43)

Test


Onyaly soygi galdymow,senin indi oýune getirenine kayyl bolanaklar nm icin erkeklen sacy duship callt garrayalar,sebabi eltenini iyip on bilenem...dowamy...
Erkin mowzuklar | Test
Arsi (Şugün, 05:52)

Test


Biz dűnÿă gelende hiç zatsyz geldik. ALLA műñ şűkűr işlerimiz ugruna hem gaty gowi. Nesibeli gűn bardyr őÿlenmegiñem. Esasy zat men ony tanaÿan,...dowamy...
Erkin mowzuklar | Test
@menin_dunyam (Şugün, 01:17)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


Dushunmeyani uchin zeyrenip yzygider ideg isleyan,nu olam bolanyok shon uchinem sho kishi bozuklygy mende bolya...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
rexha (Şugün, 01:11)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


1. Narsistik kişilik bozuklygy- mende bolyan yagday...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
rexha (Şugün, 01:10)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


1. Narsistik kişilik bozuklygy -- Bu bozuklykdaky kişiler partnýorynyň özüne düşünmeýänliginden zeýrenip, yzygider ideg isleýänligi we manipulýas...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
rexha (Şugün, 01:10)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


Aaýal açlykda erkek doklukda özini tanadar aýdyp geçipdirler könelerimiz. Uzak kommmentariýa ýazmagy halamok....dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
Garrybay (Şugün, 00:53)

Seniň adyň näme?(3)


meňki P...dowamy...
Erkin mowzuklar | Seniň adyň näme?(3)
Sebap (Şugün, 00:27)

Seniň adyň näme?(3)


Meñki H welin. Guramaçlylykly işleri hic gowy yoredip bilyan daldirin...dowamy...
Erkin mowzuklar | Seniň adyň näme?(3)
Pechine (Şugün, 00:18)

Seniň adyň näme?(2)


him menkide a bar...dowamy...
Umumy | Seniň adyň näme?(2)
Sebap (Düýn, 23:59)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика