Ýarhan Bally-nyňŞygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremekçi bolýanlary
Täzeje Kesxa [off] 24.10.2024 / 19:29
Gözýaşlarym güýz ýeline çalykdy,
Ötdü bir pursatlyk, ajap ýaşlygym.
Ýaňy guran gözlerim meň haýykdy,
A toý edýär meniň garyndaşlarym.
Ýaňy guran gözlerim meň haýykdy,
Ol gün toý edýärdi garyndaşlarym.
Meýlise barmazlyk düýpli aýypdy,
Barýardy hemmeler ýakyn daşlaram.
Meýlise gonara mejalyň barmy,
Mejalyň bolsa-ha, meýlisler boldy.
Şunça meýlis, şagalaňly dünýäde,
Gam-gussalar gelip dünýäme doldy.
***
Bir güýz güni gitsem nätanyş bolup,
Nätanyş otluda nätanyş ýurda.
Nätanyş ýoldaşa nätanyş garap,
Nätanyş nany iýsem,
Bişen ýat oda.
Meniň bu bolsadylam başa barmaz,
Sebäbi ol otlyny öňkü gören,
Ençe münen otlulamdan tanaryn.
Nätanyş ýoldaşym ýoldaşlyk eden,
Öz köne ýoldaşlarymdan tanaryn.
Men olary tanan otlulygyndan,
Bü dünýä şeýle kiçi nätanyşlyk ýok,
Men olary tanan adamlygyndan.
Çörek bolany üçin tanan olary,
Sebäp bu dünýä şeýle bir kiçi.
Maňa nirä gitsem nätanyşlyk ýok,
Ýat öýler ýada salar öz öýümiň,
Için.
Ynsan ynsana şeýle meňzeş,
Duýgusy, söýgüsi hemem ýigrenji.
Meň bu teoriýam çyn ýa ýalandyr,
Bilmen, ýöne meňzeş hemmäň begenji.
Bilmen teoriýam dogrumy ýalňyş?
Şondada ynanýan meňzeş hemmezat.
Türkmeniň gyzlary perizat bolsa,
Arap gyzlaryda şonça perizat.
***Galmagaly ýetik dünýä kartasy,
Galmagalyň mydam gelýär artasy.
Mekdep, Zal, Synp, hemde Mekdep partasy,
We partaň öňünde dünýä kartasy.
Partanyň başynda synpyň ýaltasy,
Bugdaýly meýdanyň ýeke arpasy.
Ýaltanyň gözü kartada mydam,
Emma kartaň weli gözü barmyka?
Gözü bolmasada bardyrla sözü,
Diňlärmika ynsan kartanyň sözün?
Diňlesen diňleme ah çekýär karta,
Ahyny diňlänok öňünde ýalta.
Howwa kartada sanardan kändir Ah!
Baryn ýazjak, galama buýrup bilsem, Wah!
***
Islenen ogul.
"Ýük ulagy sürmeli,
Daşamaly semont hek.
Uzak ýurda gatnasyn,
Ýoluna edäýse het.
Başarar şek şübhe ýok,
Öňünde durmaz hiç sed.
Oglum şofýor bolaýsa,
Menzile bor ýetde-ýet.
Ýetde-ýet diýip gezse,
Iýer ol ýaglyja et.
Dostlaryda köp bolar,
Gezmez hiç ilinden çet.
"Ýada mal-gara garap,
Köpeltse mal sürüsin.
Muňada hiç şübhe ýok,
Müner ulag,
Täzesin."
Diýip peder ezizim,
Arzuw etdi ogluna.
Guwandy ol hemişe,
Çagajygnyň dogmuna.
Emmä eziz pedermiň,
Arzuwlary oňmady.
Onuň eziz oglundan,
Şofýor, çopan bolmady.
Ýük ulagyn münmesin,
Bakmasyn gara maly.
Ol öwretjek bolanda,
Oguljyk oňarmandy.
Rul tutmagyň deregne,
Tutdy ruçka-galamy.
Telefon, kompýuteri,
Ýüküniň iň agyry.
Tüýlüje bir pişigi,
Iýmleýän ýeke maly.
Çopan taýagyda ýok,
Galamly mydam ýany.
Garaz peder ogluna,
Yhlas baryn ekipdi.
Ýarhan diýilen nadan,
Öz bilenin edipdi.
***Ýadanlaryň aýdymy.
Ýadanlar aýdym aýdýar,
Çyksyn diýip ýadyndan.
Olar şeýle ýadapdyr,
Gep-gybatdan nadyllar.
Çyksyn diýip ýadyndan,
Sazjagazam çalýarlar.
Gep-gybat dellallary,
Owazanam ozýarlar.
Olar şeýle çozýarlar,
Unutdyrýar öz adyň.
Hany bir gaýrat edip,
Keseliň gybat badyn.
***Bir elihä Kuranly,
Bir elinde Kompýuter.
Aňynda aýlansyn Mars,
Wenera hem Ýupiter.
Ýat beklesin taryhyn,
Nirden gelýãr aňyrsy?
Onu diňläp diýsinler:
"Görüp gelen ýaly şu".
"Görüp gelen ýaly" däl,
Bolsun "Bolup gelen dek".
Gaýta-gaýta arzuwym,
Taryhyna bolsun bek.
Nesip etse Allahym,
Berse ogul perzendi.
Hyzmat etsin iline,
Bolan deý ile bendi.
Garamat alsyn boýna,
Watanyň goragyny.
Ol örän mäkäm tutsun,
Ýarag hem oragyny.
Eýe çyksyn iliniň,
Ýetim-ýesirlerine.
Oýunda bolsun mydam,
Ne goýdy ertirine?
Iliniň ertirini,
Hem ýaşajak şol günün,
Alada etsin mydam,
Ýaşajyklykdan oglum.
Bahyllyk hiç etmesin,
Ýitirmesin ak ýolum!
Atasynyň arzuwyn,
Bitirsin, bolsa oglum!
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler