Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
xuliganka : Dalini adam etmesekde adamy dali eders kanka

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Oýunlar, testler we soraglar

Awtorlary kimler ?
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
 30.10.2024 / 18:54
 Kanagatly bende baýdyr soltandan

Awtorlary kimler ?

Salam hormatly saýt agzalary we myhmanlary! Saýtyň aktiwligini artdyrmak , döredijilige höweslendirmek , ýatkeşligiňizi güýçlendirmek maksady bilen bu gün "Awtorlary kimler ?" atly bäsleşigi geçirmekçi.  Bäsleşigiň şerti örän ýönekeý . Men aşakda awtoryny ýazmazdan goşgulary ýazýan we siz şol goşgularyň awtoryny biljek bolmaly. Şu goşgularyň awtorlaryny kim çalt we hemmesine dogry jogap berse , şolam bäsleşigiň ýeňijisi bolar. Goşgularyň awtoryny bilen halatyňyzda , derrew "1-nji goşgunyň awtory Plany planyýew" ýaly teswir ýazmaly. Onda kän wagt ýitirmän bäsleşigmize başladyk.

1-nji goşgy
Ýürekler joşanda döreýär aýdym,
Menem bu söýgini äleme ýaýdym,
Arkadagly ýurdum gözüňiz aýdyň,
Çar ýanym bag-bakja hem-de erkana,
Watandaşlar, bahar geldi ülkäme!

Zemin egne geýdi ýaşyl begresin,
Gelýär ony maňlaýyma degresim,
Şükür Huda aryp gözi degmesin,
Ne beýle owadan, ajap görkana,
Watandaşlar, bahar geldi ülkäme!

Özünden öň geldi mymyk howasy,
Säherleri dertleriniň dowasy,
Kabul bolup Babadaýhan dogasy,
Gözüň gidýär gül pürkülen mekana,
Watandaşlar, bahar gelýär ülkäme!

Guşlaram baglarda jagylda-jugul,
Al eliňe piliň, eý, daýhan ogul,
Galkyn, eziz toprak, täzeden dogul,
Bagt eçilmiş Hak tagala ýalkana,
Watandaşlar, bahar geldi ülkäme!


2-nji goşgy
Düýn agşam asmanyň ýüregi gysdy,
Gün birçak hoşlaşyp girdi öýüne.
Asman bolaýmaklyk ýeňil däl, bilseň,
Bagryn beribilmez ýeriň teýine .

Aý görüner çagda görünmedi.
Ol
Mürähet eýleýip, diýjekdi: "Gel, geç!".
Birdenkä çytyldy asmanyň ýüzi,
Soňam gaharlandy, gürledi elhenç.

Halysyny kakaýjakdy kalbynyň,
Töwerekde syrdaşy ýok seretse.
Arman, bilmeýärdi adamlar deýin
Aglap bilse köşeşjegin neresse.

3-nji goşgy
Bu dünýe gözime üýtgeşik ýaly
Ähli zadyñ reñki boldy gülgüne
Aşyk bolan barlykdan daş düşýämiş
Yşka düşdim bilbil boldym bir güle

Gahar atym atlanaýsa käteler
Gaýta içim ýakýa, syrly gülýäde
Ezizowyñ aýdyp geçişi ýaly
Kynçylyk ýok ejizlik bar dünýäde

4-nji goşgy
Bir sözüm bar saňa nädip aýdaýyn,
Meni şu durşuma kabul edermiň ?!
Peselýär kem-kemden gözümin nury,
Görşüm pes bolsada kabul edermiň ?!

Indi biraz pesrak görýär gözlerim,
Dogry biraz üýtgeşigräk sözlerim,
Gözlerňe bakanda meniň gözlerim,
Şowakör bolsamam söýüp bilermiň ?!

Parahat aşygyn aýdar çyndyr sözlerim,
Gowy däl kütelip barýar gözlerim,
Belki öňküm ýaly görmen yüzleriň,
Kör bolsamam meni söýüp bilermiň ?!

5-nji goşgy
Gijepisint gözleriňde azaşdym,
Süýjüpisint sözleriňe gurbanam.
Senli şu gün hem ertirler — ak pälim,
Sensiz geçen düýnler — uly armanym.

Boýuň ýaly bagt dileýän ykbaldan,
Saçyň ýaly gözel bolsun görjegiň.
Men ynanýan, sen o:t bolup çoýarsyň
Ojagyny bir lebzi päk gerçegiň.

Sesiňe ýag siňmiş, ýüregiňe nur,
Aladaňda eneleriň mähri bar.
Käte sarç keýik deý düwläberseňem,
Sen barybir mähriban!..

Ýowuzlyga sataşmawer hiç haçan,
Diňe ýagşy, gözel zatlar ýar bolsun!
Nirede bolsa-da, iru-giç saňa
Duşmak meňem nesibämde bar bolsun!

6-njy goşgy
Ýadadym men çekip,bu dünýäniň ajysyn,
Näme üçin?
Maňa düşýär kynçylyklaň barysam.
Dünki dost diýip garanym dost däl,
Ýar diýip saýlanym ýaram bolup ýör.

Ýadadym ýene-de ençeme zatdan,
Dynsam diýýän käwagt şu amanatdan,
Ýaman pelek aýlanynda öz çarhyn,
Bilmän galýan adamdan haýwanyň parhyn.

Dogry ýadatýar durmuşam meni,
Öz isleglerim diýip ýaşajak welin...
Bolonok!Bolonok ýöne,
Ýaman ykbal gozgap durla derdimi.

Ufff !Ýadatdyla bu durmuş meni
Kän şonda-da şükür etýän ýerim.
Bor-da,sen "ýaman ykbal"bolsaň,
Ýadatda geziber men dek bendäňi.

7-nji goşgy
Sen şunça öwredýäň öwütleriňden,
Men nüçin hemmesin ters edýän eje?
Bilýän meni her gün alada edýäň,
Men bolsa käwagt jaň edýän eje...

Sen meni apalap goraglap ýörkäň,
Men näme üçin senden uzakda eje.
Mähriň bilen heniz düzýämde barkaň,
Näme üçin men görmez duzakda eje?

Bilýäňmi ejemjan ýürek derdimi,
Seniň bilen bile çözesim gelýär.
Paýlaşasym gelýär şatlygym bilen,
Göwnüňe rahatlyk beresim gelýär.

Rehimsiz ýyllaryň beren gussasyn,
Ah seniň ýanyňdan kowasym gelýär.
Sessiz ýürek diýýär saňa uzakdan,
"Ejemjan men seni göresim gelýär!"

8-nji goşgy
Saçlaryňy göýbersene erkine,
Goý galgadyp geçsin garagol şemal.
Aýam seniň görküň görüp kemsiner,
Belki seň nuruňdan tapandyr kemal.

Ykbalymda açylmadyk sahypam.
Bir ýylgyrda bar gussamy ýuw perim.
Suw üstünden gözläp tapaýyn nirden?
Suw astyda syrly ýatan suwperim.

Umydyma umyt goşsun Umydym.
Bu maşgala bolsun bize baş gala.
Sözläp-sözläp asla soňlap bilmerin,
Ýürekdäki sözlerimi goşguda.

Dözmezim sen, özgelere dözmerin.
Duýgyly dünýäme geldiň görk berip.
Açyk deňiz kimin dury gözleriň,
Şol gözlerde galaryn men gark bolup.


165

19

2

3

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 Belki [off]
  Festival gibisin, katılmak istiyorum!
 30.10.2024 / 19:32

+0

Hemmesem saytdam gosgular ken oz-a.

 Täzeje
 Agzamen [off]
 30.10.2024 / 20:21

+0

Meñ goşgularymy sanawa goşmadygyñ üçin we goşgularyň arasynda "daş" barlygy üçin aýtjak däl awtorlaryny


Täzeje
Khanture00  (30.10.2024 / 20:32) 

Agzamen,

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Akylly Ýanýoldaş


netije berenoga herhili edip aýdyp görýän...dowamy...
Erkin mowzuklar | Akylly Ýanýoldaş
gizem-avjisi (Düýn, 18:53)

Adyny siz tapyñ


83lik Änewiň awtobusy...dowamy...
Degişmeler älemi | Adyny siz tapyñ
Soho (Düýn, 18:41)

Akylly Ýanýoldaş


Gapdalynda "senem şu öýde ýaşaýaň ezizim" diýip ýazmandyrmy, arassaçylyk diňe zenana baglymyka!?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Akylly Ýanýoldaş
Soho (Düýn, 18:40)

KONFERENSIYA


Konf gurnaly gowy pikir kop wagt bari gurnalanok...dowamy...
Erkin mowzuklar | KONFERENSIYA
BAYOGUL (Düýn, 17:53)

KONFERENSIYA


Iñ soñuny boş geçirmek diyip okapdyryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | KONFERENSIYA
Kerim-98 (Düýn, 17:51)

Akylly Ýanýoldaş


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Akylly Ýanýoldaş
Sebap (Düýn, 17:05)

Adyny siz tapyñ


Gowy eken sagboluň ýetireniňize...dowamy...
Degişmeler älemi | Adyny siz tapyñ
Sebap (Düýn, 13:30)

KONFERENSIYA


Hüm , bashga edmane ishin yokmy sen gyzyn. Suwjarmada yat bar yerine gecde ...dowamy...
Erkin mowzuklar | KONFERENSIYA
Domen (Düýn, 00:34)

KONFERENSIYA


Wagtyñy diñe hoş gecirmeli dal...dowamy...
Erkin mowzuklar | KONFERENSIYA
Luckyboy (17.04.2025 / 23:49)

KONFERENSIYA


Wagtyny gowy geçer yaly ediň şu gyzyň...dowamy...
Erkin mowzuklar | KONFERENSIYA
Bezzat (17.04.2025 / 22:59)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика