Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
paradox : Bir gün menden zeýrenýän zatlaryñ ählisini küýsärsiñ!

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Şeýle...
 Gytyndan
 Baron [off]
 01.11.2024 / 20:42
 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”

Göwni ahmyrlar gysanda
Ýyglabam diňip bolmaýar.
Ýürek derdini gusanda
Söz bilen ýeňip bolmaýar.

Göwnüňe dag egilende,
Düwünler has çigilende,
Duýgularňa degilende
Armanyň gömüp bolmaýar.

Ýollar çatak düşse ýagta:,
Umyt azalaýýar bagta...
(Bagtym, meni özüň agtar!
Bu halda eňip bolmaýar.)

Yşka girew goýdum jany
(Yşkym — ömrüň hany-many),
Unutdym çyndan joşmany,
Nädeýin, ýanyp bolmaýar!

“Dymjak” diýdigim däl dymşym,
“Ýitjek” diýdigim däl synşym,
Düşüniň ahyr, Laçynsyz
Hiç ýerden dömüp bolmaýar.

01.11.2024ý.


©Sapa HOMMADOW


197

19

6

8

0

0

1
Teswirler:
 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 01.11.2024 / 20:45

+1

Goşgyña gowy dos. Ÿìőne azajk bogun sanynda kemlik bar. Ony hem gőzőñinden aÿyrsañ govy


Gytyndan
Pegas  (01.11.2024 / 20:48) 

@menin_dunyam, nirinde bar kemlik?


Gerekli
@menin_dunyam  (01.11.2024 / 20:50) 

Baron, Ýollar çatak düşse ýagta:, 8
Umyt azalaýýan eken bagta...10
(Bagtym, meni özüň agtar!8
Bu halda eňip bolmaýar.)8

Gőrdñmi.


Gytyndan
Pegas  (01.11.2024 / 20:52) 

@menin_dunyam, bolýa.


Gerekli
@menin_dunyam  (01.11.2024 / 20:52) 

Baron, gaty gőrme


Öwreniji
gul  (02.11.2024 / 04:40) 

@menin_dunyam, 8 lik 10 olar name diymek boldy inni mennen basgada dusinmedik bamy


Gerekli
@menin_dunyam  (02.11.2024 / 10:21) 

gul, olar goşgudaky bogun sanlar. Şolar deñ gelmese goşgy oz manysyny hemde yazlyş taydan mazmunyn yitiryar

 Täzeje
 Agzamen [off]
 01.11.2024 / 22:15

+0

... bäh


Gytyndan
Pegas  (02.11.2024 / 02:05) 

Agzamen,?


Täzeje
 (02.11.2024 / 02:25) 

Baron, kemlik 10luk

 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 01.11.2024 / 23:26

+1

Gyzgynjagy bilen, ýaňyja bişirip gelipsiň öýdýän bu goşgyny

 Täzeje
 RozaRozilin [off]
  Taladro?...
 01.11.2024 / 23:49

+1

“Dymjak” diýdigim däl dymşym,
“Ýitjek” diýdigim däl synşym,
Düşüniň ahyr, Laçynsyz
Hiç ýerden dömüp bolmaýar...............Adam çyn ýürekden birini söýse hiç haçanam unudyp bilenok eken..,

 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 02.11.2024 / 00:04

+1

Ýürek derdini gusanda, gusmagy beýdip owadanlasaňam bor eken. Ùstùnlik!

 Öwreniji
 gul [off]
  takvimin en guzel yaprağıýdı seni gordüğüm gün...♥
 02.11.2024 / 04:45

+1

Ustinluk molimjan gaty gowy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüp


Dogamyy bar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüp
Ayjahan (Şugün, 00:24)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Imo grupbamyz bar gosgy yazmakdan yaryslar gurnayas pikir alysyas. Gosulasynyz gelse su yere idinizi yazayyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Belki (Düýn, 22:19)

KESMEÝÄN GYLYÇ


hm, başyny okamda mango myka diýdim, emma töre han münbere çykyp okap bersede boljak ekeni....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Fantom (Düýn, 19:44)

Owadan yazuw basleșik


äý, menä häzir emeli aňa çekdirýän... ))...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Fantom (Düýn, 19:01)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Berekella! anha goşgyň gowylygyny alan like bahalaň aýtýar. köpden bäri gabat gelmedim şunça like alana! üssünnikler!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Fantom (Düýn, 18:53)

Owadan yazuw basleșik


Ile menzesh yazuwmyzam yok gatnasayly diysek...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Olya (Düýn, 18:01)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Sun yazan islendik eserini okanymda dalini dinlap oturan yaly duyyan ozumi....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Belki (Düýn, 16:42)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Minnetdar ýetireniňize....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Pearl (Düýn, 16:15)

Oglanlara sorag


-GSM200- Sul ağza ynanyan dine 🙂...dowamy...
Umumy | Oglanlara sorag
Aixcam_nx (Düýn, 15:20)

Oglanlara sorag


Bar yone hich kime aytmajagmy ono soz berdim Syr ikimiziñ aramyzda öler diydim Bagyshlañ atlandyryp bilemyok...dowamy...
Umumy | Oglanlara sorag
Bayradot (Düýn, 15:08)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика