Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Sasiyona : Meniň barlygym seni gynandyryan bolsa yokluğum saňa sowgat bolsun!?

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Sen ýadyma düşdüň
 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 02.11.2024 / 10:41

Sen ýadyma düşdüñ...
Ne gözel ukymyñ böwrüni deşdiñ.
Bir ýerden damagma dykyldy kesek,
Ýetim çagajygyñ gözleri deýin,
Çäresiz kalbym.
Unudyp bolýarmy görsek, görmesek,
Kän ertirler geler şu gün ölmesek.
Ýalňyzlygym senden wepaly çykdy,
Yşkyma bürenen akja gargalar,
Gözlerim çokdy.
Üstünde gezýänñe ýer namys etse,
Gursakda göterdim, sesim çykmady.
Aýyplaryň gelip gapym jyklady,
Bakmadym...
Bazara çykaran gylyklañ gördüm,
Hatda seniñ üçin, men gözli kördüm...
Sen hakda aýdylan myş-myşlara-da,
Gulagym dykdym,
Gözlermiň görmeýän ýerlerne bukdum.
Men saña köñlümiñ köşgüni berdim,
Ejiz tarapymdan yşk bilen urduñ.
Senem söýen dälsiñ, men deý özüñi,
Her gün bir uçutdan özüm okladym,
Seni ýokladym.
Saña duşsam aýtjak sözlermiñ baryn,
Setirlemde sakladym.

© Süleýman Teķäýew


186

15

3

3

0

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 02.11.2024 / 10:58

+3

Bäh... tüweleme, molodes. ?
Tüýs ýürekden çykan täsirli şygyr. Hakyky söýgi.


Özümiziňki
Hyyalbent  (02.11.2024 / 18:48) 

Gulmahrem, Sagboluň minnetdar!

 Gytyndan
 Baron [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 02.11.2024 / 11:14

+3

Şu formany gowy görýän.

 Premium
 Belki [off]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 02.11.2024 / 14:46

+1

Bu gosgyny bilemokdym Suleyman. Gaty haladym. Berekella. Ikije yerinde orfografik yalnyslyk bar:
*Yşkyma
*myş-myşlara-da


Özümiziňki
Hyyalbent  (02.11.2024 / 18:51) 

Belki, Sagja bol minnetdar! Ýalňyşlygam düzetdim bilýäňä biraz gramatikadan ikilikçiräk men.??

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüp


Dogamyy bar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüp
Ayjahan (Şugün, 00:24)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Imo grupbamyz bar gosgy yazmakdan yaryslar gurnayas pikir alysyas. Gosulasynyz gelse su yere idinizi yazayyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Belki (Düýn, 22:19)

KESMEÝÄN GYLYÇ


hm, başyny okamda mango myka diýdim, emma töre han münbere çykyp okap bersede boljak ekeni....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Fantom (Düýn, 19:44)

Owadan yazuw basleșik


äý, menä häzir emeli aňa çekdirýän... ))...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Fantom (Düýn, 19:01)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Berekella! anha goşgyň gowylygyny alan like bahalaň aýtýar. köpden bäri gabat gelmedim şunça like alana! üssünnikler!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Fantom (Düýn, 18:53)

Owadan yazuw basleșik


Ile menzesh yazuwmyzam yok gatnasayly diysek...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Olya (Düýn, 18:01)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Sun yazan islendik eserini okanymda dalini dinlap oturan yaly duyyan ozumi....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Belki (Düýn, 16:42)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Minnetdar ýetireniňize....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Pearl (Düýn, 16:15)

Oglanlara sorag


-GSM200- Sul ağza ynanyan dine 🙂...dowamy...
Umumy | Oglanlara sorag
Aixcam_nx (Düýn, 15:20)

Oglanlara sorag


Bar yone hich kime aytmajagmy ono soz berdim Syr ikimiziñ aramyzda öler diydim Bagyshlañ atlandyryp bilemyok...dowamy...
Umumy | Oglanlara sorag
Bayradot (Düýn, 15:08)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика