Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Hekaya.GYZ SOYGUSI.
 Özümiziňki
 Jasmin [off]
 03.11.2024 / 01:00

Hekaýa. GYZ SÖŸGÜSİ. Bahar paslynyñ ajaýyp güni, dañ şemaly öwsen mahaly,
obanyñ çetindäki öýde enaýja jägildäp bäbejik dünýä indi. Bu kiçijik balajyga jan beren mähriban ene ýaş üstünden aradan çykdy. Owadan, gara gözlije gyzjagazyñ kakasy Ikinji Watançylyk urşunda gahrymanlarça wepat bolupdy. Ýetim galan bu gyza mamasy eýe çykypdy. Ol:"Hem-ä maña ýoldaş, hemem kömekçi bolar" diýdi. Bu enäniñ ýanýoldaşyny, ogullaryny Beýik Watançylyk urşy alypdy. Ýeke gelni hem geçen hepde rugsadyny alyp gidipdi. Bu gury, sessiz öýi kiçijik Zeýnepjik ala-şowhuna öwürýärdi. Günler, aýlar geçip durdy. Zeýnepjik 7 ýaşyny doldurdy. Mamasy ony oba mekdebine ýazdyryp geldi. Zeýnepjik muña gaty begenýärdi. Ol mamasynyñ gyz wagty göteren haly sumkasyna galam depderlerini salyp, mekdebe tarap ýola düşdi. Begenipjik gelýän gyzjagazyñ birden ýüzi üýtgedi. Sebäp, mekdebiñ töweregi ejesi ýa kakasy bilen gelen okuwçylardan dolydy. Ol mekdebe diñe ejeñ ýa kakañ bilen girmelidir öýtdi. Şonuñ üçin gapyñ agzynda töweregi synlap durdy. Biraz wagtdan onuñ ýanyna bir oglanjyk geldi-de:
-Sen näme üçin bärde dursuñ? Girdä-diýdi.
-Mekdebe diñe ejeñ-kakañ bilen girmeli... Meñ ejem-kakam ýok...
-Bir ýere gitdilermi? Meñ kakamam şähere işe gidýär köp wagtlap.
-Hawa, mamam hem şeý diýýär. Uzaga işlemäge gidipdirler.
Gyzjagazyñ gynanýany gören oglanjyk:
-Pampaza iýjekmi? diýip, Zeýnebe sùýji uzatdy. Zeýnepjik ýylgyrdy, Ýunus hem. Soñra mugallym gelip, olary klasa alyp gitdi.
Ýunus bilen Zeýnep bir partada otyrýardylar, mekdebe bile gidip gidýärdiler, öýe berlen ýumuşlaryny hem bile ýerine ýetirýärdiler. Zeýnep eje-kakasynyñ toýda bile düşen suratyny alyp şolar bilen gürleşerdi. Günler ,aýlar ýyldyrym çaltlygynda geçdi.Zeýnebiñ ýüreginde Ýunusa bolan düşnüksiz emma, ýakymly duýgular peýda bolup başlady. Şeýlelik bilen, Zeýnep Ýunusa aşyk bolanyny bilmän galdy. Ony günde göresi gelýärdi, gürleşesi gelýärdi. Bu hakda weli, aýdyp bilmezdi. Gaty utanardy. Diñe daşdan synlap, guwanyp gezerdi. 8-nji klas wagtlary, arakesmede Zeýnep Ýunusyñ Gülälek atly gyz klasdaşynyñ el torbasyna hatyñ salyp duranyny gördi. Zeýnebiñ ýüregine iññe sanjylan ýaly boldy. Ol derrew öz-özüni köşeşdirmäge durdy "Dosty haýyş edendirle, Gülälege gyýa göz bilen garaýan oglan köple. Ýöne, Ýunus däldirle". Öýlerine gelen badyna, aýnañ öñünde özüni synlamaga durdy. Gülälek bilen özüni deñeşdirdi. Soñam ol Gülälekden kem otyrmaýany bildi. Günlerde bir gün, gyzlar bilen birlikde Zeýnep oba toýundan gaýdyp gülşüp, degişip gelýärdiler.
Şonda ýamanja Bibi atly gyz:
-A gyz Gülälek diýýän-ä, tüweleme, senem ýigit baryny ýakyp ýörsüñ-le-diýip, jakgyldap güldi. Zeýnebiñ ýüregi bir zat syzan ýaly boldy. Bibiniñ aýdanyny gyzlar alyp göterdiler.
-Obamyzyñ ýigitleri Gülälegiñ arzuwynda. Diñe biziñ oba däl, hol gaýraky obanyñam ýigitleri Gülälek joramy gije düýşlerinde görýärler.
-Hawa, dogry aýdýañ-la gyz Leýla. Ol obadan bu oba at salyp ýörler. Agyz, Gülälek, bizede birki ýigit goý-a!- diýip gülüşdiler.
Zeýnep daşyndan gyzlaryñ gürrüñine goşulyp gülýän hem bolsa, içinden "Ýunusam Gülälege aşykmyka? Ýok däldir-le" diýse-de, aradaky hatly wakany ýadyna saldy. Edil Zeýnebiñ pikrini okan ýaly, Bibi:
-Kim näçe at salyp ýörse-de, Ýunusça bolup bilmez-le. Ana, hak aşyk. Gülälek ýüregiñi Ýunus ýaly ýigide berip bilseñ, armanyñ galmaz.
Gülälek utanyp, zordan "Boldy etseñizläñ, gyzlar! Oýnuñ çaky ýagşy" diýdi. Zeýnep Ýunusyñ adyny eşidenden bäri, asman-zemin gapyşana döndi. Geplese, aglajakdy. Ýüzi üýtgäpdi. Intägem howanyñ garañky bolany sebäpli, gyzlar ony görmediler.
Leýla birden:
-Gyzlar, gurt agzasañ, gurt geler diýleni. Serediñ, yzymyzdan Ýunus gelýän ýaly-la.
-Hawa, Ýunus. Gülälegi idäp ýörendir- diýip, Bibi tassyklady. Zeýnep yzyna bakmak islemedi. Bibi çatrykda gyzlar bilen hoşlaşyp, öýüne sowuldy. Soñam Zeýnep sowulmalydy. Olam gyzlar bilen hoşlaşan ýaly etse-de, uzaga gitmän bagyñ aşagynda, Ýunusyñ geçerine garaşyp durdy. Ýunus jan alyjy bakyşy bilen geçip gidende, Zeýnep oña bildirmän yzyna düşdi.
Ol hakykatdanam, Ýunusyñ Gülälegi halaýamy ýa ýok şony bilesi gelýärdi. Ana-da, Leýli öýlerine girip gitdi. Köçäniñ ugrunda Gülälek, Ýunus, Zeýnep durdy. Gülälek öýlerine girmän, göni çeşmä tarap ýöredi. Ýunusam şonuñ ugry bilen gitdi. Zeýnebem olardan galmaýardy. Çeşmäniñ boýundaky bagyñ aşagynda iki juwan duşuşdylar. Aýly gije olara hemrady. Ýunus:
-Gülälegim, men indiki hepde gulluga gitmeli.- biraz dymyp, gyzyñ näzik barmaklaryndan tutup:
-Sen maña garaşarmyñ?- diýip sorady.
-Saña garaşaryn- diýip, gyz utanyp añrysyna bakdy.
-Nesip bolsa, iki ýyldan gelerin. Soñam obany haýran edip, toý tutarys. Sen-ä mährilije eje, menem daýaw kaka bolaryn...
Zeýnep yzyny eşitmedi. Göz ýaşyny saklap bilmedi. Bukulyp ýatan ýerinden, ýuwaşlyk çykjak boldy. Bolmady, ysgyny ýokdy. Sessizje aglaýardy. Her näçe kyn hem bolsa, ýerinde galyp, öýlerine tarap ylgap gitdi. Gelibem, mamasyna bildirmän, öz otagyna geçip aglady. Ejesiniñ suratyny alyp, oña ýüregini dökdi:
"Ejejan, ýeke-täk syrdaşym sensiñ,
Ýürek syrym senden özge kime aýdaýyn.
Ejejan, diñle meniñ ýykyldy dünýäm,
Özge bilen gördüm men söýýän ýigdimi,
Näçe gündür hiç otyryp karar tapamok,
Göýä dem almaga howa ýetenok.
Ýöne, men ol ýigidi günäkärlamok.
Ol meniñ söýýänimi bilenok,
Ýöne näme üçin?, näme üçin ?
Muny onuñ özi duýanok....
"Men seni söýýän ,men seni söýýän!"
Ýöne her gezek içimden diýýän,
Muny oña aýtmaga dilim baranok,
Muña gyzlyk ejabym rugsat berenok..." diýip, ejesine ýürek heserini aýtdy.
Ýunusyñ gulluga ugran güni, Zeýnep oña garaşjakdygyny öz-özüne söz berdi. Ol soñunda bolmajagyny bilýärdi, ýöne şonda-da umyt baglaýardy. Ol ony unutmak islemeýärdi... Zeýnep Ýunus hakda Gülälekden, ýa Ýunusyñ jigilerinden eşiderdi. Onuñ sag-aman gulluk edip, ýöreni eşitmek oña ýeterlikdi. Zeýnep ol hakda eşiden güni al-asmana uçardy. Özüni bagtly saýardy. Kämahal Güläleklere baranda, ondan gelen hatlary okardy. Şonda hatdaky ýazylan sözleri özüne aýdylan dek bolardy. Ýunusyñ gulluk edip ýörenine 8 aý bolanda, agyr kesele uçrady. Bu habary eşiden Zeýnep hamala özi keselhanada agyr ýagdaýda ýatana döndi. Her gije onuñ sagalmagyny Alladan dileg etdi. Eli ýeñil lukmanlar, Ýunusy çalt aýaga galdyrdylar. Ýigidiñ sagalanyny eşiden, Zeýnebiñ ýüregine ynjalyk geldi. Şeýle günleriñ birinde, Zeýnep pagta ýygmynda gelýärkä, ýolda Bibä sataşdy. Sag-amanlykdan soñ, Bibi:
-Zeýnep, bahym ümä üýşýändiris. Çykjak gyzyñ bukjasyna kömek etmelisiñ, sen tüweleme el-işine gaty ökde.
-Gowdugyny, obamyzda toý boljakda. Nähili kömek bermeli bolsa, men bar. Ýogsa-da, çykjak gyz kim? Sen özüñä dälsiñ?
- Ýokla, gyz men däl. Bize entäk ýaş bolýas. Obamyzyñ iñ owadan güli Gülälek çykýar- diýdi. Zeýnep üstünden gaýnag suw guýlana döndi.
- O nähili Gülälek?! Ol Ýunusa garaşýardy...- diýip aýdanda, sesi sandyrap çykdy.
- Hawa, ýöne ene-atasyna garşy çykyp bilmezä. Ýunusam düşünerle- diýdi. Zeýnebiñ başy dumanlydy. Näme aýdyp, näme goýanyny bilmedi. Tä Gülälegiñ toýy sowulýança özi däl ýaly bolup gezdi...


51

15

4

2

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 @menin_dunyam [off]
  Ak ÿűrekli, gara geÿinen derwűş men
 03.11.2024 / 01:04

+0

Gaty gowy hekaÿa. Awtory kimkă


Özümiziňki
Jasmin  (03.11.2024 / 11:54) 

@menin_dunyam, Hasan meredow

 Täzeje
 Domen [off]
  hmmm..........
 03.11.2024 / 02:34

+0

ozun yazdynmy?


Özümiziňki
Jasmin  (03.11.2024 / 11:55) 

Domen, yok

 Premium
 Belki [off]
  Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!
 03.11.2024 / 07:08

+0

Yzyny iymedik bolsan goy-a


Özümiziňki
Jasmin  (03.11.2024 / 11:55) 

Belki, bolia

 Öwreniji
 gul [off]
  takvimin en guzel yaprağıýdı seni gordüğüm gün...♥
 03.11.2024 / 11:20

+0

Jasmin senem aglatyanmy guldiryanmi belli dal yzy bamy mun ba bolsa goyay derrew gaty haladym


Özümiziňki
Jasmin  (03.11.2024 / 11:55) 

gul, : yzyny tapsam goyayarn

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

***********


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | ***********
@menin_dunyam (Şugün, 13:40)

***********


Kaýyl däl men "telefondaky sen"-e......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | ***********
Машарипова (Şugün, 12:43)

Durmuş saña hossar däl...


Tuweleme dowam edin...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Durmuş saña hossar däl...
Akademik3 (Şugün, 07:17)

Ine, bar bolany, soňlandy film. El çarpyşma hantama däl ikimiz.


Dorediber kamilesersin mqlades gidisin gowy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ine, bar bolany, soňlandy film. El çarpyşma hantama däl ikimiz.
Akademik3 (Şugün, 07:16)

Ine, bar bolany, soňlandy film. El çarpyşma hantama däl ikimiz.


Bir parça sahna görülen ýaly. Haýran şu şahyryň goşgularyna. Sag boluň ýetireniňize....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ine, bar bolany, soňlandy film. El çarpyşma hantama däl ikimiz.
Gulmahrem (Şugün, 00:24)

Bolÿar, hoş


Täsirli hem kämil goşgulary bar şahyryň. Täze goşgularyndanam ýetiräýiň....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bolÿar, hoş
Gulmahrem (Şugün, 00:10)

Durmuş saña hossar däl...


Gaty gowy goşgy bolupdyr.. "Tüweleme!" diýendirin içimden ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Durmuş saña hossar däl...
Gulmahrem (Şugün, 00:06)

Durmuş saña hossar däl...


Halkylaşyp görölü hany wizem ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Durmuş saña hossar däl...
Agzamen (Düýn, 23:16)

Bolÿar, hoş


Mlds onarypsyn...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bolÿar, hoş
BAYOGUL (Düýn, 22:53)

Bolÿar, hoş


Okamadyk agzalarmyz űçin tăzeden goÿmagy makul bildim...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bolÿar, hoş
@menin_dunyam (Düýn, 22:50)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика