Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : Gawanmana diňe wepalylar haklydyr...!
BAGYŞLA, BIZI!
Özümiziňki Gulmahrem [off] 03.11.2024 / 13:08
Ömür ykbalymyz beren eý,Taňrym!
Döwür çaglarymyz beren eý, Taňrym!
Senden bidin bir iş bolmaz ynanýan,
Hata eden bolsak, bagyşla bizi!
Gadryny bilmän, ömür-öwran, çagyň,
Parhyny bilmän döwür-döwran şanyň,
Erkimiz aldyryp, bu pany dünýä,
Hata eden bolsak, bagyşla bizi!
Bereniňe şükür etmän hars urýas,
Edeniňe pikir etmän ýer depýäs,
Göwün-kalbda kanagaty ýitirip,
Hata eden bolsak, bagyşla bizi!
Öz-özümiz aldap, ynam-yhlasda,
Öz göwnümiz aklap, ynsap-wyždanda,
Iman hakyň munda saýlap seljermän,
Hata eden bolsak, bagyşla bizi!
Aňymyzda müň bir ünji-güman bar,
Kalbymyzda müň bir düwün-duman bar,
Dini-imanyňda, haýyr-yhsanda,
Hata eden bolsak, bagyşla bizi!
Şandan göçüp, at-abraýa guwanýas,
Çagdan göçüp, şan-şöhrada buýsanýas,
Inkär edip kysmat kyýamatyňy,
Hata eden bolsak, bagyşla bizi!
Atanyýaz Orunow
Teswirler:
Özümiziňki Jasmin [off] 03.11.2024 / 14:17+1
mlds gowy gosgy
Gerekli @menin_dunyam [off] Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM 03.11.2024 / 16:00+1
ÿetirip dur
Soňky teswirler
KESMEÝÄN GYLYÇ
hm, başyny okamda mango myka diýdim, emma töre han münbere çykyp okap bersede boljak ekeni....
dowamy...Oglanlara sorag
Bar yone hich kime aytmajagmy ono soz berdim
Syr ikimiziñ aramyzda öler diydim
Bagyshlañ atlandyryp bilemyok...
dowamy...
Ýokaryk