Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
paradox : Ynsany beden taýdan operassiýa etmek üçin uklatmak gerek, ruhy taýdan operassiýa etmek üçin bolsa oýandyrmak.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

"Hoşlaşyk sözüni aýtman gaýtdym" (Agyr goşgy söýgiden ýananlar okamaň
 Täzeje
 KonulYoly [off]
 04.11.2024 / 10:59

Hoşlaşyk sözüni aýtman gaýtdym,
Söz nämä gerekmiş aýrylmak üçin?
Aslynda söz ulanylýar bialaç,
Düşnüşip bolmasa aýdylmak üçin.

Bar hakykat aýna ýaly gözlerden,
Düşüp durka ýüreklere serpilip.
Agramy diller däl gabaklar çekýär,
Düşer bar dert myźźyk bolan kirpige.

Hoşlaşyk sözüni aýtman gaýtdym,
Bolardy bolmanda diýemde -Hoş gal!
Ýöne, biz bar zada gözden başlapdyk,
Başlapdyk bu yşga dilleri goşman.

Söz artykmaç bu çak dymmak teselli,
Ömürlik geçmişde galanyň üçin...
Hoşlaşyk sözüni aýtman gaýtdym,
Sözsüzem bar zady aňanyň üçin...

Ýyllar geçer galňar geçmiş ýumagy,
Gürrüň üýşer bir-birege aýdara.
Ykbal işi ýolda-yzda sataşsak,
Bilýän, bir söz diýmän aglap gaýdarys.

Owadan söz bilen hoşlaşylmaýar,
Gülkünç bagt dilemek galdyryp gamda.
Men saňa bir sözem aýtman gaýtdym,
Emma, sen bar zady düşündiň şonda...

Awtorny bilmedim bilýäniñiz bolsa teswirlerde ýazyň!


236

26

9

10

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 04.11.2024 / 11:31

+1

Gowy goşgy Awtory Aýgül Garaýewa ýetirenler sagbolsun!


Premium
Belki  (04.11.2024 / 13:22) 

Hyyalbent, Aşyr Hanow awtory


Özümiziňki
Hyyalbent  (04.11.2024 / 14:42) 

Belki, Men ýalňyşyarmykam ýa anyklap ýazaryn hazir


Özümiziňki
Hyyalbent  (04.11.2024 / 14:56) 

Belki, Hawwa Belki sen dogry aýtýan ekeniň men ýalňyşypdyryn Aşyr Hanyň "Ýör deňze gideli " diyen kitabynda bar eken. Ýatladanňyz üçin minnetdar!


Täzeje
Serdaramanowic  (04.11.2024 / 23:25) 

Aygül Garayewa has çunnur yazyara

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 04.11.2024 / 14:03

+1

Mena gawat gelmedm bu gosga. Haysysy awtory. Gaty gowy. Yetirp durun

 Öwreniji
 gul [off]
  takvimin en guzel yaprağıýdı seni gordüğüm gün...♥
 04.11.2024 / 16:14

+1

Damagym doldy gaty gowy gosgy yetirip durun

 Gerekli
 I_miss_you [off]
  Sylag hemme kişä,söýgi laýyk bolana!!!
 04.11.2024 / 17:31

+1

Gowy goşgy

 Premium
 Power [3m]
  Şörtjigedemä bir zat ýazmaly özä
 04.11.2024 / 18:50

+1

Şul okanlar söýgüden ýanmandyrlar


Premium
Belki  (04.11.2024 / 19:57) 

Power, men-a yandym-da son yene sonaydim ?


Özümiziňki
Jasmin  (04.11.2024 / 23:16) 

Power, sen yanmadynmy


Premium
Power  (07.11.2024 / 07:00) 

Belki,


Premium
Power  (07.11.2024 / 07:02) 

Jasmin, ugrynda köýdim ýanywam ýetişmedim göni geçip gitdim köýüklige


Premium
Power  (07.11.2024 / 07:05) 

Jasmin, ugrynda köýdim ýanywam ýetişmedim göni geçip gitdim köýüklige

 Täzeje
 Soho [off]
 04.11.2024 / 22:02

+1

Goçmyrat gowy okaýar şu goşgyny

 Özümiziňki
 Jasmin [off]
 04.11.2024 / 23:17

+1

??

 Gytyndan
 Baron [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 05.11.2024 / 20:24

+2

Aşyr zordur.

 Täzeje
 Gadayly [off]
  Sôyúl yóne sóyme aglama aglat!
 06.11.2024 / 03:04

+1

soyguden yanyp sonup garit bolanlar okamaberin

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň öýüm Daşoguzda...


Imo grupbamyz bar gosgy yazmakdan yaryslar gurnayas pikir alysyas. Gosulasynyz gelse su yere idinizi yazayyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Belki (Şugün, 22:19)

KESMEÝÄN GYLYÇ


hm, başyny okamda mango myka diýdim, emma töre han münbere çykyp okap bersede boljak ekeni....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Fantom (Şugün, 19:44)

Owadan yazuw basleșik


äý, menä häzir emeli aňa çekdirýän... ))...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Fantom (Şugün, 19:01)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Berekella! anha goşgyň gowylygyny alan like bahalaň aýtýar. köpden bäri gabat gelmedim şunça like alana! üssünnikler!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Fantom (Şugün, 18:53)

Owadan yazuw basleșik


Ile menzesh yazuwmyzam yok gatnasayly diysek...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Olya (Şugün, 18:01)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Sun yazan islendik eserini okanymda dalini dinlap oturan yaly duyyan ozumi....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Belki (Şugün, 16:42)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Minnetdar ýetireniňize....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Pearl (Şugün, 16:15)

Oglanlara sorag


-GSM200- Sul ağza ynanyan dine 🙂...dowamy...
Umumy | Oglanlara sorag
Aixcam_nx (Şugün, 15:20)

Oglanlara sorag


Bar yone hich kime aytmajagmy ono soz berdim Syr ikimiziñ aramyzda öler diydim Bagyshlañ atlandyryp bilemyok...dowamy...
Umumy | Oglanlara sorag
Bayradot (Şugün, 15:08)

Owadan yazuw basleșik


basmaça my ýa ýazmaça tapawudy ýokmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Boniya (Şugün, 13:33)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика