Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : Bir gün şeýle bir gapylar açylar, sen ýapylanyna göz ýaş döken gapylaryň ýapylandygy üçin Allaha şükürler edersiň!

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Lal gyza
 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 04.11.2024 / 11:58

Ümsümlige tussag edilen bilbil,
Saýramany oñýar çäresizlikden.
Sözlerniñ şekilin çekýär elleri,
Derdini añladýar sessiz sözlükde.

Taýýarlyksyz, bu synaga girsede,
Doglup, zulmat içre gözlerin açyp.
Käte ýakyn-ýady ondan irsede,
Nätsin, ýazgydyny almandy seçip.

Dodagyñdan okap bilýär diýýäniñ,
Añýar ol, köpleriñ üstünden gülşün.
Hemmä, synagdygny goja dünýäniñ,
Kakabaş jahyllar, nireden bilsin.

Gursagnyñ göwheri görünmez göze,
Ýalñyzlyk, köýnegniñ etegin ezýär.
Dünýä sorag bilen seredýän ýüze,
Näbelli ýylgyrşy nur çaýyp gezýär.

Sözleşmek, eşitmek ýönekeýje zat,
Bize, sagbolsuna berilen ýaly.
Seniñ üçin bolsa, bar zatdan zyýat,
Gursakda garramaz arzuw mysaly.

Köp zatlardan mahrum edipdir ykbal,
Gaýgy-gussañ gözleriñde jemlenen.
Señ kalbyñ gürleýär, meñ bolsa dilim,
Näler, dertleşesim gelýär señ bilen.
Hasratyñ aýtmaga, wah ýüregim lal.

© Süleýman TEKÄÝEW


197

17

5

7

0

0

0
Teswirler:
 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 04.11.2024 / 14:05

+2

Gaty gowy. Galamyn yiti bolsun

 Özümiziňki
 Diamante [off]
  Sessizliğim çığlığımın terbiyelisi...
 04.11.2024 / 14:34

+1

yetirip duruň gowy goşgy

 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 04.11.2024 / 15:04

+2

Sözlerniñ şekilin çekýär elleri,
Derdini añladýar sessiz sözlükde.. ?

 Premium
 Orazjan [off]
  Biz naparsak yapalim. onlar herzaman birşey derler
 04.11.2024 / 15:34

+1

Gowy görüp okadym ?


Özümiziňki
Hyyalbent  (04.11.2024 / 18:15) 

Orazjan, Sagboluň wagt tapyp okaýanyňyza hemmäňizden minnetdar!


Öwreniji
Hanogul  (04.11.2024 / 19:26) 

Hyyalbent, sular yaly gowy goshgyny okamjk bolsa goz nm gere

 Özümiziňki
 Jasmin [off]
 04.11.2024 / 23:20

+1

haladm

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

KESMEÝÄN GYLYÇ


hm, başyny okamda mango myka diýdim, emma töre han münbere çykyp okap bersede boljak ekeni....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Fantom (Şugün, 19:44)

Owadan yazuw basleșik


äý, menä häzir emeli aňa çekdirýän... ))...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Fantom (Şugün, 19:01)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Berekella! anha goşgyň gowylygyny alan like bahalaň aýtýar. köpden bäri gabat gelmedim şunça like alana! üssünnikler!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Fantom (Şugün, 18:53)

Owadan yazuw basleșik


Ile menzesh yazuwmyzam yok gatnasayly diysek...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Olya (Şugün, 18:01)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Sun yazan islendik eserini okanymda dalini dinlap oturan yaly duyyan ozumi....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Belki (Şugün, 16:42)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Minnetdar ýetireniňize....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Pearl (Şugün, 16:15)

Oglanlara sorag


-GSM200- Sul ağza ynanyan dine 🙂...dowamy...
Umumy | Oglanlara sorag
Aixcam_nx (Şugün, 15:20)

Oglanlara sorag


Bar yone hich kime aytmajagmy ono soz berdim Syr ikimiziñ aramyzda öler diydim Bagyshlañ atlandyryp bilemyok...dowamy...
Umumy | Oglanlara sorag
Bayradot (Şugün, 15:08)

Owadan yazuw basleșik


basmaça my ýa ýazmaça tapawudy ýokmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Boniya (Şugün, 13:33)

Ýanymda otyr..


Mlds.Gowy goşgy ekeni.Like...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Sasiyona (Şugün, 13:24)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика