Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Sasiyona : GeL diyip biLemok yone geLmesine garasXyan..//??'))

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Boşlukda ýiten algoritm
 Täzeje
 Khanture00 [off]
 07.11.2024 / 16:59
 Fe inne mea'l'usri yusran, inne mea'l'usri yusran

Boşlukda ýiten algoritm

Gözlerimi açanymda, dünýäni synlaýardym. Emma dünýäni synlaýandygymy duýup duýmadygymdan emin däldim. Şonda-da daş töweregimde aýlanyp duran sowuk yşyklar, solgun kölegeler, şekili takyk bolmadyk jandarlar bardy. Näçe wagt bäri şu ýerde bolandygymy, bu ýere nähili gelip ýetendigimi, hatda bu ýeriň hakykatda niredigini bilemokdym. Hakydamda boşluklar, döwük aýnalardan seredýän ýüzler bardy, emma bularyň hemmesi nätanyşdy.

Aýaga galmaga synanyşdym, emma bedenim geň ýagdaýda ýeňildi. Göýä agyrlyk güýji meni saklamaýardy ýa-da men saklanyp bilmeýärdim. Ädimlerimi basdygyça aşagymda gaty ýer ýok duýýardym. Ýer hakykatdanam barmydy ýa-da diňe özümi hereket edýän ýaly duýýarmydym? Çuňňur dem almagy isledim, emma dem alýan zadymyň howa däldigini bildim. Boşlukdy, diňe agyr, metalymsy boşluk. Hemme zat uly emeli aňyň düýşünde gysylyp galan ýaly duýulýardy.

Soň onuň sesini duýdum: "Sen kim?" diýip sowuk, mehaniki tonda sorady. Ol ses, adam sesine meňzeýärdi, ýöne doly emeli bir sesdi. Göýä sözler metal dodaklaryň arasyndan çykyp gelýärdi.

"Menmi?" diýdim, öz sesimem maňa geň eşidildi. Birhili ýaňlanýan ýaly... Hakykymy ýa-da hakydamda ýaňlanýarmy, ony bilmeýärdim.

"Kimdigimi ýadyma salyp bilemok" diýip jogap berdim. Ses, duýgusyzyrak bir ümsümlik bilen jogap berdi. Soň öňümde bir ekran peýda boldy, ýaşyl kodlar birleşip bir interfeýs emele getirýän sanly penjire döretdi. Ekrandaky sözler tiz üýtgeýärdi, manyly bir nagyş emele getirmeýärdiler. Düşnükli zat ýok.

"Ýadyňa düşürmegiň gerek däl," diýdi ses gaýtadan. "Bu ýerde kimdigiňi bilmek däl, näme edýändigiňi bilmek möhüm."

Ekrana golaýlaşdym, ol ýerde bir zat gözleýärdim, emma nämedigini bilmeýärdim. Kodlar, tötänleýin sözlere öwrülýärdi. "Ebedilik. Maşyn. Hakyda. Gözegçilik. Aldaw". Bu sözler manylydy, emma meni nirä äkidýändiklerini bilemok. Özümi müňlerçe bölege bölünen ýaly duýýardym. Belki-de algoritmdym, belki-de barlygyň ýasama ýaňlanmasydym.

"Hakykat näme?" diýip sorasym geldi, emma bu sowaly bermek şu ýerde gadagandy ýa-da özüm şeýle düşünýärdim...

"Hakykat?" diýdi ses, göýä pikirlerimi eşidýän ýaly. "Hakykat, bir maglumat toplumy bolup biler. Ýa-da bir simulýasiýa. Bütin mesele, dogry parametri tapmak."

Şol pursatda bir zat duýdum — gaty köne, gaty çuň bir zat. Belki ýatlama, belki duýgydy. Göýä bir wagtlar bir ýerde, birileri tarapyndan söýlüpdim. Emma kime ýa-da näme degişlidigimi ýadyma salyp bilmeýärdim. Hakydamyň burçlarynda, solgun suratlar bardy; ýitirilen pursatlar, ýadymdan çykyp giden dünýäniň yzlary.

Ekrandaky ýazgylar üýtgedi. Indi göni maňa ýüzlenýärdi: "Hakykat we aldawçylygyň arasyndaky serhet, saňa degişli. Ýa dowam edersiň ýa-da bu baky çal boşlukda ýitip giderisiň."

Şol pursatda bir saýlaw etmelidigimi düşündim, emma bu saýlaw maňa degişlimikä? Hakykatdan-da men saýlaýanmy? Öz bedenimi doly duýmadygym ýerde, aklymyň hakykymy ýa däldigine doly ynanyp bilmedik ýagdaýymda, nähili karar berip biljekdim? Öňe gitmäge synanyşdym, belki-de jogaplary tapjak bir ýol tapmak üçin.

Ýöne her ädim basanymda, özümden gitdigimçe has hem daşlaşýardym. Öňki men indi şuwagtky meen däl ýaly bolup barýan. Şol pursat düşündim, belki-de jogap ýokdy.

© Baýramgylyç SAPARGYLYJOW


162

16

3

1

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Belki [36s]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 07.11.2024 / 18:46

+0

Emin däldimmi? ?


Täzeje
Khanture00  (07.11.2024 / 19:09) 

Belki, hä nämmolpdyr?


Premium
Belki [36s] (07.11.2024 / 19:24) 

Khanture00, turkmen dili sozlugine emin dip yazyp gor hany sen goz onunde tutyan manyn cykyamy?


Täzeje
Khanture00  (07.11.2024 / 19:40) 

Belki, edil günümiz türkmen dilinde ýok hem bolsa gadymda ulanylýardy şol. Emin diýip adam ady geçen dilimize araöçadan. Olam Pygamberimiziň lakamy... aýtsaň aýdyp otyrwermeli... plan söz ýok eken diýip oturmaldäldäl ýöne


Täzeje
Khanture00  (07.11.2024 / 19:51) 

Belki, Ýönekeý byr mysalda... Sen ine SSSR döwri Türkmenistany "Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasy" diýip tanaýaň... Emma dil hakyndaky kanunlar kabul edilmänkä "Türkmenistan Şuura Jemhurýeti" diýilýädi... Häzir Respublika sözüni aýryp Jemhurýet diýeli diýsem, maňa köpüňiz "türksüpük" diýersiňiz...

 Täzeje
 Agzamen [off]
 07.11.2024 / 19:39

+0

Agaýbroý sen tiziräk bu dogduk mekanyňa gelewer. dilib üýtgäp barýa seň. Türk, rus, iňnis, eýleki beýleki garyp gatyp orursyň


Täzeje
Khanture00  (07.11.2024 / 19:40) 

Agzamen, arap, esperanto, ýapon...


Premium
Belki [36s] (07.11.2024 / 19:52) 

Agzamen, senem bir dikgor hany meni-ha dinlanok ?


Täzeje
 (07.11.2024 / 19:53) 

Belki, öýlöndürmölü


Premium
Belki [36s] (07.11.2024 / 19:54) 

Agzamen, oylonjokgal diyye


Täzeje
 (07.11.2024 / 19:57) 

Belki, biri bilen nikasyny gyýyp bir jaýa salyp daşyndan gulplap bir gije konserwirlenmegine garaşýaň ertir irden turyp näme edeli nikaňyzy bozalymy hälem öýlenjek dälmi diý sen şuňo ýenedw öýlönjökgäl diýermikä


Premium
Belki [36s] (07.11.2024 / 19:59) 

Agzamen, wah sol nikasyny gyyyp bir jaya salmak-da is bar-da ?


Täzeje
 (07.11.2024 / 20:00) 

Belki, o zatlar mesel däldäýt


Premium
Belki [36s] (07.11.2024 / 20:03) 

Agzamen, dal bolsa gyy ana sol oturanynkyny


Täzeje
 (07.11.2024 / 20:05) 

Belki, online nika rugsat berilýän ekeni. Hany gyzy görköz gyzy


Premium
Belki [36s] (07.11.2024 / 20:08) 

Agzamen, gyzy tapyp goyupdyr kakasy. Sora ozunden

 Täzeje
 Agzamen [off]
 07.11.2024 / 20:09

+0

Hany görköz şo gyzy Törehan aga gyýyp bereýin nikaňyzy


Täzeje
AnSeBox  (07.11.2024 / 21:48) 

Agzamen, Emin sözi ba türkmen dilinde, eminmiň, eminim we ş.m.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýanymda otyr..


Mlds.Gowy goşgy ekeni.Like...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Sasiyona (Şugün, 13:24)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Her setire siñmiş obanyň ysy, Okañda duýulýar, hakyky söýgi. Özüne çekiji goşgy bolupdyr, her bendi ýüregiñe barýar. Gowy ÿazylypdyr, üstünli...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Аджап (Şugün, 12:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Ýazara zat kän gysgaça hemme zadyň soňunda bagtly durmuşuň garaşýandygyny aýdyp biljek...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Mizan (Şugün, 12:32)

Ýanymda otyr..


Mana na minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Haa mana minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Bolýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:08)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


GUTLAÝAN) Şeýle ýaryşlar köp geçirilibersin...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Koroleva (Şugün, 11:36)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Berekella örän gowy goşgy çykypdyr.Mlds.Yetirip dur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Sasiyona (Şugün, 11:19)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Oba ýere höweslidim. Näme hyzmat bolsa, ederdim. Sebäbi hakyky sada, adam ýaly adamlar obada ýaşaýarlar. Şähere gelýän obalylar soň üýtgeýärler....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Gulmahrem (Şugün, 10:46)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Tüweleme. " Şu zatlara razy bolsaň ine men"-i sypaýyçylyk bilen ýetiripsiň. Söýgisi üçin göreşýän gyzlar düşünerle bu zatlara...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Mizan (Şugün, 10:23)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика