Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Bolmanda men hakda gürlärsiñ özüñ hakda gürleseñ diñlejek ýok ??

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Saňa...
 Gytyndan
 Baron [off]
 08.11.2024 / 13:25
 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”

Meni gapyl basdy hijran sülsady,
Ters aýlandym akymyna durmuşyň.
Göwnümi kül tutdy (öňler gül bardy),
Öz-özümi heläk etdi urnuşym.

Düşnüksiz o:ýlara doldy gözlerim,
Howurly ýürege birden gar gaçdy.
Aýralykdan sagynanym — dözmezim,
Etdiň meni ykbal bilen darkaşly.

06.11.2024ý.


©Sapa HOMMADOW


162

20

5

7

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Mizan [4m]
 08.11.2024 / 13:38

+2

Sagynmak türkmen sözümi?
Sülsady näme bolýar manysy?


Gytyndan
Pegas  (08.11.2024 / 13:45) 

Mizan,
Sagynmak - ýaýdanjyrap bir zada ýa-da birine garaşmak, haýal etmek, ýaýdanmak.
Sülsat - Könelişen söz. Goşun, goşuna gerekli ok-ýarag, iýmit.

Ikisem türkmen sözleri.


Täzeje
Gadayly  (08.11.2024 / 14:31) 

Mizan, Sag sagynyanca dali ogluny iki oyerer diyen nakylda aydylsy yaly Àwmek diyen manyny beryan yerem bar

 Öwreniji
 gul [off]
  takvimin en guzel yaprağıýdı seni gordüğüm gün...♥
 08.11.2024 / 14:11

+1

Meni gapyl basdy hijran sülsady,

Manysyna dusinmedimda su setirin


Täzeje
Gadayly  (08.11.2024 / 14:33) 

gul, Hijran ayralyk diyen manyny berya


Öwreniji
gul  (08.11.2024 / 14:34) 

Gadayly, gapyl bln sulsady name onda?


Gytyndan
Pegas  (08.11.2024 / 15:38) 

gul, "Meň üstümi aýralyk goşuny duýdansyz basdy" diýmek.

 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 08.11.2024 / 15:35

+1

Bir uýamyň aýdyşy ýaly "Käbir şahyrlarlaryň goşgulary suwa monjuk atylan ýaly. Manysyna düşünjek bolsaň, suwa çümmeli" Dogry aýdýan eken. Siziňem käbir goşgularyňyz şoňa degişli

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 08.11.2024 / 17:35

+1

Ustinlik hemran bolsun

 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 08.11.2024 / 18:36

+1

Gowy goşgy çykypdyr, ýöne näme üçindir goşgyny jemlenmedik ýene yzy ýazylmaly ýaly ğördüm, belki meň göwnüme şeýle duýulandyr. Üstünlik!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


basmaça my ýa ýazmaça tapawudy ýokmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Boniya (Şugün, 13:33)

Ýanymda otyr..


Mlds.Gowy goşgy ekeni.Like...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Sasiyona (Şugün, 13:24)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Her setire siñmiş obanyň ysy, Okañda duýulýar, hakyky söýgi. Özüne çekiji goşgy bolupdyr, her bendi ýüregiñe barýar. Gowy ÿazylypdyr, üstünli...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Аджап (Şugün, 12:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Ýazara zat kän gysgaça hemme zadyň soňunda bagtly durmuşuň garaşýandygyny aýdyp biljek...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Mizan (Şugün, 12:32)

Ýanymda otyr..


Mana na minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Haa mana minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Bolýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:08)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


GUTLAÝAN) Şeýle ýaryşlar köp geçirilibersin...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Koroleva (Şugün, 11:36)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Berekella örän gowy goşgy çykypdyr.Mlds.Yetirip dur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Sasiyona (Şugün, 11:19)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Oba ýere höweslidim. Näme hyzmat bolsa, ederdim. Sebäbi hakyky sada, adam ýaly adamlar obada ýaşaýarlar. Şähere gelýän obalylar soň üýtgeýärler....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Gulmahrem (Şugün, 10:46)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика