Ýürekdeş sözler!
Dunyodagi : Kyn bolsada söý.....emma,söýmese gynama
Garry eneme
Özümiziňki Hyyalbent [off] 10.11.2024 / 14:10
Geçmişiñ beýnisi, ýatyr gum bolup,
Ömrümiz meñzeýä balyk huşuna.
Seniñ halaýanja gülleriñ alyp,
Garry enem, geldim ýene gaşyña.
Täze öýüñ, biraz kiçi görünýär,
Portret içinden dursuñ ýylgyryp
Belki meni syn edýänsiñ, görünmän,
Ýollaryma garaýansyñ delmuryp.
Ertekileñ ýaly, däl eken durmuş,
Ýa men, ahyryna ýetemok entek.
Kynçylyklar uçar ganatym, gyrmyş,
Ýadymda diýerdiň:"müzzermez erkek!"
Asman ýaly giñdi, gursagyñ göwnüñ,
Çagalygym siziñ bilen ýatlanýar.
Gözlerim çygjarýar damagym düwnüp,
Aýralyk, aýanok kalba ot salýar.
Tamañyzy ödemesem bagyşlañ,
Öz bagryna basdy seni ene ýer.
Bütin ömrün balalarna bagyşlap,
Bakylyga ýol ýasaýar eneler.
© Süleýman TEKÄÝEW
Teswirler:
Gerekli @menin_dunyam [off] Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM 10.11.2024 / 14:15+1Gaty gowy
Soňky teswirler
Meniň öýüm Daşoguzda...
Gaty gowy gordum. Yone men-a gyzyn deregine bolsam bu gosguny okap ara acardym senden ) gunde myhman, corek yap, sygyr sag...))
Merkez diyyanin D...
dowamy...Owadan yazuw basleșik
Su saytyñ media lentasynda goýsañam bolýardy. Goyan suratynynam asagyna"ýazuw bäsleşik üçin" diyip goýsa. Bir gun belläp hemme suratyny şoña taýy...
dowamy...Söýgi sözleri❤️
Bolgusyz terjimäñ üstüne suwjukluyk, hasam beter mynasyp edipdir diss like a. Gatam gorme onsan...
dowamy...
Ýokaryk