Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Тот факт, что вы пережили вчерашний день, не означает, что вы знаете всё о сегодняшнем
Tik-tok
Täzeje Saryyevv [off] 11.11.2024 / 10:07
Mertlikdenmi peslikdenmi bilmedik,
Barha ownap barya ýaşlaň ahwaly.
Tik-togyň arzanjak like-lary üçin,
Ýele sowurdylar gymmat ahlagy.
Zehinli zehinsiz asla parhy ýok,
Kim syrtyn bulasa şolaram meşhur.
Akmaklaryň döwran sürýän ýerinde
Akylly bendeler dymmaga mejbur.
Köpleň aýbyn açdy aýpsyz tik-tok
Dünýa meşhur etdi samsyk gürläni
Owadan ýylgyrşyň külini kakyp
Öwretdi ýaşlara samsyk gülmäni.
Erkek sypat aýal heleý sypat är,
Gürlese uýatly jynsy dilinde,
Aýbyn açyp otyr akmak akmagyň,
Söz açýan azaldy ylym - bilimden.
Çagalaň elinde tik-tok telefon,
Öwrenýän zatlary owadan paýyş.
Şol gara gözleriň ertiri üçin,
Tik-toga kirimiz dökmäliň haýyş!
Kerim Hally
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Meniň öýüm Daşoguzda...
Gaty gowy gordum. Yone men-a gyzyn deregine bolsam bu gosguny okap ara acardym senden ) gunde myhman, corek yap, sygyr sag...))
Merkez diyyanin D...
dowamy...Owadan yazuw basleșik
Su saytyñ media lentasynda goýsañam bolýardy. Goyan suratynynam asagyna"ýazuw bäsleşik üçin" diyip goýsa. Bir gun belläp hemme suratyny şoña taýy...
dowamy...Söýgi sözleri❤️
Bolgusyz terjimäñ üstüne suwjukluyk, hasam beter mynasyp edipdir diss like a. Gatam gorme onsan...
dowamy...
Ýokaryk