Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Hiç kimiň göwnüne degmäň, çünki göwün bir aýnadyr döwülen soň öňküsi ýaly bolmaz

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Gyz haty
 Gytyndan
 Baron [off]
 12.11.2024 / 09:34
 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”

Men saňa ynandym halu-syrymny,
Göwnüni nur basan gerçekdir diýip,
Güýz gussasy tutanynda serimni,
Nämälim alysdan geljekdir diýip.

Sen — agaryp gelýän aladaňdanym,
Men bir göç göçmäge nesibi çeken.
Ýyllary ýaglyk deý başa daňýaryn,
Ýöne olar kem-kem agralýar eken.

Ýok, diýmerin: “Ýyllar göwnüm galdyrdy”,
Biz ýöne kän mahal bilmedik görşüp.
Nämüçindir damagymy doldurdy
Solan ýapraklaryň sowrulyp ýörşi.

Üşän ýeller gapymyza direne,
Maral sürsi ýaly yza gitdiler.
Bizi hemra diýip birek-birege,
Ahyr ulus-iller güman etdiler.

Akarlar towlanyp, durlanyp owaz,
Ýazyň ysy urar gider tenlere.
Hanalar çekiler, telwaslar sowar,
Uçan guşum aýdym bilen gelmese.

Men saňa ynandym gyzgyn demimi,
Howasy arassa gerçekdir diýip
Bir ýerlerde serip galsam elimi,
Özgelerden ilki geljekdir diýip.


©Mämmetnazar BABANAZAROW


170

25

4

7

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 12.11.2024 / 13:07

+0

Gowy goşgulary bar şu şahyryňam.

 Premium
 Belki [off]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 12.11.2024 / 13:19

+0

Su gosgyn astyndaky many namekan-ay? Men seni soydum senem ikimizin gatnasygymyzy ile jar etdin illerem biz hakda gep cykardy diyen yalymy?


Premium
GARASOYMEZ  (12.11.2024 / 17:25) 

Belki, oglon gyzy taslap gitdimika

 Premium
 Belki [off]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 12.11.2024 / 13:20

+0

Sonam sen meni taslap gitdin sana garasdym yone gelmedin diyyemike?

 Premium
 GARASOYMEZ [off]
  ýüregim gysýa sygamok dünýä
 12.11.2024 / 17:25

+0

Sonky setirlerini haladym gowy goshgy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gaty gowy gordum. Yone men-a gyzyn deregine bolsam bu gosguny okap ara acardym senden ) gunde myhman, corek yap, sygyr sag...)) Merkez diyyanin D...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Belki (Şugün, 07:41)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Señ soygi temadan suwjaryp ýazmayşyñy halaýan...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Ahmal (Şugün, 07:31)

Owadan yazuw basleșik


Su saytyñ media lentasynda goýsañam bolýardy. Goyan suratynynam asagyna"ýazuw bäsleşik üçin" diyip goýsa. Bir gun belläp hemme suratyny şoña taýy...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Ahmal (Şugün, 07:19)

Söýgi sözleri❤️


Bolgusyz terjimäñ üstüne suwjukluyk, hasam beter mynasyp edipdir diss like a. Gatam gorme onsan...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Ahmal (Şugün, 07:04)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Bir adamam "Tüweleme, ýeňişiňiz bilen gutlaýaryn" diýmändir, onsoň başga zada nädip garaşjak ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Wrestling (Şugün, 05:09)

Owadan yazuw basleșik


Mana hokman yatladyn yarys golaylanda, men pocerk gorkezeyin size ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Wrestling (Şugün, 05:03)

Owadan yazuw basleșik


Standart list tapsam gatnasjak)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Bezzat (Şugün, 01:35)

Owadan yazuw basleșik


2 adam minus basypdyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAY-HAN (Şugün, 00:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy ýazypsyň)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Aurora (Şugün, 00:27)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy bolupdyr,ynjytman mylakatly hem degişmeli edip düzülipdir ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Violetta (Şugün, 00:09)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика