Ýürekdeş sözler!
Pegas : Haýyr bilen şeriň aralygynda nirededir bir ýerde yşkyň bagy bar. Men saňa şol ýerde garaşaryn...
Soygi hakyna gosgy
Premium
BAYOGUL [on] 13.11.2024 / 09:00
Sen maňa nesip etmediň,
Nesip etdiň başgalara,
Ýöne ýürekden gitmediň,
Seret ýazlan goşgulara.
Boýnuňdaky monjuk ýaly,
Sertirlermi setirledim,
Ony özüňe duýdyrman,
Men žurnala hödürledim.
Okanlaryň diýdi biri,
Şahyr, birin söýüpsiňiz,
Adyny aýtmasaňyzda,
Ugrynda köp köýüpsiňiz.
Köýe - köýe köýmez boldum,
Söýe - söýe söýmez boldum,
Adyňy içimden aýdyp.
Wah daşymdan diýmez boldym,
Ah sen muny duýmaz bolduň.
Toý - tomguda duşanmyzda,
Aldyň ähli mährimi sen,
Adyň dillerimde sena,
Ýykma köňül şährimi sen,
Bir söz diýdim baş ýaýkadyň,
Ýa aždaryň zährimi sen,
Sen maňa nesip etmediň,
Nesip etdiň başgalara,
Ýöne ýürekden gitmediň,
Seret ýazlan goşgulara.
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Söýgi sözleri❤️
Bolgusyz terjimäñ üstüne suwjukluyk, hasam beter mynasyp edipdir diss like a. Gatam gorme onsan...
dowamy...
Ýokaryk