Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
rexha : Söýgi nämedi? Men unutdum dogrusy,ol soňky bakyşyňdan soň.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Gecip baryar
Premium
 BAYOGUL [1s]
 13.11.2024 / 15:51
 Yurekdesh.ru

Bilmedim bizdenmi ýa-da döwürden
Duýgular ýürekden gaçyşyp barýar
Ýa-da çekmesi kyn takat-sabyrdan
Ynsanlar sarpadan geçişip barýar

Şükür, indi ýaşar bolduk doklukda
Müňläp adam aç ölýärkä ýoklukda
Hanha biri gürläp otyr köplükde
Sözleri dilinden gaçyşyp barýar

Adalatly göreşmeýär bilekler
Ýersiz ýere ynjydylýar ýürekler
Göriplikden gapylýarmy garaklar
Gözlerden uçgunlar öçüşip barýar

Ene-mamalaryň mähir gorlary
Ýetişdirdi gaýduwsyz, mert ärleri
Bugün ençeleriň namys-arlary
Guş bolup ýat ýurda uçuşyp barýar

Oýan nebsim, ýol tut ugruň Hak bolup
Ýagşylyk et, tanal göwni päk bolup
Düýnki görenlerim bugün ýok bolup
Dünýäsin täzeläp göçüşip barýar.


90

10

0

4

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Bir adamam "Tüweleme, ýeňişiňiz bilen gutlaýaryn" diýmändir, onsoň başga zada nädip garaşjak ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Wrestling (Şugün, 05:09)

Owadan yazuw basleșik


Mana hokman yatladyn yarys golaylanda, men pocerk gorkezeyin size ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Wrestling (Şugün, 05:03)

Owadan yazuw basleșik


Standart list tapsam gatnasjak)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Bezzat (Şugün, 01:35)

Owadan yazuw basleșik


2 adam minus basypdyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAY-HAN (Şugün, 00:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy ýazypsyň)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Aurora (Şugün, 00:27)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy bolupdyr,ynjytman mylakatly hem degişmeli edip düzülipdir ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Violetta (Şugün, 00:09)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Pikirleriňize garaşýan......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
medet_mededi (Şugün, 00:03)

Owadan yazuw basleșik


Gatnasyan agzalara ustunlik arzuw etyan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:42)

Owadan yazuw basleșik


Gowy pikir edipsin malades goldayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:41)

Owadan yazuw basleșik


Malades gowy pikir isinde ustunlik gatnasyanlarada ustunlik arzuw etyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAYOGUL (Düýn, 22:36)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика