Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
rexha : Süreklı küsüp barışırdık ama artik bu sefer"we dont talk anymore"

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Men seni söýýän!
 Gytyndan
 yurekdes [off]
 13.11.2024 / 19:11
 "Meñ ýűregim sowady indi gelme űşärsiñ"

Köýen ýüregime söýgini berdiñ,
Ejizdim goradyñ, ganatyñ gerdiñ
Men señ gözleriñde özimi gördim
Her säher Tañryma ellerim serdim
Ýalbardym,
Bizi-bizden almasyn diýip,
Arzuw, yhlasymyz köýmesin diýip,
Gülleýän söýgimiz solmasyn diýip,
Gözlermize gussa çökmesin diýip,
Göri:p dili ara düşmesin diýip.
Söýgimize ak pata diledim Hakdan,
Ýedi aşykdan, barlykdan, bagtdan...
Men seniñ gözleñde özimi görýän
Saña bir zat aýtjak,
Men seni söýýän!

Amangeldiyewa Ayna


171

25

9

5

0

0

0
Teswirler:
 Gytyndan
 yurekdes [off]
  "Meñ ýűregim sowady indi gelme űşärsiñ"
 13.11.2024 / 19:12

+0

Men birinji gezek şular ýaly ýazyp gördim gülmanjik, bir maslahat berseñiz, düzedişler girizseñiz pikiriñiz aýtsañyz hoşal bolardym


Özümiziňki
Adalat  (13.11.2024 / 19:15) 

yurekdes, tuweleme ilkinji gosgyňmy jigim


Gytyndan
yurekdes  (13.11.2024 / 19:35) 

Adalat, yok birinji goşgyma däl ýöne şular ýaly görnişde birinji gezek ýazyp görýän

 Premium
 Belki [off]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 13.11.2024 / 19:27

+0

Formadanam doly cykybilman erkin forma-da doly gecibilman arada galan gosgy bolupdyr.


Gytyndan
yurekdes  (13.11.2024 / 19:34) 

Belki, howa sebabi birinji gezek seyle yazyp gordim


Premium
Akademik3  (14.11.2024 / 08:14) 

Belki, lak atyanmy birinin tomus dync alysdan galyp yazan gosgusyna?

 Öwreniji
 Hanogul [off]
  👍👍👍👍👍👍
 13.11.2024 / 19:40

+0

MENDEN OKDE EKENIN?

 Öwreniji
 Hanogul [off]
  👍👍👍👍👍👍
 13.11.2024 / 19:44

+0

gownume bolmasa tagem ustunde ishlemeli sonky setirlerdaki diyip diyen soz gownume bolmasa sal koprak ulanypsyn


Gytyndan
yurekdes  (13.11.2024 / 20:59) 

Hanogul, duzederin innikime berkje bolaryn

 Täzeje
 Agzamen [off]
 13.11.2024 / 19:47

+0

Haladym menä. Ýöne birinji saparyň bolansoňmy nämemi bir zatjagazlar ýetmeýän ýaly muňa


Gytyndan
yurekdes  (13.11.2024 / 21:00) 

Agzamen, bir zatjagaz dal kan zatjagaz yetyan daldirle yuwas yuwas owrenerin hökman

 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Kanagatly bende baýdyr soltandan
 13.11.2024 / 20:06

+1

Ilkinji synanşygyñyzy gowy başlapsyñyz. Goşgy göwnümi göterdi, haladym. Biraz belliklerim ,erkin formada hökman her setirleriñ kapyýalaşmaly diýen zat ýok. Kapyýalar başaşa , boşaşa hatda kapyýalanmanam ýazlyp bilner. Bu goşguda kapýalar agdyklyk edýär. Goşgudy sany san bilen dälde harp bilen ýazmaly. Meselem 7 dälde ýedi diýip ýazmaly. Hemem harp ýalñyşlyklaram kän eken.Esasy goşguda hiç kimiñ aýtmadyk , üýtgeşik sözleri gözlemeli. Bolmanda kän aýdylmaýan sözleri ýazmaly. Galamyñ batly bolsun. Döredijilikde üstünlik arzuw edýän.


Gytyndan
yurekdes  (13.11.2024 / 21:04) 

Gerceknazar, harp ýalñyşlary bardyr howa talyp bolanym bäri käbir sözleriñ ýazylşy ýadymdan çykypdyr aýyplaşmaweriñ. Innikilerde galan zatlaram hökman düzederin sag boluñ köp minnetdar

 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 13.11.2024 / 21:31

+1

Ýazyberseňiz bir zat bolaýjak ýaly. Dowam ediber.

 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 14.11.2024 / 00:10

+1

Köp zat aýdylypdyr gaýtalanyň haýry ýok size Ustunlik yetirip duruň.

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 14.11.2024 / 06:53

+1

Gowy bolupdyr mlds dowam ediber

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Bir adamam "Tüweleme, ýeňişiňiz bilen gutlaýaryn" diýmändir, onsoň başga zada nädip garaşjak ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Wrestling (Şugün, 05:09)

Owadan yazuw basleșik


Mana hokman yatladyn yarys golaylanda, men pocerk gorkezeyin size ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Wrestling (Şugün, 05:03)

Owadan yazuw basleșik


Standart list tapsam gatnasjak)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Bezzat (Şugün, 01:35)

Owadan yazuw basleșik


2 adam minus basypdyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAY-HAN (Şugün, 00:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy ýazypsyň)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Aurora (Şugün, 00:27)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy bolupdyr,ynjytman mylakatly hem degişmeli edip düzülipdir ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Violetta (Şugün, 00:09)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Pikirleriňize garaşýan......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
medet_mededi (Şugün, 00:03)

Owadan yazuw basleșik


Gatnasyan agzalara ustunlik arzuw etyan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:42)

Owadan yazuw basleșik


Gowy pikir edipsin malades goldayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:41)

Owadan yazuw basleșik


Malades gowy pikir isinde ustunlik gatnasyanlarada ustunlik arzuw etyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAYOGUL (Düýn, 22:36)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика