Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
MEGAFON : soyyan ynsan nirde bolsanda soyer

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Ruhy azap (sonetler çemeni)
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
 13.11.2024 / 19:29
 Kanagatly bende baýdyr soltandan

Ruhy azap (sonetler çemeni)

"Küÿsediñmi!
Düýşlerimde düşlediň,
Maňa heniz beýle ýakynlaşmadyñ."

Süleýman Tekäýew

1.

Muhapbetiň maňa ruhy azap,
Düýşlerime girip berýärsiň jeza.
O:t bolup ornaşdyň ýanjagazymda ,
Gözlerňe gark etdiñ , ýüzüp bilemok,
Seni, sensizlige dözüp bilemok.
Kirpigiň iňňesi kalbyma çümýär,
Nämä gerek beýle ýakynlaşmaklyk?
Ganatlarňy ýaýyp,gujagyñ gerýäň,
Kalbyñy bölýäñde ýaryny berýäñ.
Serçeler jürküldäp aýdýar arzyñy,
Şemal seniñ salamyňy getirýär.
Hyýallarňa girip boldum arzyly,
Semalardan sedalaryñ eşdilýär,
Goşgularma girip berýärsiñ jeza.

2.

Goşgularma girip berýärsiñ jeza,
Garap,gözleñ bilen iýäýjek bolýañ,
Bir zatlar diýäýjek-diýäýjek bolýañ.
Alladan amanat ýekeje jany,
Ony hem soguryp alaýjak bolýañ.
Hem duýaýjak bolýañ barja duýgumy,
Bakma beýle, gözleriñe bent etme!
Men seni bagtly ederin ,emma
başgalarda bagtly eder elbetde.
Şagallar uwlaşyp göwünlik berýär,
Dertdeşim, bäsdeşim bolan deñizim,
Şemalyn şuwladyp ganatym gerýär.
Asmanam agysyn paýlaşýar diñläñ,
Bu gün bulutlaram aglaşýar diñmän.

3.

Bu gün bulutlaram aglaşýar diňmän,
Meñzäp kalbymdaky harasatlara.
Ýüregimi persala edýän bu söýgi,
Goýmady göwnümde parahatlygam.
Aldyñla añymdan akyl huşumy,
Galmady elimde eradam,erkim.
Bu duýguny gursagymdan çykarsam,
" Gerçek däliräpdir" diýerler her kim.
Aýtsana perizat jadygöýmiñ sen,
Göwnümi gursakdan soguryp barýañ.
Çagalygma siñip galdymmykam men,
Eýýäm ýaşlygmyzam sowulyp barýar.
Dideden dökülip dertleriñ damýar,
Ajy göz ýaşlary kalbyma siñýär.

4.

Ajy göz ýaşlary kalbyma siñýär,
Hem söýgüñem sowuk,adamlar sowuk,
Seret, Günem üşäp bulda giripdir.
Geçip gidip bormy ýüzüñi sowup,
Ýatlamalar suratlara siñipdir.
Düýşde seniñ suratyña bakaryn,
Suwar, setirlerim has suwsadyla.
Kalbymyñ töründe heýkel dikerin,
Paşmadyk söýgümiñ hatyrasyna.
Aýdym bolup aýlanrys dünýäni ,
Biz bileje goşgularda ýaşarys.
Hiç solmajak sonet güllerin ekdim,
Onsoñ ele alyp göwün galamyn,
Goşgumyñ ýüzüne keşbiñi çekdim.

5.

Goşgumyñ ýüzüne keşbiñi çekdim,
Gap-garañky saçlaryñda alaşyp,
Garakçy gaşlaryñ gurbany boldum.
Tiken- tiken kirpiklerñe çolaşyp,
Ullakan gözleñde kiçelip galdym.
Nepesiñden howa alýar nepesim,
Bildim,bedeniñe ruhum siñipdir.
Eştdiñmi yşk jennet gülüm tiripdir?
Ýañagyñ alyna gözüm gyzdyryp,
Ýelim çalnan lebleriñe ýelmeşdim.
Hiç ýazmajak şygyrlarmy ýazdyryp,
Ahyr baryp kalbyñ bilen gürleşdim.
Namalamdan nalalaryñ eşdildi,
Setirlemden seredýärsiñ naýynjar.

6.

Setirlemden seredýärsiñ naýynjar,
Aýdaý menden beýle näme aryñ bar?
"Muhapbete hormat gerek" diýdiler,
Elbet sadalygmyñ sylagyn berdiñ.
"Muhapbete ynam gerek" diýdiler,
Şirin şygyrlarma ynanmadyñmy?!
Daglara diñledip dat-perýadymy,
Ekilmedik ýerde biten ekenim.
Şirin bolup söýdüñ öz Perhadyñy,
Iki gül arada tiken ekenim.
" Gözläp , yzlap zordan bagtymy tapdym,
Olam ýadow, uklap ýatan ekeni."
Aslynda men syrly dünýäde ýokdum.

7.

Aslynda men syrly dünýäde ýokdum,
Bu duýguly dünýä getirdiñ nüçün?
Belki goşgularym gaty görendir,
Ýazmaly wagtynda ýazmanym üçin.
Garaşdym ýoluña ýüregmi ýazyp,
Nüçün gelmediñ?
Eliñe berdimä ýüregmi ýakyp,
Niçik bilmediñ?
Atylan atommy, aýdylan atom,
Haýsysy güýçli?
Dowzahyña düşüp ýaşaýan ýerim,
Huşmy ýa düýşmi?
Çagalykda gözlerime giripdiñ,
Ellerimden tutup goşga girizdiñ.

8.

Ellerimden tutup goşga girizdiñ,
Saratdym sagady gaýtdym yzyma,
Dünýe biziñ daşymyzdan aýlandy.
Çagalykda girdiñ göwün depderme,
Ony bozguç bilen aýryp bilemok.
Men seni şeýle bir, şeýle bir söýýän,
Söýgimi söz bilen aýdyp bilemok.
Beýlede bir söýgi bolar oguşýa,
Beýlede bir duýgy bolar oguşýa,
Beýlede bir gaýgy bolar oguşýa,
Gitdim oñuşman.
Aýlanyp-aýlanyp gazygma çökdim,
Boýnuma ýazmaklyk goýlupdyr Hakdan,
Agtaryp ahyry ylhamy tapdym.

9.

Agtaryp ahyry ylhamy tapdym,
Wah, olam türkmençe gepläp bilemok.
Bir-birinden gözel sonet güllerin,
Baryny bir ýere sepläp bilemok.
Ukyply, ylhamly, zehinli boldum,
Gulaga pyşyrdan perişdeden hem.
Dogry, senli dünýä täzeden geldim,
Hatda haýran galdy perişdeler hem.
Perimiñ, a:lmydyñ, jynmydyñ ýar?
Niçik gijelerme girip bilýärsiñ,
Ylham perişdesi senmidiñmi ýa?
Gizlinlikde jennet gülün tiripdir.
Muhapbetiň maña ruhy azap,
Olam seniñ gözleriñe giripdir.

10.

Olam seniñ gözleriñe giripdir,
Huşlarymam , düýşlerime garyşdy.
Ýagmyrly söýgüme suwsadyñmy ýar,
Meni,menden beter küýsediñmi ýa?
Seni, saña gaýdyp bermedimmi aýt ,
Ýa-da meni menden aljak bolýañmy?!
Seniñ syrly sözleriñden añmadym,
Dideleriñ diýdilerem derdiñi,
Agladym.
Ýagýar ýüregime gamly ýagyşlar,
Sözleriñ sedasy eredýär buzum.
Gudratly daglara dyrmaşdygyñça,
Bu daglaryñ dagy gutararmyka?!

11.

Bu daglaryñ dagy gutararmyka?!
Hesretli daglara dertleşdigiñçe.
Derdime düşünen daglar lerzana,
Goşguma gülerler düşünmedikler.
Senli setirlerme düşünmediler,
Düşünmesinler.
Hem guşanmasynlar goşgy guşagyn,
Öz-özüni o:tlap ýakmaýan bolsa,
Özüne ýokardan bakmaýan bolsa.
Ýa bilmeýän bolsa ruhiñ azabyn,
Bermesinler azaryn.
Ýeller,hatlar,guşlar,suratlar,düýşler...
Seniñ barlygyñy ýatladar durar.
Men söýgüniñ dünýäsinde dowzahy

12.

Men söýgüniñ dünýäsinde dowzahy,
Seni gördügimçe gazanýan günä.
Yşk derdini çekip ejiz gerdende,
Gujur-gaýrat, sabyr galmady mende.
Seni görüp goşgularym aglaşýar,
Indi ömrüň başga bilen baglanşýar.
Ýatlamalar gömüldiler göz ýaşly,
Aglaşdylar olar " Ýüregiñ daşmy?"
Ýürekdeşim ýitip gitdi ýat ýere,
Klasdaşym nesip etdi ýatlara,
Bolduñ ajy ýatlama.
Diýme maña "Däli-diwana şahyr",
Sen derdime derman bolmaly ahyr,
Goşguda gygyrsam eştmezmiñ ahym.

13.

Goşguda gygyrsam eştmezmiñ ahym,
Seni görse aýdymlarym aglaşýar.
Daglar kimin belent hasaplan söýgüm,
Bu gün görsem ownuk çigit däne eken.
"Seni asla unutmaryn" diýýärdim,
Unutmaklyk beýle kynam däl eken.
Emma öten agşam düýşüme girdiñ,
Kalp çydarmy jahyllygyñ joşuna?
Adam, bir adamdan haraý islese,
Şol adamyñ girermişin düýşüne.
Nämüçin sen meniñ düýşüme girdiñ?
Ýa-da menden haraý isläp geldiñmi?
Göýber, dowzahyñdan azat et şahym,
Ýakdyñla ruhum!

14.

Ýakdyñla ruhum!
Golaýlaşma señem ýanmagyñ ahmal.
Göwnümde gozgalañ, müñ dürli ahwal.
Ynan seni aglatmaga dözmeýän,
Saña derek men aglaýyn , bary bir
Bary bir men,
Aglamaga öwrenşen.
Seniñ bilen boljakdym bir maşgala,
Asyl göwnüñ galan eken başgada.
Besdir indi, göwnüm doldy gaýgydan,
Maña näme ol bigadyr söýgüden,
Ykbalym bagş etdi arzyly yşky.
Zulum zyndanyñ et meni azat,
Muhapbetiň maña ruhy azap.

Magstral

Muhapbetiň maña ruhy azap,
Goşgularma girip berýärsiñ jeza.
Bu gün bulutlaram aglaşýar diñmän,
Ajy göz ýaşlary kagyza siñýär.
Goşgumyñ ýüzüne keşbiñi çekdim,
Setirlemden seredýärsiñ naýynjar.
Aslynda men syrly dünýäde ýokdym,
Ellerimden tutup goşga girizdiñ.
Agtaryp ahyry ylhamy tapdym,
Olam seniñ gözleriñe giripdir.
Bu daglaryñ dagy gutararmyka?
Men söýgüniñ dünýäsinde dowzahy,
Goşguda gygyrsam eştmezmiñ ahym?
Ýakdyñla ruhum !

(11.2024)

Gerçeknazar AMANNAZAROW.


135

11

4

5

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 Belki [off]
  Ýaşaýyş-- düýş! Sen meň düýşüme girdiň!
 13.11.2024 / 20:38

+1

Tuweleme, agam. Men-a gaty haladym. Onki gosgularynyzdan gornetin basga kamillesme bar. Bir basgancak galypsynyz. Ustunlik, dowamly bolsun. Birhili, Nobatgulyn gosgulary yaly hyjuw, dartgynly ahwal duyulyar. Yekeje duzedis:
*Kuysedinmi, duyslerimde dusledin.


Özümiziňki
Gerceknazar  (13.11.2024 / 23:33) 

Belki, höweslendiriji jümleleriñiz üçin köp-köp sag boluň. Ýerlikli bellikleriñiz üçinem minnetdar. Öz goşguma içgin üns berip Süleýmanyñ goşgusyny ünsden düşüripdirin , bagyşlarsyñyz. Nesip bolsa mundanam gowy goşgy döredip "Ýaşlygymyñ bahary" bäsleşigine hödürlemek isleýän. Sizem şol bäsleşige gatnaşmak niýetiñiz barmy?


Premium
Belki  (14.11.2024 / 05:29) 

Gerceknazar, haysy edara geciryar ol baslesigi?


Özümiziňki
Gerceknazar  (14.11.2024 / 06:51) 

Belki, edebiýat we sungat gazeti geçirýär.


Özümiziňki
Gerceknazar  (14.11.2024 / 07:45) 

Belki, «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi zehinli ýaşlaryň döwrümiziň bagtyýar durmuşyny, parahatlyk söýüjilik we dostluk ýörelgelerini çeper söz bilen beýan etmäge bolan ymtylyşyny göz öňünde tutmak bilen, döredijilige meýilli ýaşlaryň arasynda «Ýaşlygymyň bahary» atly bäsleşik yglan etdi.

Bäsleşige erkin tema boýunça ýazan goşgularyny, publisistik makalalaryny, hekaýalaryny ýa-da şahyrana oýlanmalaryny hö


Özümiziňki
Gerceknazar  (14.11.2024 / 07:48) 

Belki, teswire uzyn söz sygmaÿan eken. Aÿratyn mowzuk edip açdym.

 Öwreniji
 Hanogul [off]
  ??Ejeşjanym söýýän seni??
 13.11.2024 / 23:17

+1

Gaytlanmajak shygyr bolupdyr chnm . ???


Özümiziňki
Gerceknazar  (13.11.2024 / 23:35) 

Hanogul, minnetdar inim. Emma gaytalanmajak gosgy daldir bu gosgy. Mundanam gowy yazyanlar kan.

 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 14.11.2024 / 00:04

+1

Tüweleme ahyr ýazjak diýip üytgeşik sonet ýazypsyňow zaññar, gowy çykypdyr pikirlermi belläp geçeýin,
Muhabbetiň maňa ruhy azap,
Şu setiriň bir bogny kem bolansoň boýnuny gysyp dur ýa eýläk ýa beýläk edilse has gowy bolardy.
Biz bileje goşgularda ýaşarys, setirlerde ýaşarys ýaly edilse gowy boljak goşgy sözi köpüräk ulanylypdyr şeýlede
Eştdiñmi yşk jennet gülüm tiripdir? Şu setirem taraşlansa has gowy bolardy.
Gözläp , yzlap zordan bagtymy tapdym,
Olam ýadow, uklap ýatan ekeni." MUKAMYŇ şu setirlerindede ZORDAN bagtymy tapdym diýip gelýärmikä???
Wah, olam türkmençe gepläp bilemok. Gepläp bilenok. Bolmaly öýtýän.
Perimiñ, a:lmydyñ, jynmydyñMY ýar? Bolsa gowy ýaly
Goşguda gygyrsam "eştmezmiñ ahym". Duýmazmyň ahym
Zulum zyndanyñDAN et meni azat, bolmaly.
Şeýleräk... ullakan eserlerde bolýa ýalňyşlyklar bilip bilmän edilýär.
Şoňa menem özüme tersiräk gelen ýerlerini ýazyp galdyrdym Awtor dogry hasaplasa düzeder diýip, ýalňyş düşünmek gerekdäl ownukçyllykdan däl bu ýagdaýym öz pikirimçe biri maňa görmän galan ýerimi görkezse begenýän 1 Kelle, Kelle, 2 kelle, Selle, 3 kelle, Pelle diýipdirä könelermiz Üstünlik yzy gür bolsun!


Premium
Belki  (14.11.2024 / 05:40) 

Hyyalbent, jynmydynmy bolmaya. My gosulmasy onde barka, yene yza gosup bolmaya.


Özümiziňki
Gerceknazar  (14.11.2024 / 06:57) 

Hyyalbent, bellikleriñiz üçin köp-köp sag boluñ. Telefonym gowy däl , öz-özi birden öçýär. Hem özümem size ýetirmäge howlugyp ýazdym. Ýalñyşlyklar üçin bagyşlarsyñyz.


Özümiziňki
Gerceknazar  (14.11.2024 / 07:30) 

Hyyalbent, mowzugy (şu goşguny) her näçe üýtgetmäge synanşsamam üýtgedip bilmedim. Internet kes, saýtam agyr işleýär. Elbetde bellikleriñizi bellik depderimde üýtgetdim.

Muhapbetiň maña ruhy azap

we

Eştdiñmi yşk jennet gülün tiripdir?

Şu setirleri halys üýtgedip bilmedim. Mundan ýokaryk çykyp aýdyp bilemok.


Özümiziňki
Hyyalbent  (14.11.2024 / 15:32) 

Belki, ol şeýledir welin şol setire bir bogun goşmasaň kemis ýaly galypdyr okaňda büdretýär ýokardan gelip oturşynda bogundan çykma kän edilmändir şoňa sazlap ol setirem bir bütin edilse has gowy bolar diýip pikir edipdim şondan aýdypdym.

 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 14.11.2024 / 06:52

+1

Gowy bolupdyr mlds?


Özümiziňki
Gerceknazar  (14.11.2024 / 09:13) 

BAYOGUL, sag boluń.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Lolular


Belki bizin hemmamizde Sol hereket bardyr yaranmak gowy gorunjek bolmak yada kabirlerinin pikri bula meni hoplady yada sona Menzes soz diyaler eg...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Akademik3 (Şugün, 07:05)

Lolular


gouy eken mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Aixcam_nx (Şugün, 01:25)

Hoşlaşyk aýdymy


Gosgyny okap oz okuwçy dowrum ýadyma dusdi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:01)

Hoşlaşyk aýdymy


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:00)

Soragnama logiki2


Bayrak bermesena bolmoz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:46)

Soragnama logiki2


3 .. kolegesi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:44)

Soragnama logiki2


3 näme...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Dunyodagi (Düýn, 22:38)

Soragnama logiki2


1.gury 2.yagysh we gun 4 diyip bilmez ol gurlanok 51 hepdede 7 gun bar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:31)

Lolular


Gowy eken ýetirip duruň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Sebap (Düýn, 21:35)

Lolular


Su in sonky setirdaki kop nokadyn yerine gelyan soz Pyragydan okamda-da bimaza edipdi. Hazirem bimaza edye. Loly dal-da heley diyyes biz-a on ya...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Belki (Düýn, 21:28)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика