Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
MEGAFON : soyyan ynsan nirde bolsanda soyer

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

"Ÿaslygymyñ bahary" döredijilik bäslešigi.
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
 14.11.2024 / 07:45
 Kanagatly bende baýdyr soltandan

«Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi zehinli ýaşlaryň döwrümiziň bagtyýar durmuşyny, parahatlyk söýüjilik we dostluk ýörelgelerini çeper söz bilen beýan etmäge bolan ymtylyşyny göz öňünde tutmak bilen, döredijilige meýilli ýaşlaryň arasynda «Ýaşlygymyň bahary» atly bäsleşik yglan etdi.

Bäsleşige erkin tema boýunça ýazan goşgularyny, publisistik makalalaryny, hekaýalaryny ýa-da şahyrana oýlanmalaryny hödürläp biljek 35 ýaşa ýetmedik ýaşlar çagyrylýarlar. «Ýaşlygymyň bahary» döredijilik bäsleşigine» ýazgyly işler we olara goşulan şahsy maglumatlary (doglan ýylyň, wezipäň, ýaşaýan ýeriň anyk salgysy, telefon belgisi) «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasyna ibermeli.

Bäsleşik eserleri 2025-nji ýylyň 10-njy fewralyna çenli kabul edilýär, olaryň iň gowulary abraýly eminler tarapyndan saýlanyp alnar. «Iň gowy goşgy», «Iň gowy publisistik makala» we «Iň gowy hekaýa ýa-da şahyrana oýlanmalar» ugurlarynyň her biri boýunça birnäçe baýrak: bir esasy baýrak we bir birinji orun üçin baýrak, ikinji orun üçin iki baýrak, üçünji orun üçin üç baýrak we iki sany höweslendiriji baýrak göz öňünde tutulypdyr.

Bäsleşigiň netijesi 2025-nji ýylyň martynda jemlener. Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine hormat hatlary we gymmatly sowgatlar gowşurylar.

«Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň salgysy: Aşgabat ş.Garaşsyzlyk şaýolunyň 100-nji jaýy, Erkin döredijilik mekany, elektron salgysy: edebiyatwesungat@sanly.tm.

Telefon belgileri: 38-62-33; 38-62-17 («Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy) we 44-89-99, 44-88-81 (Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi).

Ogulgözel Rejebowa


154

18

3

5

1

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Agzamen [off]
 14.11.2024 / 08:44

+0

Poçtasyna ugratmalymy ony?


Özümiziňki
Arzuw  (14.11.2024 / 08:46) 

Agzamen, jaň edip sorap biläýmeseň


Täzeje
 (14.11.2024 / 08:48) 

Arzuw, aýlap öçürsem özleri yzyan çykarmyka?


Özümiziňki
Gerceknazar  (14.11.2024 / 09:16) 

Agzamen, hawa, poçtasyna ugratmaly.


Täzeje
 (14.11.2024 / 09:18) 

Gerceknazar, ýaşaýan ýeriň eýleki beýleki maglumatlaryň üçin resmi dokumentler gerek däldirä özüň şeýle ýazyp ugratsaň ýeterlikmi


Özümiziňki
Gerceknazar  (14.11.2024 / 09:22) 

Agzamen, şeýle ýazyp ugratsañ ýeterlikdirle. Özümem anyk bilemok, ýöne juda gatnaşasym gelýär.


Täzeje
 (14.11.2024 / 09:24) 

Gerceknazar, gatnaşyp goýber näme. Bolsa 5 bolmasa 55dirda


Özümiziňki
Gerceknazar  (14.11.2024 / 09:29) 

Agzamen, šeÿdip göwerein

 Özümiziňki
 Arzuw [off]
  ,,Her nasip vaktine esirdir..."
 14.11.2024 / 08:44

+0

ýalňyş basyldy


Özümiziňki
Gerceknazar  (14.11.2024 / 09:17) 

Arzuw, zyýany ýok.


Premium
BAYOGUL [1s] (14.11.2024 / 10:14) 

Arzuw, menem barlap gorsemika basyp yalnys basyldy diyilmani

 Premium
 Belki [off]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 14.11.2024 / 18:43

+0

On hic yerde cap edilmedik bolsun diymapdirler welin onli-sonly cap edilen-u, cap edilmedik eserlerimin baryny ugradasammykam ?

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gaty gowy gordum. Yone men-a gyzyn deregine bolsam bu gosguny okap ara acardym senden ) gunde myhman, corek yap, sygyr sag...)) Merkez diyyanin D...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Belki (Şugün, 07:41)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Señ soygi temadan suwjaryp ýazmayşyñy halaýan...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Ahmal (Şugün, 07:31)

Owadan yazuw basleșik


Su saytyñ media lentasynda goýsañam bolýardy. Goyan suratynynam asagyna"ýazuw bäsleşik üçin" diyip goýsa. Bir gun belläp hemme suratyny şoña taýy...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Ahmal (Şugün, 07:19)

Söýgi sözleri❤️


Bolgusyz terjimäñ üstüne suwjukluyk, hasam beter mynasyp edipdir diss like a. Gatam gorme onsan...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Ahmal (Şugün, 07:04)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Bir adamam "Tüweleme, ýeňişiňiz bilen gutlaýaryn" diýmändir, onsoň başga zada nädip garaşjak ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Wrestling (Şugün, 05:09)

Owadan yazuw basleșik


Mana hokman yatladyn yarys golaylanda, men pocerk gorkezeyin size ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Wrestling (Şugün, 05:03)

Owadan yazuw basleșik


Standart list tapsam gatnasjak)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Bezzat (Şugün, 01:35)

Owadan yazuw basleșik


2 adam minus basypdyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAY-HAN (Şugün, 00:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy ýazypsyň)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Aurora (Şugün, 00:27)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy bolupdyr,ynjytman mylakatly hem degişmeli edip düzülipdir ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Violetta (Şugün, 00:09)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика