Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Arzuw : Beni korkutarak yenemezlerdi, sever gibi yapıp öyle bitirdiler...

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Baha beriñ
 Öwreniji
 Hanogul [off]
 14.11.2024 / 11:34
 ??Ejeşjanym söýýän seni??

??Ýekelik???
Bügün ýene gamgyn urýar ýüregim
Oýlaýan ýenede gecen günlerim
Ýyllar gecip barýar men heniz ýeke
Nirde galdy ol söýgüli:li günlerim

Ýene-de ýüregim tukat haldadyr
Söýesi gelýär ýöne hickim ýok arman
Şu pursat päk ýürekli gözel gyz bolsa
Ony ýüregime ederdim derman

Synlaýan toýlarda dosýarlarmy
Toý bilen işi ýok gözlär ýaryny
Men kimi gözläýin ýok mende hic kim
Aýyrdy şowsuzlyk menden baryny

Bu gosgymy okan muşdaklarym hem
Diýerler"Gyz tapmak şeýle kyn zatmy"
Gowsyny tapjak bolýan sizem düşiniñ
Kalbyny ynanyp bermek şeýle añsatmy!!

Awtor: Parahat Orazbaýew!!


181

20

11

1

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 14.11.2024 / 12:34

+0

Gowy gosgy eken

 Täzeje
 Agzamen [off]
 14.11.2024 / 12:52

+0

Sen iň gowsy öýlenip dynaýsanaý. Senden goşguçam çykmaz, goşgy ýazanam, şahyram wapşeda çykmaz. Sen diňe sallahlygyň ezýetini çekýäň. Etsem petsemleňňem goşgymyka diýip goşgy diýip paýlaşýaň.

Öýlen. Senem dyn bizem dynaly.


Öwreniji
Hanogul  (14.11.2024 / 12:56) 

Agzamen, ANYK FAKT BILEN DUSINDR MEN NAME BARDE GYZ DILAP YORIPMIDIM MENDEN DYNAR YALY .


Öwreniji
Hanogul  (14.11.2024 / 12:57) 

Agzamen, Dagy gosgy bolmanna gozune rowayat bolup gorundimi


Täzeje
 (14.11.2024 / 12:58) 

Hanogul, goşgyň-a dilemekden beter edýä.


Öwreniji
Hanogul  (14.11.2024 / 12:59) 

Agzamen, Onarsan baha ber yogsamam dislikeni basda gumuni cek


Täzeje
 (14.11.2024 / 12:59) 

Hanogul, şul seň üçin goşgumy? Goşgy bolýamy şundan? Seň gözüň goşgy görýän bolsa-da menä nalajedeýinlik, ejizlik, dilegçilik, samsyklyk görýän bu ýazgylaňdan.


Täzeje
 (14.11.2024 / 13:01) 

Hanogul, men bir sapar baha berýän. Beren bahamy göterip bilse ne gowy sen ýaly tupoý biri göterip bilmän "Bahyllyk edýäň" diýse soň men baha beremok! Dogry zady aýdýan diňe.


Öwreniji
Hanogul  (14.11.2024 / 13:02) 

Agzamen, zato sen yaly garayomak yazamok. Zato gosgylarym senin mowzuklaryn yaly zaya dal .


Öwreniji
Hanogul  (14.11.2024 / 13:02) 

Agzamen, bermesen toza


Öwreniji
Hanogul  (14.11.2024 / 13:04) 

Agzamen, Ey sen bir zat boldunmy yetik manada so . sen bir zat bolan yerinde mnm bolaryn.


Täzeje
 (14.11.2024 / 13:04) 

Hanogul, hawa gara ýomak ýazaňok. Sebäbi sen ýazyp bileňok! Onam ýüzüňe basylanda syrtyňa köz basylan ýaly bolýaň. Dogry zady dogrulygyna kabul edip bileňok! Sen zat ýazaňok sen egoist tupoý biriden başga hiç kimem däl!


Öwreniji
Hanogul  (14.11.2024 / 13:08) 

Agzamen, men dal sen boljagam dal. Yazjagam dal gara yomk


Öwreniji
Hanogul  (14.11.2024 / 13:08) 

Agzamen, men sen dal*


Täzeje
 (14.11.2024 / 13:10) 

Hanogul, sen o zatlara kelle agyrtmada. Aýdylany et! Öýlende dyn. Senem dyn bizem dynaly. Bu warak goşgularyňy ile paýlap ýörmede! Paýlaşsaňam goşgy ady bilen paýlaşma! Özüňi şahyrlyk derejesine çykarma! Şahyrlar bilen deňeme!

 Täzeje
 Agzamen [off]
 14.11.2024 / 13:05

+0

Soňam meň haýsy mowzuk zaýa? Hany görkezsene?!

 Täzeje
 Agzamen [off]
 14.11.2024 / 13:06

+0

Samsyk düşünjäňe seň...

Goşga düşünmek üçin dykgatly okujy bolmak üçin, "kaçestwenny" goşgulary talap edýän okujy bolmak üçin hökman BIR ZAT bolmak hökman däl!


Öwreniji
Hanogul  (14.11.2024 / 13:12) 

Agzamen, zaya kacstwony gurrun etyanmi!!!


Öwreniji
Hanogul  (14.11.2024 / 13:13) 

Agzamen, SENKI DOGRY . MNKI YALNYSH


Täzeje
 (14.11.2024 / 13:13) 

Hanogul, sen şol "zaýa" sözüňi dellilendir. Haýsy mowzugum zaýa? Eger özüme zaýa diýýän bolsaň hany deliliň? Deliliňi görkez tupoý?


Özümiziňki
Arzuw  (14.11.2024 / 13:15) 

Agzamen, bolly ediňgy


Öwreniji
Hanogul  (14.11.2024 / 13:17) 

Agzamen, gara yomak mowzygyn na gowy bolanda pozul mazda.


Täzeje
 (14.11.2024 / 13:19) 

Hanogul, ol gowulyk erbetlik netijesinde pozulanok. Eger gowy zatlar pozulman, erbetler zatlar pozulýan bolanda şu ýerde paýlaşylýan iki sözden ybarat mowzuklaryň hemmesi pozulardy.


Öwreniji
Hanogul  (14.11.2024 / 13:20) 

Agzamen, howwa senki dogry mnki yalnsh. mowzugym yakmasa chyksanzlan baryn.


Täzeje
 (14.11.2024 / 13:20) 

Arzuw, egoistleri ýençmek ynsanyýet üçin iň haýyrly işdir.


Täzeje
 (14.11.2024 / 13:21) 

Hanogul, men seň mowzugyň bilen işim bolmaz. Egerde bu warak ýazgylaryňy goşgy ady bilen paýlaşsaň, özüňi şahyrlyk derejesine göterseň soň işim bolar meň!


Özümiziňki
Gerceknazar  (14.11.2024 / 13:59) 

Agzamen, ile göwnüñ ýetmän özüñ näme şol ýazanyp bilýäñ. Ençeme goşgy boşgularyña samsyk , biderek ýazgylar.


Täzeje
 (14.11.2024 / 14:04) 

Gerceknazar, aý wyr inni wara... men haýsy goşguny tankytlamda ŞAHYR hökmünde tankylapdyryn? Bu ýeri bolanok o ýeri bolanok diýip haýsy bir goşguny ŞAHYR hökmünde belläpdirin?

Biderek edip ýazan bolsam diýmek bidereklik üçin ýazandyryn. Şoňa bellik etseler ederdiler munyň biderek diýip. Diýmek adamlar bilýär bilgeşleýin biderek edilip ýazylan zat bilen çynlakaýlap ýazylan zadyň biderek bolup çykmagynyň aratapawudyny!


Özümiziňki
Gerceknazar  (14.11.2024 / 14:11) 

Agzamen, şol paýlaşýan zatlaryñy okamagada , biderek diýip ýazmagada ýazmagada ýaltanýan men-ä. Näme biz özümize şahyr diýip goşgy paýlaşýasmy. Şahyr diýseñ dagy bolmajyñyz bolarsyñyzda. Jumamyradyñ Juma şahyr diýip girip düşen günini bilmeýän barmy?


Täzeje
 (14.11.2024 / 14:14) 

Gerceknazar, howwa şul oglan özüne şahyr diýýä. "Beýleki şahyrlar ýaly gowy ýazyp bilemok"diýen sözi bar özüniň. Şahyrlar ýaly diýýä. Özüni şahyra deňeýär.


Täzeje
 (14.11.2024 / 14:17) 

Gerceknazar, ýaltansaň okama wüýý menem okaga diýemoga. Özi şu soňky ýetişen "şahyrlar" okamaga gezek gelende ýalda ýazmaly bolsa awtomat ýalydyr bular tüweleme?

Okap öwrenmek diýlen zat ýok diňe ýazmaly ýazmaly. Awtopilotdaky "şahyr"bular. Şoňçünem ýazýan zatlary ýuwan.


Täzeje
 (14.11.2024 / 14:18) 

Gerceknazar, *okamaga gezek gelende ýalta


Özümiziňki
Gerceknazar  (14.11.2024 / 15:13) 

Agzamen, olaryñ okamaýanyny nirden bilýäñ. Köp zatlary okanyñdana okamanyñam gowy.


Öwreniji
gul  (14.11.2024 / 15:18) 

Gerceknazar, hakyky

 Premium
 Akademik3 [off]
 14.11.2024 / 13:34

+0

Dosgry

 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Kanagatly bende baýdyr soltandan
 14.11.2024 / 13:51

+0

Başga ýurtlarda bilemok welin biziñ ýurdumyzda goşga girişip başlamak gara görgi. Hanogul ýazyber inim mañada öñler diýilmeýän zat ýokdy. Indi şol görüpleriň gözüne basyp goşgy döredýän.


Täzeje
 (14.11.2024 / 13:54) 

Gerceknazar, senä iň bolmanda goşga meňzedýädiňle. Şuň häzirki ýazgylaryna "meňzedipdir" diýip biljekmi?

 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Kanagatly bende baýdyr soltandan
 14.11.2024 / 13:56

+0

Bularyñ bar oñarýan zady iliñ üstünden gülüp, köpçilikde masgara etmek başga oñarýan zady ýok. Täze goşgy ýazyp başlanlary görseler dagy hezil edip üstünden düşýärler. Peýdaña ýok zyýanyñ bir degmesin.


Täzeje
 (14.11.2024 / 13:59) 

Gerceknazar, arada özi aýtdy 10 ýyl boldy diýdi "goşgy ýazýamyş" 10 ýyldan bäri. 10 ýyllap şeýdip waraklap ýören bolsa indem şundan öňe gitmez


Özümiziňki
Gerceknazar  (14.11.2024 / 14:06) 

Agzamen, 20 ýyl bolanynda näme ýaşlara göwni ýetmän , olara iñ bolmanda peýdaly maslahatam berip bilmän üstünden gülüp ýörülse hiç haçanam ösmeýär türkmen edebiýaty. Biziñkiler diñe talap edýär kömek edenoklar.


Täzeje
 (14.11.2024 / 14:10) 

Gerceknazar, aý şol maslahat berilenden soň, ýalňyşy görkezilip şeýle şeýle edilip düzedäý diýip sypaýyçylyk bilen düşündirilenden soň "Bahyllyk edýäň" diýip bilýän bir düşünjesize nädip maslahat berjek ikinji sapar?

 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Kanagatly bende baýdyr soltandan
 14.11.2024 / 14:18

+0

Ýene-de ýüregümde gaýnap duran ýigrenjimi ýazaýjak emma peýdasy barmy? Boldy meň-ä işim bar , gitdim.

 Täzeje
 Agzamen [off]
 14.11.2024 / 14:20

+0

Gerçeknazar!
Üýtgemeýän kanun: Gowy ýazyp öwrenseň gowy ýazmaga-da dowam edersiň, erbet ýazmaga öwrenşen bolsaň erbet ýazar ötersiň.
Ýüzüni ýuwup oturmagyň geregi ýok ikinji gat boýunça atdaş bratok!


Özümiziňki
Gerceknazar  (14.11.2024 / 15:10) 

Agzamen, bu diýýänñize adam kamilleşmeýän , özgermerýän, hiç zat öwrenip bilmeýän haýwan diýdigiñiz bolýar. Ýok, haýwanam ulaldygyça köp zatlary bilýär. Diýmek adam şol durşuna durýan bolsa haýwandanam geçiren bolýarda.


Täzeje
 (14.11.2024 / 15:38) 

Gerceknazar, ýok edil tersini diýýän. Ters düşünipsiň. Gowy ýazmak üçin gowy ýazmaly, gowy ýazyp öwrenmeli diýýän. Kämilleşmän men ýazyp bilemok bar ýazyp bilişim şul diýseň geziberýäň waraklap diýýän

 Öwreniji
 gul [off]
  takvimin en guzel yaprağıýdı seni gordüğüm gün...♥
 14.11.2024 / 15:25

+1

Gaty gowy gosgy hic kimin diyyanine uns bermede yazyber sen... bolmanam hemme kisa yaramaly diyilyan zat yok begen gayta seni ozunden ustin goryandirde suncalap janykyandyr mena son hic gosgusynam halamok manysyzmy birzat son yazyanlary kabiri gkw bolaymasa. Ark yazyber men hemise sen okyjyn bolarn nesip bolsa

 Täzeje
 Tiidaly [off]
 15.11.2024 / 07:45

+0

Maladis yazywer (utanmasañ) yone yazmakan ozun okap goryanmi

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Lolular


gouy eken mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Aixcam_nx (Şugün, 01:25)

Hoşlaşyk aýdymy


Gosgyny okap oz okuwçy dowrum ýadyma dusdi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:01)

Hoşlaşyk aýdymy


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:00)

Soragnama logiki2


Bayrak bermesena bolmoz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:46)

Soragnama logiki2


3 .. kolegesi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:44)

Soragnama logiki2


3 näme...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Dunyodagi (Düýn, 22:38)

Soragnama logiki2


1.gury 2.yagysh we gun 4 diyip bilmez ol gurlanok 51 hepdede 7 gun bar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:31)

Lolular


Gowy eken ýetirip duruň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Sebap (Düýn, 21:35)

Lolular


Su in sonky setirdaki kop nokadyn yerine gelyan soz Pyragydan okamda-da bimaza edipdi. Hazirem bimaza edye. Loly dal-da heley diyyes biz-a on ya...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Belki (Düýn, 21:28)

Lolular


Aşagynda awtory goýulmasa, şol goşgyny Puşkin ýazanam bolsa okasyň gelenok. Üstesine, awtoryň adyny goýmadyk adamy hem sowatsyz hasaplaýan....dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Pegas (Düýn, 20:57)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика