Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Zoruna gittiğini duydum. Güzel yer, ben de gitmiştim!
EÝ, HESER!..
Gytyndan Baron [off] 16.11.2024 / 12:52 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
Eý, Heser, elheder!
Hyýalymdaky
Keşbe juda-juda meňzeýän Eser!
Damakdaky agy ýaly, gözümiň
Owasyndan daşa dyňzaýan Eser!
Eý, giç gelen Ylham!
Eý, göwni Joşgun!
Saçy özündenem uzyn Gözellik!
Ykbaly özgertjek bagta çalymdaş,
Asmanpisint göwni göwne gönezlik!
Sözleň bilen gowulanýar teň halym,
Köňül kölüm gözleň bilen suwlanýar.
Nazaryňa nyşan bolsa (eý, aman!),
Ýanyp duran o:t üşeýär, suw ýanýar.
Eý, gujagy Behişt!
Hijrany — Dowzah!
Kebzelemden ganat çykdy — uçdum men.
Eý, özi bir Dünýä!
Pany dünýäniň
Höwesinden birmahallar geçdim men...
©Sapa HOMMADOW
Teswirler:
Täzeje Saryyevv [off] 16.11.2024 / 13:04+1Gowy eken tasirli
Gerekli @menin_dunyam [off] Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM 16.11.2024 / 23:02+1Elleriñe saglyk galamdaş
Soňky teswirler
Ýokaryk