Garyba pul gerek, köre göz gerek, lala dil gerek, kere gulak gerek, aşyga magşugy gerek, maýyba syna sagdynlygy gerek... Adama görä üýtgeýär bu. Bagt diýen düşünje otnositel zat, konkret däl.
Baron, meselem seize nm gerek bagty bolmagyňyz üçim?
Adalat, ýaşlygym)
Baron, edil hazir siz bagtlymy
Adalat, Hudaýa şükür, hawa.
Häzirki wagtda bagt-a düşünüşim 1-nji-den Ene-Atamyň ýanymda barlygy.2-nji-den 12-süňňümiň sagatlygy ,Ýaşamaga bolan höwesimiň, duýgularymyň barlygy. Başga-başga-da köp gowy zatlar. Bu ýöne başda aýdyşym ýaly diňe häzirki wagtda we ol 1 günde ýa-da 1 sagatda-da üýtgäp bilýär.
BiReYsEl, dogry aytyanyz
Glawny yakynlarmyn janynyň saglygy......ustesnede sukur men hemise bagtly.
Robert Nozik öz filosofiýasyndaky meşhur "Tejribe maşyny" (Experience Machine) düşünjesi bilen bagt we hakykatyň arasyndaky baglanyşygy sorag astyna alýar. Nozik şeýle tejribäni göz öňüne getirýär:
Täsirli bir maşyna baglanyp, öz durmuşyňyzyň iň bagtly, lezzetli, gözel wakalaryny başdan geçirip bilersiňiz. Maşyna baglanan wagtyňyz bu tejribeleri hakykatdan hem başdan geçirýär ýaly duýarsyňyz, ýöne ol diňe illýuziýa, ýagny simülýasiýa boljak. Ine, şu ýerde esasy soraglar ýüze çykýar:
Siz beýle maşyna baglanmak isleýärsiňizmi?
Eger-de bagt we lezzet durmuşdaky iň möhüm zat bolsa, ähli adamlar bu maşyna baglanmagy islemelimi?
Ýöne näme üçin köp adam hakyky durmuşdan ýüz öwürmek islemeýär?
Nozigiň pikiriçe, adamlar diňe bagt ýa-da lezzet bilen çäklenmek islemeýärler, sebäbi biz üçin "hakyky durmuş", "asyllylyk" we "doly tejribe" ýaly düşünjeler hem uly ähmiýete eýe. Adam öz durmuşynda diňe gowy zatlary däl-de, kynçylyklary hem başdan geçirip, özüni kämilleşdirmek isleýär. Bu ýagdaý, adamlaryň diňe bagtly bolmak bilen däl-de, hakyky durmuşyň we ähli mümkinçilikleriň manysyny duýmak islegi bilen düşündirilýär.
Tema gelsek, meň üçin, bagtly bolmak üçin kynçylyklary ýeňip geçmek gerek....
Bagtly bolmak űçin bagta gőreşmek gerek
Hemme yakyn garyndaslarymyn yanymda bolmagy we isleyan okuwyma oz guyjumde girmegim ana bagt