Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Perman : Bilýän köp gürlemeýär, köp gürleýän bilmeýär.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Soňky söz
 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 16.11.2024 / 15:37

Gursakda ýaşlygyň goýan mirasy,
Gujakda çalajan paşmadyk arzuw.
Sensiz, söndi gitdi ömrüň çyrasy,
Men bir sürüsinden aýrylan ak guw.

Senden sowatmady kilometrler,
Dolanjagyň wada berdi sagadym.
Elleri boş gaýdyp geldi ertirler,
Öň ýetene berilmezmiş sowgadam.

Dama-dama köl bolupdyr gussalam,
Ýoklugyňda kim gutarar azapdan.
Kimkä meni ýollaryňa tussaglan,
Yşk belentde eken ölçeg, hasapdan

Gözlerimde armanlarmyň göz ýaşy,
Ellerimde Umytlarmyň jesedi.
Setirlemde adyň boldy sözbaşy,
Duýanoklar aglamasaň ses edip.

Bilýän dolanmarsyň geçen gün ýaly,
Söýgim meniň bilen gabra gömüler.
Seni söýmek dowzah etdi dünýäni,
Başdan başlamagy islär göwünler.

Duşurmadyk bolsa mekdep, dideler,
Ýüregim diňlemän, görmän geçsedim.
Senem meni şygyrlardan idemän,
Bu sözlerim öz agzymdan eşitsediň.

© Süleýman TEKÄÝEW


131

15

4

2

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Baron [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 16.11.2024 / 15:45

+2

"Men bir sürüsinden aýrylan ak guw"

Şuny sürüsinden däl-de, hataryndan diýsene. Guwlaňky süri bolanok.


Özümiziňki
Hyyalbent  (16.11.2024 / 15:52) 

Baron, Pikirleriňiz üçin minnetdar!Gyzyklanyp gördüm ak guwlar süri bolup gezýän ekenler hemde wepadarlygyň simwoly hökmünde seredilýän eken aýrylmaýalar bir birinden bu ýerde bellemegmiň sebäbi, Ak guwlar aňsatlyk bilen öz sürüsinden aýrylmaýalar aýrylan ýagdaýynda örän uly dert çekerler bu ýerdäki gahrymanam ýüregindäki ýary gidenden soň adamlardan daşlaşandygyny ýalňyz galanny beýan etmegi ücin ulanypdym üýgtetsemmikäm ýa şeýle duranda bolmazmyka...


Gytyndan
Pegas  (16.11.2024 / 15:54) 

Hyyalbent, "hataryndan" diýseň, has poetiçnyý boljak eken. Galanynam özüň gör, awtor sen, biz diňe maslahat berip bilýäs.

 Gytyndan
 Baron [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 16.11.2024 / 15:46

+2

"tussaglan" diýen söz ýok dilimizde. "tussag eden" diýip bar. Şony hem üýtgetseň.


Özümiziňki
Hyyalbent  (16.11.2024 / 15:58) 

Baron, Tussaglan bolmaýan bolsa başgarak görnüşde alarynda tussag eden diýseň Gussalar kapýamdan daşlaşjak bolya belliklerňiz hemem pikirleriňiz üçin minnetdar ýene goýjak goşgularyma teswirlerňize garaşýan.

 Gytyndan
 Baron [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 16.11.2024 / 15:47

+2

Başga ýerleri bolýar. Goşgy gowy çykypdyr. Üstünlik hemraň bolsun.

 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Kanagatly bende baýdyr soltandan
 16.11.2024 / 19:43

+1

Senem meni şygyrlardan idemän,
Bu sözlerim öz agzymdan eşitsediň.

Jemlemesini gowśak gördüm. Has güÿçli sözsoñy gerek. Gošgyny juda haladym. Ÿüregme jüñk bolan setirler kån. Üstünlik arzuw edÿän.


Özümiziňki
Hyyalbent  (16.11.2024 / 21:24) 

Gerceknazar, Goşgy zakaz boýunça biriniň real durmuşyndan alnyp ýazyldy şonuň üçin bolup geçen wakalary janlandyrmak gerekdi şoňa içine köp zat salyp bolanok. Minnetdar!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


Standart list tapsam gatnasjak)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Bezzat (Şugün, 01:35)

Owadan yazuw basleșik


2 adam minus basypdyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAY-HAN (Şugün, 00:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy ýazypsyň)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Aurora (Şugün, 00:27)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy bolupdyr,ynjytman mylakatly hem degişmeli edip düzülipdir ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Violetta (Şugün, 00:09)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Pikirleriňize garaşýan......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
medet_mededi (Şugün, 00:03)

Owadan yazuw basleșik


Gatnasyan agzalara ustunlik arzuw etyan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:42)

Owadan yazuw basleșik


Gowy pikir edipsin malades goldayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:41)

Owadan yazuw basleșik


Malades gowy pikir isinde ustunlik gatnasyanlarada ustunlik arzuw etyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAYOGUL (Düýn, 22:36)

Owadan yazuw basleșik


Biderek zat gatnashan tapylarmyka...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Yangyn (Düýn, 22:35)

Owadan yazuw basleșik


Yone her kim bir gosgy dal-de hemme sol bir gosgyny yazsa pocerk yuze cykar yaly gowy bormuka diyyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Belki (Düýn, 21:20)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика