Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Alladdin : Birine palçyk zynjak wagtyň pikirlen,ilki bilen öz eliň hapalanar.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Poeziýa
 Täzeje
 Ahmet [off]
 20.11.2024 / 20:46

Poeziýa

Poezýa näme sen, nirden başlanýaň,
Nirde gutarýarsyň ömri paýawlap.
Sen pişe däl ýa bir iş däl taşlanýan,
Ýa öwrenip saklap bolmaz aýawlap.

Sen duşman däl ýa ýürekdeş dostum däl,
Salaňok ýamana ýagşy hala-da.
Kalpda gaýnap dile gelen tostam däl,
Hem şu beýni hem bu ýürek arada
hiç göze ilmeýän başga akaba,
başgaça işleýşiň, täsin gurluşyň.
Ýa wezipä, seredeňok makama,
Ýöne sen nädip meniň durmuşym
milýardlaryň arasyndan seçipsiň,
gürletmäne dili ejiz bir güňni.
Adam deý görmän kalba geçipsiň,
Ýa meni çyndanam adam görüňmi?!

Ýüregi gozgadyp sähel şemala,
Boýnuma goýupsyň yşgyň halkasyn.
Niçigem bolsa bu derdi aňa,
ýürege salanňa taňryýalkasyn.

Ahmet Arazow


155

10

3

2

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 20.11.2024 / 22:06

+0

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 21.11.2024 / 00:11

+0

 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 21.11.2024 / 00:20

+0

Poeziýa barada aýtmak üçin biraz irräk gördüm. Hemem şu setire düşünmedim.
Ýa öwrenip saklap bolmaz aýawlap.
Şu setirde awtir näme diýjek bolduka?
Awtora üstünlik ýetirip duruň!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


2 adam minus basypdyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAY-HAN (Şugün, 00:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy ýazypsyň)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Aurora (Şugün, 00:27)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy bolupdyr,ynjytman mylakatly hem degişmeli edip düzülipdir ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Violetta (Şugün, 00:09)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Pikirleriňize garaşýan......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
medet_mededi (Şugün, 00:03)

Owadan yazuw basleșik


Gatnasyan agzalara ustunlik arzuw etyan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:42)

Owadan yazuw basleșik


Gowy pikir edipsin malades goldayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:41)

Owadan yazuw basleșik


Malades gowy pikir isinde ustunlik gatnasyanlarada ustunlik arzuw etyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAYOGUL (Düýn, 22:36)

Owadan yazuw basleșik


Biderek zat gatnashan tapylarmyka...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Yangyn (Düýn, 22:35)

Owadan yazuw basleșik


Yone her kim bir gosgy dal-de hemme sol bir gosgyny yazsa pocerk yuze cykar yaly gowy bormuka diyyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Belki (Düýn, 21:20)

Owadan yazuw basleșik


Tuweleme. Goldayan. Gowy tutum tapypsyn. Birinji yerin sayt hasabyna 20 m ikinji yere 1000 ball, ucunji yere 500 ball....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Belki (Düýn, 21:08)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика