Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Azajyk olam idesin diýdim ve hiçhaçan gürlešmedik

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Hemaýat.
 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 21.11.2024 / 14:36

Ejiz adamlara howandar bolmak
Meniňem borjumdyr,
Seniňem borjuň.
Şol borjuň öňünde ejizlemeseň,
Tä ömrüň ötinçä sylagly borsuň.

Onsoň barypýatan ilogly borsuň.
Ejizi goldasaň il seni goldar.
Iliň goldaýarmy - salkyndyr tomsuň,
Kyrkçilläň buzunda daragtyň güllär.

Her basan ýeriňi ulus-il bellär.
Adyň il içinde bolar soragly,
Bir goja tanşymyň aýdyşy ýaly,
O dünýe, bu dünýe
borsuň sylagly.

O dünýe diýmeklik näme diýmekkän?
Bu sowal üstünde oýlanyp köp ýyl,
Ahyrsoňy şeýle netijä geldim:
Senden ile galjak terbiýe, akyl,
Bilim, paýhas, edep, adamkärçilik,
Ýagşy at, ýagşy söz - şodur o dünýä
Bu dünýä inende ynsan diýen zat
Şeýdip o dünýäsin maksat edinýä.
...Ejiz adamlara howandar bolmak
Onuňam, meniňem, seniňem borjuň.
Emma diňe ejizlere gol berip,
Güýçlini unutsaň,
günäkär borsuň.

Ejiziň ýüregne iki söz bilen
Basyp bolýan bolsa ýitmejek gara,
Güýçliniň ýüregne
ýeke söz bilen
Salyp bolar käte bitmejek ýara.

Ejize delalat,
Güýçlä hemaýat –
Biri-birisinden zerur gylykdyr.
Ejizi goldamak - uly zerurýet.
Güýçlini goldamak gahrymanlykdyr.

Awtoryny kim bilýä? )


123

15

4

4

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Baron [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 21.11.2024 / 14:37

+2

Kerim Gurbannepesow


Özümiziňki
Gulmahrem  (21.11.2024 / 14:40) 

Baron, sagja bol ?


Gytyndan
Pegas  (21.11.2024 / 14:43) 

Gulmahrem, özüň goşgusöýer gyz-a seň, neuželi stilinden, ulanýan sözlerinden göni awtoryny tanap bileňok?)


Özümiziňki
Gulmahrem  (21.11.2024 / 14:44) 

Baron, gümanda boldum )

 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 21.11.2024 / 17:05

+1

Gowy gosgy ekeni

 Öwreniji
 MEGAFON [off]
  sada ýürekli bolup söýdüm inni gereksiz
 21.11.2024 / 20:43

+1

Yetirip durun ?????

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 21.11.2024 / 21:42

+1

Gaty gowy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy ýazypsyň)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Aurora (Şugün, 00:27)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy bolupdyr,ynjytman mylakatly hem degişmeli edip düzülipdir ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Violetta (Şugün, 00:09)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Pikirleriňize garaşýan......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
medet_mededi (Şugün, 00:03)

Owadan yazuw basleșik


Gatnasyan agzalara ustunlik arzuw etyan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:42)

Owadan yazuw basleșik


Gowy pikir edipsin malades goldayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:41)

Owadan yazuw basleșik


Malades gowy pikir isinde ustunlik gatnasyanlarada ustunlik arzuw etyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAYOGUL (Düýn, 22:36)

Owadan yazuw basleșik


Biderek zat gatnashan tapylarmyka...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Yangyn (Düýn, 22:35)

Owadan yazuw basleșik


Yone her kim bir gosgy dal-de hemme sol bir gosgyny yazsa pocerk yuze cykar yaly gowy bormuka diyyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Belki (Düýn, 21:20)

Owadan yazuw basleșik


Tuweleme. Goldayan. Gowy tutum tapypsyn. Birinji yerin sayt hasabyna 20 m ikinji yere 1000 ball, ucunji yere 500 ball....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Belki (Düýn, 21:08)

Owadan yazuw basleșik


Ýazan goşgymy surata düşürip seň şahsyňa ugratsak bolmaýamy. ???????...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Orazjan (Düýn, 20:18)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика