Cilnen gije
Täzeje Sardarjan [off] 27.01.2024 / 10:28
22:26Çilnen gije / hekaýa
ÇILNEN GIJE
GULP
Bu gije bolsady bary ekildi, geçmişimiz dökün bolup döküldi. Şu günki durmuşymyzdan gaýry ähli gürrüňler gozgaldy, ýöne gaçyp-gutulyp bolmaýan Häzir ertir bilen bagly ham-hyýalda öte geçmezligi, öten-geçenleri ýatlanymyzda-da häzir bolmagy duýduryp, öňümizde-ardymyzda şlagbaum deýin keserdi durdy.
Söhbetimiz ilkibada dolulygyna açylyşyp gidibermedi. Geçmişiň wajyp sahypalarynyň üstünden aşyp geçýänimiz aňşyrdýardy. Etsem-petsemlerem, göräýmäge, elýetmez zatlar däl: ýoldaşlarymyň biri golaý wagtda düşewüntli iş tapdyrmasa – ýene daşary ýurda gitjekden; beýlekisi ýeterlik pul üýşürinse – paýtagta ýazga girip, jaý edinjekden; men bolsa...
Özüm hakda gürrüň bermegi halamok... Men Omar. Ýoldaşlarymyň aladalary-ha, Hudaýa şükür, meň başymdan sowuldy: ebeteýini tapyp, Aşgabatda ornaşdym, jaý edindim, indi galan ömrümi şoň bergisini üzlüşip ötüräýmek galdy. Kän hak tölenmese-de, bir edarada höwes bilen eýeleýän stoljugym bar, onsoň uçutdan aşak sallanýan kibi, şol stoluň erňeginden ýapyşyp otyryn. Şeýle durmuşa ýetýänçäm menem görgi baryny görendirin, ýöne bu hakda köp oýlanmazlyga çalyşýan. Hatda iki ýoldaşymyň ýanynda-da heniz dostluk çigini berk daňylmanka, geçmişim hakda artyk söz gaçyrmakdan çekinýän. Häzirlikçe şeýle.
Aslynda, biz heniz «Dost» sözünem biri-birimize çala gysganýas, sebäbi tirkeşip ýörenimize onçakly kän wagt bolanok. Iki ýoldaşym bilenem ýol heläkçiliginden soň, tiz kömek hassahanasynda ýatyrkam tanyşdym. Ikisiniňem ýaşy menden kiçi, ýigrimi bäş-otuz aralygyndaky zybyk jahyl, ýöne şeýle düşünjeli, pikirdeş ynsanlaryň saý-sebäp bilen bir palatada sataşmagy göwnüme gudrat bolup görünýär.
Gaýgy-aladasy başyndan agdyk bolsa-da (tünek edinmeli, ýazga girmeli), haçan görseň göwnaçyk, degişgen Tirkiş bilen palatadaş bolduk. Ol islendik adamyň göwnüni tapyp bilýär. Ilki-ilkiler oňa mydama söz öýnadyp ýörşünden sähneräkdir öýdüp, ýüz beremokdym, soň üýnümiz alyşdy gitdi. Hernä, ol menden şol hassahana nädip düşenimi soramady, ýogsam maşynda barýakak bir bela sataşanymy, iň soňky pursatda-da kimdir biriniň: «Seresap bol, Omar!» diýip gygyryşynyň gulagymda galanyny, başga hiç zadyň ýadyma düşmeýänini boýun almaly bolardym. Meni mydama biynjalyk edýän ol ýatlamanyň özem indi düýşe meňzeýär. Alasarmyk, gorkunç düýşe. Menem indi yş gözläp, şol düýşümiň gazamatynda sermenip ýörün...
Hemra bilen Tirkişiň halyndan habar almaga gelende tanyşdyk. Ol hemşerisinden iküç ýaş kiçi bolsa-da, ondan agras. Üstesine-de şahyr. Geň-taň goşgular ýazýar, pikirlenişi, fantaziýasy üýtgeşik.
Tirkiş bolsa kyssaçy. Täsin hekaýalar döredýär. Eserleri düýş ýaly gümürtik, emma dili zor oýnadýar. Menem bir döwür şolar ýaly, döredijilik bilen meşgullanmagy arzuw edýärdim.
Indi bolsa...
Meniň kimligim, nämeligim nämälim.
Ýok, tersine. Belli meniň kimligim.
Edara alakasy men. Tigriň içinde boş pyrlanýan alaka.
Ýigitlere «menem ýazýan» diýdim, aslynda bireýýäm taşlapdym. Öňki ýazanlaryma-da düşünen ýürekdeş ynsan bar diýsem, ýalançy borun. Iki dostumam «eserleriňi okaly» diýeninde, entek üstünde işlemeli, dili ulanyşymam ýabygorly, soň bir gün görkezerin diýip söz berdim.
Käte «Ine, şeýle wakany hekaýa etdim» diýip, saklanybilmän, iki ülpedime bolgusyzja waka gürrüň beräýmäm bar, olaram «bäh» diýşip, başyny ýaýkaşyp diňlän bolýarlar, emma ahyrsoňy birgiden jikme-jikligiň içinde azaşyp, gürrüň berlen zadyň maňzyna ýetibilmän dymyp oturandyrlar. Onsoň men «Şeý diýmek arkaly beý diýmek isledim» bilen, ýazylmadyk eserleriň ýordumyny ýorup bererin, iki diňleýjim bolsa bu gezek samyrtyk «bähiň» üstüne göwün göteriji «bäý-bäni» goşarlar, şoň bilenem edebi tankytlary tükeniberer.
Bu agşamam, ine, meň öýümde jemlenişdik. Ilkinji gezek bir öýde üýşüşimiz.
Oturan otagymyzda poluň üstünde münder-münder örülip, diwara ýaplanan kitaplarymdan hem-de ýeke özi bir çetde kemsinip duran telewizorymdan başga goş-golam ýok. Bäri göçüp gelenime ýaňy iki ýyl dolup barýar, heniz mebel edinmäge ýeterlik pul üýşürip ýetişmedim.
Üçimiziňem aşagymyza düşek, aramyza saçak ýazylan. Şeraby çekilen çüýşeler gany sorulan maslyga... ýok, bu deňeşdirmäni öň başga kişi ulanan bolsa gerek. Adamzat edebiýatynyň şeraphory azmy näme?! Üstesine-de, biz şerap halamzok, onuň ýerine arpa suwuna sarpa goýýas... Bu-da aýdylandyr görseň! Buzahor geçen asyryň edebiýatynda häli-şindi gabat gelýän gahryman ahbetin. Ýene çaýdan göwnejaýy ýok öýdýän. Ýöne onuňam tarypy juda döwrebap bolaýýar, Tirkiş bilen Hemra ikisiniň bolsa döwrümize bap gelýän ýazgylara ýeňse damary gataýar... Şonuň üçin, goý, bular kofe içibersinler... diýip gülüşýäs.
Indi habary kimden al? Gije oýa oturan başga hiç kesiň ýoklugynda, ýene şu üç kofehor ýigitden al. Çardagly bolmasa-da, Çandybil söwda merkeziniň gaýrasynda hatar guran ak öýleriň birinde üçimiz bir adam ýaly bolup, tokly tüňçäni gaýnadyp, ajy kofe süzüp otyrys. Dolulygyna göz öňüne getirmegiňiz üçin, elimdäki käsämiň aslynda sapy döwlen çaşkadygynam agzap geçmeli. Heläkçilikden soň meniňem şu çaşkadan parhym ýok.
Gürrüňleriň raýyşynda gozgalmadyk gepbaşy galmady. Bir edebiýatyň, bir-de futbolyň, az gazanjyň hem kän harçlamaň başy agyrdyldy. Men-ä kellämiň göçgünine heniz dört ýaşamadyk oglumyň öz müçesine mahsus bolmadyk kesgirje akyly bilenem magtanypdyryn (meger, oglumyň özem kakasy hakda hiç haçan beýle öwünmez).
Wagtyň ygrary ýok: sagadyň kiçi dili gije ýarymnyň astyndan çykyp, göýä: «Sen meniň ýekejäm!» diýýän ýaly, dikgerip duran birligiň aýagyna ýykyldy, bahym oňa-da ikilik etjekden. Uly dili bolsa hasam bitakat, baran ýerinde uzak eglenmän, töwerekde şaýradyp ýör.
Içilendigi gümürtikligine galan arpa suwunyň täsiri çalaja kellä urdy. Hemaýyn gürrüňler üç tümmek çigit gabygynyň aşagynda gömüldi.
Gülkimize o jaýdan aýalym geldi. Gapydan çala kellesini sokup, ýellenen gabaklaryny süzüp durşuna, bir zatlar pyşyrdaýar. Derrew turup, ýanyna bardym.
– Näme diýýäň?
– Ýuwaşrak güläý-dä, Omar. Ogluň ýaramaýanyny bilýäň-ä, ozalam zordan ýatyrdym.
– Bolşuň nähil-äý! – diýip, gaharymy basyp, oglanlara eşitdirmän, sesimi peseldip gürledim. – Ýatyber-dä geçdänim. Gap ýapyny, ses barmaz.
– Diliň peltekläp başlad-a, haýran. Içme-dä kän. Çynym bilen diýýän, seresap bol, Omar! Sen pyýan boldugyň, üýtgeýänsiň. Maşgalaň-çagaň gözüňe görnenok, dünýäni unudýaň.
– Hany, keýwany, sesiňi kes-de, geçdänim ýat. Özüm gowy bilýän etjek zadymy.
Ol gözüniň owasyny ýaşdan dolduryp, ýatýan otagyna geçdi. Balkyldaýan gözlerine çilim basasym geldi.
KESINDI
Tüsselemek üçin balkona çykdyk. Ýaşaýan jaýymyz akkordeonyň garny ýaly, birgeňsi egrem-bugram edilip gurlan. Çagalar düzgi oýunjaklarynam şundan göni diker. Bu gurluşykçylaň konstruktor bolaýşyny.
Goňşular bilen penjirelerimiz biri-birine çiňerilişip dur, aralaram ýakyn. Onsoň gürrüňimizi birçak uka giden jemagatyň gulagyndan aýap, hyşy-wyşy etdik. Pyşyrdaşmaň adamlary syrly söhbete iteräýmesi bar eken.
– Çagakam... bolsam dört ýaşlarymdadyryn, otluçöp oýnap, aşhanadaky penjirämiziň tutusyny tütedipdim – diýip, hiç sebäp ýok ýerden pynhan pikirlerimi paýlaşyp ugradym. – Onuňam matasy sintetik bolansoňmy nämemi, dessine lowlady. Ýerimdenem butnamadym, gygyryp kömege çagyrmalydyram, gaçmalydyram öýtmändirin. Jadylanan ýaly, gyzyl dilli ýalnyň tutyny ýalmap-ýuwduşyny synlap durupdyryn.
Tirkiş, hamala, hakyda getiren şol ataşymyň bir dilini şu ýerde şu wagt çykaryp görkezjek bolýan ýaly, birki ýola çakmagyny çakyp öçürdi. Jyrk. Jyrk.
– Onnoň beýleki jaýa ýanygyň ysy ýeten bolmaga çemeli, ejem, uýalam ylgaşyp geldiler. Içi mydama suwdan doldurylgy plasmas grafin bardy, serpdiler şony oda. Gyrantdan ýene suw aldylar, garaz, başagaýlykda derrew söndürdiler...
Sözümiň arasynda pikirlerimi çugdamlap, aşakda gurjak öýüne meňzäp duran çagalar bagynyň binasyna agzymdaky awuly tüssäni üfledim. Meň oguljygymam şoňa gatnaýardy.
– Soňam ejem daşyma geçdi. Kakam şo gün öýde ýokdy öýdýän. Ýa meň üçin şol ýatlamada ýok kakam, bilmedim, ýöne ejem käýäp durka birden otluçöpi aldydanym, kükürdini böwrüne sürtüp, ilki ýüzüme, soňam elime ot basjak bolýan ýaly edip, gorkuzyp başlady. «Ýene ot oýnasaň, meýdiňi ýakaryn! Oýnajakmy ýene ot bilen?»...
Men barmaklarymyň gaýçysynda kiçelen çilimi sekirtmegiň erňegine basyp söndürip, naýçany aşaklygyna pitikledim.
– Ýüregim ýarylyp, wägirip aglapdym, onda-da ejem wagty bilen elimi goýbermedi. Otluçöpüň özi köýüp gutarýança goýbermedi. – Ýoldaşlaryma garadym. Ikisem aýyplykda tutulan çaga ýaly boýunlaryny burup, diňläp durdy. – Ejemiň maňa ýamanlyk islemänine akylym çatýar, onuň elime ot basmajagyna-da indi düşünýän, terbiýelemek üçin şeýdendir. Ýöne çaga şeýle ýowuz sapak berilmegi hökmanmydy?
Tirkiş egnini gysdy:
– Indikile öýi oda bermeziň ýaly, berk hem aýgytly çäre görülmegi, belki, dogrudyram. Käte şeýle ýowuz daraw gerek bolmagam ahmal. Çagaň özi üçin, öý-ojagy howply bela-beterlerden goramak üçin. Bilmedim-dä... Onsoň ýöne, görýäňmi, şol ýatlama aňyňda köräp galaýýar, henizem içiň tüteýär...
Hemra-da uzak oýlanmadan soň öz pikirini aýtdy:
– Ýok. Hökman däl. Birinji gezekde berkräk käýeseň ýeterlik. Çaga sesiňdäki haýbatyň özem köz basylan ýaly degýär. Ýöne kükürdi elýetmez ýerde goýmaly.
Şeý diýilende, nämüçindigini bilemok, içimde ýanyp duran duýgulary dilime getirdim:
– Ejemiň şol eýmenç sapagyny menem soň öz oglumda gaýtaladym. Hajathanada duran kükürdi oýnap ýörkä duýdansyz üstünden bardym-da... Garaz, oguljygymyň zähresi ýarylara gelip, wägirip... balagyny ölledi. Gijelerine ýerine siýmäge başlady... Indi özümi ýigrenýän, oňa öňde-soňda aýdan gaty gaýrym sözüm üçin özümi itden beter ýigrenýän. Göwnüme, çaga şol sebäpli menden heder edip, gözüme görünmänini kem görmeýän ýaly.
Dostlarymyň ikisem nägilelik bilen başyny ýaýkady. Bu hereketleri aýdylan zada degişlimikä ýa meň şeýle içgin gürrüňi paýlaşyp bilşime?
Ikisine-de bolmagy mümkin. Ýöne indi ara giren oňaýsyzlygyň ýoguna ýanmak üçin olaryňam maňa bir pynhan ýatlama bergilidigi düşnükli boldy.
Gündiziň azabyndan dynan halaýyk jaýlaşykly ýatyr, üstüne ýorgan örtülen tümmekler gijäniň gujagynda aram tapypdyr...myka diýýän. Anyk bilemok (balkonda duran ýerimden ony näbileýin?), ýöne şeýledir öýdüp, pikir öwüräýýän.
Gürrüňdeşlikdäki böwetleriň biri yrandy, çekinjeňligiň, her sözi dilden sypmanka ölçerip-dökmäge mejbur edýän bentler ýaryldy. Erkin pikir akymyna ýol arçaldy. Bu akymdan ilki Tirkiş gaýygyny goýberermen boldy. Ol birsalym oýurganyp duranyndan soň, ahyryn kyssasyna girişdi:
TIRKIŞ
– Okuwçykam gaty betdim-äý. Hiç kimi diňlämokdym, äsgeremokdym. Hasam kakam ýogalansoň beterleşdim. Bar zada... goýup, çilim çekip, özümden ulular bilen içip, sögüşip, urşup ýörýädim. Mugallymlar hokgalaryma çydamady, tanyş oglanlaryň birini suwa salym ýenjenim üçin ahyryn başga mekdebe geçirdiler.
Elimiz ýukady. Ejem wokzalda tam süpüriji bolup işlärdi, öýde-de menden başga iki sany gyz jigim boýnunda. Ilden kem etmejek bolup, kem-kemden bili bükülip barýa. Şol halyna menden gelýän şikaýatlar oňa artykmaçdy. Käýinip, aglap-eňräp oturandyr, öýüň içinem haçan görseň korwalolyň ysy tutar...
Ine, tomus dynç alyşynda öýe agam geldi – kakamyň uly dogany. Ejem ýaşmagyny dişläp otyr, ýaňkam: «Diňle, gelin, sen bu berebekgeýi maňa tabşyr. Goý, iküç aý bizde ýaşasyn, men muny adam edeýin, baş öwredeýin. Ýumruk ýaly oglana bek ýumruk gerekdir» diýdi.
– Agaňam şeýdip söz oýnadyp gepleýärmidi? – diýip, Hemra gürrüňiň arasyny böldi.
– Ýok-laý, aşa keşbe girip, şeýle gürledäýdim. – Tirkiş ýylgyryp, gürrüňini dowam etdi. – Onsoň agamlarda ýaşadym üç aýlap. Ol meni işe saldy. Gurluşyk harytlary satylýan dükanda satyjylyk etdim.
Agamdan zyr syçýardym – ýamman gorkunç, gödek adam. Oglan diýip, dözümsizlik edenok.
Öýde dagy mes ekenim. Nahary ejem herimize aýratyn tabaga guýup berýärdi. Bularda bolsa ululygy şol tabakça ýa bar, ýa ýok, ýekeje okara orta goýlar welin, çoz-a üstüne! Agam, gelnejem, dört doganoglanym, üstesine-de iň ulusynyň gelni... barysam menden daýaw, şol okara hüjüm edýäs, onsoň mydama bir garnyň aç, bir garnyň dok gezip ýörensiň. Şeýdip iýilende zakgunam bala dönäýýär.
Aşgazanyňy çilim tüssesi bilen doldurjak gümanyňam ýok, her agşam öýe gelemizde, agam sözüň göni manysynda agzymyzy ysgap görýär – ogullarynyňam, meniňem. Onsoň üfläniňi püflese, gulakdüýbüňe kakar welin, degen ýeri kakmaja dönüp, gözüňden şor suw akar.
Dogryny dogry aýtmaly, ol maňa tokdan, tehnikadan baş çykarmagy, ony-muny bejermegi öwretdi. Ýöne... beýleki tarapam bar.
Şol tomus olar öýlerini remont edermen boldular. Gerek-ýarak zatlarynam meň dükanymdan aldylar. Bir zadyň puluny töleseler, başga zatda doganoglanlam: «Aýlygyňdan aýyrdyp goýber, senem şu öýüň çöregini iýýäň, goşandyň bolsun» diýdiler. Ahyrsoňy okuw ýyly başlap, dükandaky işimden gaýdanymda, almaly aýlygyma derek, ondan iki esse bergili boldum. Bir bölegini ejem üzlüşdi, galanyny başlygym, ýat adam, «sadagam bolsun» diýdi.
Onsoň çynym bilen okap başladym. Kakam, aýdyşym ýaly, aýatda ýok. Zordan günemamyzy görýäs. Şoň üçin mekdebi gutaran ýylym uniwersitete girmekçidim. Şäherde ýaşaryn, talyp hakyny alaryn, gapdalyndanam gazanç tapynyp, öýdäkilere-de tekge bererin diýen tamam bardy. Şoň üçin öz güýjüm bilen filologiýa fakultetine synanyşdym.
Edebiýat bilen türkmen diliniň synagyndan-a ýeňil geçdim, ikinji, taryh synagynda-da üstüme ep-esli sorag ýagdyrdylaram welin, jogapsyz galdyrmadym, özümiň halaýan ugurlam bolansoň, gowy taýýarlanypdym. Şolaň ikisinden geçdigiň – okuwa girdigiň biläý diýýärdiler, sebäbi üçünji synag häki bir yrym-ýom hasaplanýardy. Emma ýene şol yrym üstüme garga sürüsi boldy, meni ompa oturtdy. «Ruhnama» bilen bagly bir bolgusyz soraga büdredim. Ýykyldym.
Şonda gaýdyp bärde okuwa synanyşmaryn diýen karara geldim. Derrewjigem daşary ýurtdaky uniwersitetleriň birine resminamalarymy ýolladym.
Garasaý, bärdäki giriş synaglaryna taýynlanýan uçurlarym bir gyza sataşdym. Özem hakyt sataşaýmaly ýerinde – kitaphanada!
Okan kişi bolup otyryn, ünsümem başga ýerde – kitapdan üstaşyr iki stol aňyrda ornaşan gyzy synlaýan. On-on bäş neşiri dagy öňüne düzüp, birini açyp, beýlekisini waraklap, kä ýerini depderine göçürip alýar.
Garaýşyň fiziki güýji bar. Adam, köplenç, özüne seredilýänini duýýar. Bu duýgy sokur körlere-de berlen. Olarda dagy hasam kämilleşen bolmagy mümkin. Emma ol gyz körem däl. Gözi-gaşy ýerinde; özem synasynyň ähli agzalary ýaly, juda ýerlikli oturdylan. Ýöne öňüne diwar edinip ören kitap galasynyň içinden maňa diňe kellesi görünýär.
Ine-de, ol özüni synlap oturanymy duýdy. Gözüni galdyrdy. Menem ýene kitaba dümtünensirän bolup, ýylgyrdym. Soň men gözümi galdyrdym, ol kitabyna güýmenen bolup, gaşyny çytdy. Şeýdip, birsalym nazarlarymyz bukuldym oýnaşdy.
Hemme zat jikme-jik ýadymda.
Ahyryn sabyr käsäm çogup ugrady. Zatlarymy alyşdyryp, ol gyzyň edil garşysyna bardym. Kitaphanaň bu böleginde ikimizden hemem sargythanada irkilişip oturan daýzalardan başga janly-jemende ýok. Şonda-da soran bolýan: «Bu ýer boşmuka?»
– Samsyklyga salmaň – diýip, ol gyz ýüzüni galdyrman jogap berdi. Hernäçe sowuk gürlejek bolsa-da, sesi mylaýymdy.
– Onda, garşy bolmasaňyz, oturaýjak – diýip, rugsada garaşman, oturgyçda ornaşdym. – Şu ýeri has ýagty ekeni.
– Sizem mör-möjekler ýaly, ýagtylygyň gözleginde uçganaklap ýörenlerdenmi? Mydama gözlegdemi?..
Göwnüme degip, dynjak bolýarmy ýa nähili jogap taparka diýip, synagdan geçirýärmi, bilmedim. Megerem, öňündäki neşirler zoologiýa, haýwanat dünýäsine degişli bolansoň, aňyna geleni şeýle deňeşdirme bolandyr?
Menem jogabyny sugşurdym:
– Ýok, men perwana bolup, oduň daşynda pelpelleýänlerden.
Olam dodagyny göwnüýetmezçilik bilen kemşerdip, bäý-bä diýýän ýaly, başyny ýaýkaýar. Gözi şindizem kitapda.
– Kelläňizde diňe bitler, çybyn-çirkeýler otyr öýdýän – diýip, bu sapar men göçüm etdim.
– Bildirýämi? – diýip, maňa gözüni alartdy. – Belki, size-de geçmez ýaly, menden gaçarak durarsyňyz?
– Aladaňyz üçin sag boluň! Maňa adamlaň birek-biregiň ganyny soruşyny öwrenmegimiň özem ýeterlik – men taryh bilen edebiýaty okap ýörün. Siziň öwrenýän biologiýaňyz özüňize nesip etsin.
Gyz:
– Entomologiýa – diýip, düzediş berdi-de, ýene kitabyna garady.
– «Enteme ýog-a» diýýäňmi?
– Mör-möjekleri öwrenýän ylma entomologiýa diýilýär.
– Baý-bow, ojagazlary beýleki jandarlardan aýratyn öwrenýälermi ýa?
– Öwrenjek bolýarlar welin, taryhçylar hem edebiýatçylar päsgel berýär...
Bujagaz «şarpykdan» soň men «çaknyşygyň» has gyzgalaňly gitjegine düşündim.
Çekinip durman, hiç hili sypaýyçylyk-eýlekä-de boýun egmän, elimi gursagymda gowşuryp, gönümel ýüzüne tiňkämi dikip oturdym. Ol maňa hiç hili üns bermedik boldy, ýöne çalaja, ça-a-laja ýylgyran ýalam etdi.
Men bu ýaşyryn ýylgyryşy bir söz bilen ýüzünden syryp-süpürdim:
– Siz meniň ömrümde gören iň owadan gurçugym!
Ýüzi üýtgäp gitdi, kitabyny taşlap, maňa aňk-taňk bolup oturdy. Näme jogap berjegini bilmedi. Täsirli dymyşlygy uzaga çekdirmän, dowamyny aýtdym:
– Iňlislerem, orslaram, türklerem köp kitap okaýan adama «kitap gurçugy» diýýäler. Ýalňyş düşünip, göwnüňize alaýmaň. Bu stereotip bolaýmagam ahmal, ýöne siz ýaly gözeliň şeýle okumyş, üstesine-de, şeýle akylly bolup bilşine ilkinji gezek gabat gelýän. Siz – fenomen!
Ol birgeňsi ýüregeziji nazar bilen ýüzüme bakdy, soňam ahmyr gatyşykly gynanç bilen dil ýardy:
– Sizde meň akyl-sowat derejämi kesgitlär ýaly hiç hili esas ýok. Aýdýanyňyz çyn bolsa, birwagt okuwa alardylar. Men eýýäm iki gezek synagdan ýykyldym.
– Awunmadyň dälmi? – diýdim.
Teý ahyry ýylgyrdy...
Ara giren uzak böwşeňlikden soň Tirkiş ýaňaklaryna howa üýşürip, birden uly ses bilen owfuldady:
– Ol gyzy maňa dözmediler. Nämüçindigini soramaň...
HEMRA
– Menem söýdüm söýülmesiz juwany – diýip, indi söz nobatyny Hemra aldy. – Menden başga bagtly baryn bilmedim... Bu barada bir eserimde ýazypdymam.
Okuwçy döwürlerim biz bilen parallel synpda – ors bölümde okaýan türkmen gyzlaryň birine aşyk boldum. Beýleki ýetginjekler-ä onuň görkünde alyp barýan özüneçekijilik görenokdylar: garaýagyzja, ortadan kelteräk boýly, ýüzi tegelek, tos-togalak gara gözli gyz.
Ýöne her saba mekdebiň öňünde köpçülik bilen hatara düzülip, golumyzy gursagymyza goýup, Watan üçin dilimizi-elimizi guratmazlyk barada kasam okaýançak, özüm-ä elmydama dilden-agyzdan galyp, el-aýagymy ýitirýärdim, demim tutulyp gidýärdi. Şol gyzdan nazarymy sowup bilemok, didaryndan ganamok. Kiçijik torbajygyny goşaryndan sallap, edep-ekramyň çäginden çykman, bilini çalaja iki ýana çaýkap ýöreýşi ýüregimi elendirýärdi.
Ilkinji goşgymam şol gyzy taryplap ýazypdym. Haýp, şo wagtky ýygralyk gursun, hiç söz gatyp bilmedim. Janym-tenim bilen halanym üçin şeýledir.
Ahyryn ýaz günleri barja batyrlygymy ýumrugymda gysymlap, gysgajyk arakesmeleriň birinde ýanyna bardym. Adyny soradym, ýogsam bilýädimem. Bilmek aňyrda dursun – aýdym edip aýdýadym! Oňa öz adymam aýdan boldum, endam-janymam sandyraýar. Şeýle tolgunýan. Olam togalajyk ýiti dideleri bilen garagymy burawlap barýar. Agzymdan gaçjak indiki söze dili agyr çagany gepledýän logopediňkä barabar sabyr-kanagat bilen garaşýar. Men bolsam öň aýnaň öňünde ençeme ýola türgenleşsem-de, ýatda beklän sözlerimi dile getirip bilemok, ýogsam aýnadaky özümi-hä ogşarlyk derejede yrmagy başarýadym. Üstesine-de, ilki ýüzlenenimde orsça jogap berensoň, meniňem şo dilde gürlejek bolşumdy.
Gaty gözgyny ýagdaýa düşdüm. Taýýarlanamda dil meselesine aň etmändirin. Hernä, ebeteýini tapyp, sapaklardan soň, garşy bolmasa, öýüne çenli ugratmakçydygymy aýtdym. O-da garşy çykyp durmady. Yzýanam jaň kakyldy. Herimiz öz sapagymyza bardyk.
Şo gün meniň-ä derslem irräk gutardy, ol bolsa ýene 45 minut eglendi. Daşarda, mekdebiň öňünde iki-ýana ýöräp garaşdym.
Şol arada – şol 45 minutjygyň içinde bar zat üýtgedi. Arşy-agzam lerzana geldi, gögüň ýüzi garalyp, tupan turdy. Tebigat bolmajysy boldy. Menem içimden: «Nätseňem, şu ýerden-ä butnaman» diýip durun. Hutma-hut jaň kakylan wagtam, üýşmekden bölünip, ýeke-ýalňyz galan içigara bulut edil mekdebiň üstüne buşukmaga başlady.
Ol gyzam daşary çykanda bu gopup duran harasady görüp, başga hiç zat ýadyna düşmän, torbajygy bilen ýagyşdan goranyp, öýüne tiz-tiz ylgap gaýtdy. Yzyndan ýetjek bolmagyň manysy ýokdy.
Sadagasy bolaýyn ýagyş şol gyz gözden ýiten badyna kesildi. Mekdebiň üstünde ýaňsylaýjy älemgoşaram peýda boldy. Ýeke men uly köçede ezilip galdym.
Şol hepde agyr dümewläp, ýüzüm-gözümden ýaş akdyryp, burnumyň ýülügini çekip, okuwdan galmaly boldum. Ondan soňam üçünji çärýegiň dynç alşy ýetip geldi.
Indiki gezek ol gyzy bir aý soň, mekdepden öýüne eýýäm başga bir oglan bilen gepleşip, gülşüp barýarka gördüm.
GULPDAKY ADAMLAR
Iki ýoldaşym gaýtmak bilen boldy.
Lift çagyrdyk. Ol biziň gatymyza ýetip, öňümizde gapysyny açýança, başym aýlanyp başlady. Içenim-ä bary-ýogy birki çüýşejik welin, täsiri helemüçük däl eken. Muň üstesine-de, liftiň dört tarapy aýna bolansoň, keşpler gaýtalanyp, içi özüm ýaly ýaş ýigitlerden hyň berýäne döndi. Düşüp barýarkak, lift ýarym ýolda ýakymsyz yrgyldap, çaýkanyp gidende dagy, ýüregim bulanyp, tasdan gusupdym, edil şol pursadam aňymyň teýinde çirkin aýal gykylygy ýaňlandy.
Soňky döwürler klaustrofobiýa döredi öýdýän mende. Diňe:
– Seresap bol, Omar! Liftiň gapysy ýapylýar – diýip, Tirkiş egnime elini goýanda özümi tutdum, daýandym. – Saglykmy, dost? Bolmasa, öýe galyber sen! Ugratmak hökman däl.
– Ýok, bar zat gowy. Şü... demir içinde gabalmagy halamok.
Jaýyň arka tarapyndaky çykalgadan daşary ätlänimizde, ýüzümizi pessaýja şemal sypady. Edil basgançakdan düşen ýerimizde Hemranyň ak ulagy durdy.
Tirkişden:
– Senem Hemraň maşynynda geldiňdämi? – diýip soradym.
– Ýok, özümiňkide. Hanhajykka!
Ol zibil atylýan uly konteýnerleriň bärsinde, bassyrmanyň golaýynda duran, Hemraň ulagyndan hiç hili tapawutlanmaýan maşynyna tarap görkezdi.
– Dost – diýip, gara çynym bilen haýyş etdim. – Dost jan, ýaňy iküç litri jyňkydanymyzy unutmagyn. Meniň-ä şu wagt gözüm garaňkyrap, serim sämäp durandyr. Senem bu halyňda rula ýapyşma!
– Bäý, bu gün terbiýeçilik işlerini geçiribildiňiz-ä... – diýip, Tirkiş ýylgyrjaklady. – Bor, dostum, bor, gaýgy etme. Hemra bilen gaýdaryn. Maşynyň yzyndan ertir geläýerin. Bolýamy? Oňa deňiç ýükläp, alyp gidesleri ýog-a?
– Dursa-durubersin welin, gijäni bizde geçiräýmeli ekeniňiz – diýip, ýene bir ýola maslahat atdym, emma ikisem şo bir aýdanyna tutdurdy: «Ýok, dost, ýok, ertir etmeli-goýmaly işlerimiz bar».
– Geliň, onda otuň üstünde dyz epip, ýene bir çilimiň başyna merhum indusyň gününi salaly – diýip, Tirkiş jaýyň gapdalynda seteran duran arçalara ümledi.
– O taýjykda dyzeperli, syrtgoýarly bassyrma-da bardyr – diýdim.
– Ýoklaý, basyrylyp oturmalyň, menem ene topraga kök urasym gelýär – diýip, Hemra-da Tirkişiň teklibini goldady.
Üç bolup, gür ösüp giden otuň üstünde aýbogdaşymyzy gurduk. Töwerek-daş imi-salalyk. Köçe tarapdan seýrek maşynlar wazlaşyp geçýär. Çyralaryň daşynda ownujak çirkeýler gaýmalaşyp ýör. Oturan ýerimizi golaýdaky «Terbaş» atly dükanyň diwaryndaky ullakan ekran ýagtyldýar, ýüzünde köpöwüşgünli nagyşlar, göller gezekleşýär.
Şäheriň reňbe-reň yşyklary asmanyň hünni ýüzüne boýag çalypdyr – depämizden ýoduň erginine batyrylan pagta çalymdaş goňrumtyl bulutlar asyl-asyl bolşup barýar... Belki-de, meň garaýşym tersdir? Belkem, şäher asmana gyzamygyny ýokdurman, asmanyň özi bu şäheriň hiç kesmeklemeýän ýarasyna derman basjak bolýandyr? Megerem, ol ahyr bir gün otuň üstünde aýbogdaşyny gurup, atanaga öýkünen üç nokatjyga-da em eder? Ýa meň bu pikirlerim howadaky çygly bulutlaryň özi ýaly howalalymy, suwjukmy?
– Ýagşyň ysy gelýärmi? – diýip, ümsümligi özüm bozdum.
Ýoldaşlamdan ses çykmady. Olar tämiz şemalyň mährine gözüni ýumup otyrdylar. Tirkiş hatda çilim otlanmak niýetinden ýüz öwren ýalydy.
Ýene Hemra ýüzlendim:
– Ol okuwçy gyza soň näme boldy? Ýanyndaky oglany tanaňokmydyň? Gepleşseň, aradan aýryl diýseň bolmadymy?
Ol çala arkan agyp, iki eline direndi. Ýüzüme garap, soragly nazarymy ölçerdi. Çynym bilen gyzyklanýanyma gözi ýetenden soňam, ardynjyrap, hälki gürrüňini dowam etdi:
HEMRA
– Mawygöz Mahmyt... Men ol berebekgeýe beletdim. Käte biz bilen futbol oýnaýan teti oglandy. Gyzlar, nämüçindir, köplenç şoň ýaly lellim çaýkawlary halaýar.
Ýaňky ikisi soňabaka häli-şindi gözüme düşüp başladylar. Gyz köpçülikde onuň golaýynda görünmejek bolýardy, ýöne men olaryň her bir gizlin yşaratyny tutup ýetişýädim. Bir gezeg-ä naharhanada adam-gara ýok wagty ruh çagyrjak spiritualistler ýaly el tutuşyp oturyşlaryna-da şaýat boldum.
Özüme-de, çäre ýok, gyz şol nalajedeýini saýlan bolsa, şoň bilen bagtly bolsun diýip teselli berýän. Şo döwür diňleýän aýdymlarymyň sözlerem meň düşen ahwalymy beýan edýän ýalydy, birisi: «Seni ýagşyň damjasyndan, mylaýym säher şemaldan gabanýan!» diýip zörletse, ýene biri Nury Hudaýgulyň sesi bilen bagrymyň ganyny sykýar:
«Beýle bolsa gözel gyz,
men azara galmaýyn.
Iki gül arasynda
biten tiken bolmaýyn...»
Ol günler indi-indi gülki bolup görünäýýär. Aslynda men agyr ejir çekýärdim. Hernä, duýgulara gezek gelende, ýetginjegiň immuniteti jahylyňkydan bekräk bolýan eken.
Ine, bir günem futbol oýnamak üçin ýygnanyşamyzda, Mahmyt oglanlary daşyna üýşürip, aňňyrdan – meýdançaň gapdalyndaky ýanýodadan iki jorasy bilen ýöräp, bärdäkilere hiç hili üns bermän barýan şol gyza barmak çommaltdy-da: «Häzir şony nädýänime bir serediň!» diýip, telefonundan jaň etmäge durdy, sesinem daşyna eşidiler ýaly etdi. Şol mahalam gyz ýöräp barşyna birden torbajygyny dörüp başlady-da, nämedir bir zada büdräp, edil ýykylmasa-da, çala entirekläp gitdi.
Oglanlar muňa gyzyl-gyran gülüşdiler. Men ýumrugymy dişläp, zordan saklanyp durdum. Gyz soň jaňyna jogap berdimi-bermedimi, indi ýadymda ýok. Ýöne oýna başlamyzda, men Mahmyda garşy topara goşuldum. Oýnuň içinde ýörite pursadyny peýläp, bat bilen üstüne sürnüp bardym-da, döşüne süsdüm. Ol ýykylyp ýatan ýerinden: «Näm-ow, regbi oýnaýaňmaý?» diýip hüňürdese-de, maňa jogap bererden ejizdi, ýene özüm degsinip, üstüne süründim. Ony ýere ýazyp, ýüzüne ýumruk ýagdyryp ugradym. Oglanlar üýşüp çekip aýyrjak boldular, menem hiç eýgertmän, ýüzüni pers-ala edip ýençdim. Burnuny, gözüni, agzyny gara gana boýadym. Gaýdyp hiç kime gözüni-gaşyny kakyp bilmez ýaly ýagdaýa getiresim geldi, mysalasy görer ýaly bolmazlygyny isledim. Içimde şoňa deňiç toplan bar gaharymy çykardym. Gazabymy gandyrdym.
Ahyryn iki goltugumdan tutup, aýak üstüne galdyrdylar. Dikelip, başymy göteremde, daşymyzy gallap, maňa gorky bilen seredip duran okuwçylaryň arasynda şol gyzyňam duranyny gördüm.
Hemra bu gürrüňini tamam edip, bir ýana gyşardy.
Zähretelek bolan garaja gyzyň suraty indi meniňem gözümiň öňünde janlandy. Gorkudan ýaňa öňküsindenem beter tegelenen ýazgaryjy gözleri ýüzümi ýere basdy. Uruşly ýerinde menem biygtyýar ýumrugymy düwüpdim, indi şol oslagsyz gahar-gazabym üçinem öz ýanymdan utandym.
Mende-de beýle zalymlyk bar eken.
TIRKIŞ
– Ýeri bolýar, menem gürrüň bereýin – diýip, indi Tirkişiň özi içini döküp başlady.
Men otuň üstünde iki elimi ýassyklap ýatan ýerimden ony goňras bulutly asmana garap diňleýän.
– Gürrüň ber, dost!
– Gürrüň ber.
– Kakam ýogalanda älem-jahana gaharlanyp, öz ýanymdan bütin dünýä garşy topalaň turzup ýörenimi aýdypdym. Ýöne onuň nähili ýagdaýda ýogalanyny bilýän adam az. Ol döwür tanyş-bilişlerim, mekdepdäki ýoldaşlarym, mugallymlarym bar zatdan habarlydy, ýöne bärik, paýtagta gelip, ol hakda hiç kimiň ýanynda dil ýarmandym.
Men gaty kakaçyldym. Başgalaryň nähili pikirdeligi bilen işim ýok, men ony gowy adam hasaplaýadym. Olam meni, uýalarymy, ejemi jany-teni bilen söýýädi. Kim näme diýse şony diýsin, ýöne oňa bizden belet adam ýokdy.
Ine, bir günem öýümize ak köýnekli, gara jalbarly, elleri şygyrdap duran rasiýaly birgiden adam güpürdeşip girdi. Edil meniň hemem aglap duran uýalarymyň gözüniň alnynda ellerini arkasyna gaňryp, kakam bilen ejemi öňlerine salyp alyp gitdiler. Kakam şo ikarada-da bizi köşeşdirjek bolup ber-başagaýdy: «Aglamaň, çagalar! Hiç zatdan gorkmaň!» diýdi. Maňa jigilerime göz-gulak bolmagy, hossarlarymyza habar etmegi tabşyrdy. «Bahym gaýdyp geleris» diýdi.
Emma ertesi diňe ejem yzyna geldi. Uzakly gije bagryna gysylyp, aglap ýatyşymyz ýadyma düşýär. Birki aýdanam goşary gandally kakamy südürdikläp, kazyýet edarasyna eltenlerinde soňky gezek gördüm. Ýok, çaga bolamsoň, elbetde, meni suduň içine goýbermediler, ýöne ejem «Kakaňy görersiň» diýip ýanyna alypdy. Belkem, meni kazyýet işgärlerine görkezip, ýüreklerini awatjak bolandyr. Kim bilýä? Eger şeýle bolsa, özüme ýüklenen roly biygtyýar gowy ýerine ýetirdimmikäm-ä diýýän, kakamyň boýnuny burup barşyny görüp, sojap-sojap aglapdym, emma tomaşaçylara oýnum täsir etmedi.
Onuň bilen görüşmek gadagandy. Yzyndan ne ýokumly iýmit geçirip bildik, ne-de sowukdan goranmak üçin galyň egin-eşik. Ol öýdekä-de tut ýaly sagdyn adam däldi, aňyrda ýagdaýy has beterleşdi. Öý-ýurt gaýgysam üstüne urna. Garaz, üç ýarym ýyl soň ony ahyryn goýberdiler – gury ten bolup galan süýri jesedini öýe getirdiler. Duluklary çekilip, gözleri çişip gidipdir, «Razy bol!» diýip, ýapmagam başartmady, gabaklary zol-zol açyldy durdy...
Ýatan ýerimden çakmagyň çakylşyny eşitdim, yzýanam çilimiň ysy geldi. Tirkiş gürrüňini üzülen ýerine sepdi:
– Ol kitaphanada sataşan gyzyma soň näme boldy diýip soradyňyz. Oň kakasy hukuk goraýjy edaralaň biriniň uly wezipeli işgäri bolup çykdy. Olaryň maglumatynda garyndaşlarynyň hemmesi ýedi puşduna çenli görkezilmeli, olam hökmany ýagdaýda arassa bolmaly eken. Ýekeje tegmilem olaryň çinine çirk ýetirip bilýän eken. Menem, ine, şonuň ýaly tegmil.
Şo sebäpdenem gyz menden maşgalam hakda soranda, baryny bolşy ýaly aýtdym. Bu, elbetde, uly böwet boldy, ýöne gyz şonda-da menden ýüz döndermedi.
Çagasyna dözmedimi ýa-da emel edip, maglumatymy arassalajak boldumy, bilmedim, ýöne gyzyň kakasy bir gün meniň bilen ýüzbe-ýüz gürleşmekçidigini aýdypdyr. Ol wagt eýýäm daşary ýurtda okap ýördüm, okuwyň birinji ýylyny tamamlap, Aşgabada ykbalymy çözmäge gelipdim.
Kakasy bilen 1-nji parkda görşüp, ikiçäk oturyp gepleşdik. Gara penjekli, galstukly, daýaw adam. Durmuş hakda umumy gürrüňler etdi, nirede işlemekçidigim, geljegimi nähili göz öňüne getirýänligim bilen gyzyklandy, näme içýänimi, çekýänimi sorady. Menem hiç zady ýaşyrmadym. Edil şol döwür aragam içemokdym, çilimem çekemokdym, diňe kädaýym piwo dadaýmasam, olam diňe dostlam bilen üýşmeleňde. Bolşy ýaly aýtdym. Diplomy elime aldygym, hünärim boýunça gazançly işe girmekçidigimi, paýtagtda ymykly ornaşasym gelýändigini gürrüň berdim.
Ejem barada, öýüm barada sorady, emma kakam hakda kelam agyz gürrüň gozgamady. Ýöne hut şonuň agzalmaýanlygy kakamyň hergiz aramyzdan aýrylman duranlygyny görkezýärdi.
Şol agşam gyz elime jaň edip, agy gatyşykly begenç bilen, kakasynyň garşy däldigini aýtdy.
Şodurda-şodur, gaýdyp onuň bilen habarlaşmadym.
Bu sözlerden soň Tirkişem, men ýaly, otuň üstünde süýnüp ýatdy. Oňa tarap kellämi öwrüp:
– O näme üçin? Näme üçin habarlaşmadyň? – diýip soradym.
Ol ajy ýylgyrdy.
– Bilemok. Belki «razy» diýmän, «garşy däl» diýeni üçindir?
ÝALYN
Gezek taýagy ýene maňa dolanyp geldi. Bu pursada ýetmezligi, Tirkiş bilen Hemraň ýatlamalarynyň hiç haçan rişdesiniň üzülmezligini, bu gijäniňem ömrylla ýagtylmazlygyny isledim.
Arman, ýüzük ýene meniň elimde, ýüzükçiler indi meniň damarymy diňleýär.
– Soňky döwürler gözüme her dürli zatlar görnüp, gulagyma sesler eşidilýär – diýip sözüme başladym. – Belaň körügem awariýada. Dogrusy, heläkçilige nähili ýagdaýda uçranymam bilemok. Öz-ä sürüjiň gapdalyndadym, nirä barýanymyzam näbelli, birdenem eýmendiriji aýal sesi gulagymy şaňladýar: «Seresap bol, Omar!»... Şo pursatda aňym birnäçe böleklere bölünen ýaly bolýar. Edesim gelmeýän pikirlerden gutulyp bilemok. Bu sesleriň, keşpleriň darygan aňymda döreýänligini aňşyrýan, gözümiň awusyny aldygym, olardan wagtlaýynça halasam bolýan, ýöne kädaýym gyzmalyk edip, şeýlebir bulam-bujarlyga ulaşýan, özüme erk edip bilemok.
Ol wagt aýalymy, oglumy alyp, Awaza gidipdim. Işden howlukmaç çykyp, wokzala zordan ýetişenim ýadymda. Aýalym iňirdejek boldy, ýöne onsuzam bir aýlyk rugsada çykmankam işde keýpime sogan dogralansoň, edaradan janyýangynly gaýdypdym. Şonuň üçin «Seňki häzir artykmaç!» diýip, ýüzüni daladym. Bir görsem, oglumyň gözünden boýur-boýur ýaş akýar.
– Muňa näme boldy?
– Ýaranok.
– Irden işe gitmänkämem ýagşydy ahyryn. Şu ikarada keselläp ýetişäýdimi? Ýola şaýlanyp oturman, çaga seretmeli ekeniň-dä – diýip, ýene ejesine igämi sürtdüm.
– Ýolboýy dawalaşjak bolsaň-a, gowusy gitmän oňaly, çagaňam, hana, ýagdaýyny görüp dursuň.
– Saňa beý diýmek aňsat. Bütin bir ýyl işde sütüniň süýnüp, emedekläp rugsada ýetýän özüň däl-dä – diýdim. – Meňem dynç alasym gelýär.
– Menem öýde aýagymy uzadyp ýatamok. Uzakly gün şu çaga bilen ber-başagaý.
Şu sözden soň keýwanym aglamjyrap başlady. Indi wagty bilen diňmez diýip, dilimi dişledim. Derrewem otla mündük.
Barýançak degnama degip geçdiler. Ilk-ä, dört adamlyk küpeň petegi öz elimdedigine garamazdan, ýolbelet «Bärde bir boş ýer bar» diýen bolup, ýanymyza adam goşjak boldy. Oňa azgyryldym.
Soňam tamburda çagasyny köşeşdirip bilmän oturan ýaş gelne käýinip, öz küpemize çagyrdym.
Ahyryn ýetdik diýemizde-de, arkaýynçylyk ýok. Taksiçiler esli pul soýjak bolup, bahany düşüresi gelenok. «Agam, sentýabr geldi, dynç alyş möwsümi gutardy, bizem çörek iýmeli» diýşip, ýetmeýän gazançlarynyň öwezini menden soraýarlar. Awtobusda gitmeli bolduk.
Ilki şäheriň içinde düşüp, bazardan gerek-ýarak zatlardan, ýürekse edinerlik miwelerden, koreý salatlaryndan, iküç sany kakadylan balykdan ýüklendik. Soň o taýdan ýönekeý kireýçileriň ulagyna münüp, Awaza goýberilýän ak taksileriň üýşüp durýan awtoduralgasyna sary gaýtdyk.
Ýolugra şäheriň ilersindäki ýapgydyň ýüzünde biri-biriniň üstüne münderlenip, ýokary dyrmaşyp gidýän dürli reňkli jaýjagazlary synladyk. Gündizki Aşgabada gözüniň garasyny iýdiren garamaýak üçin reňkleriň ol ýerdäki aýterek-günteregi göwün baýramy bolup görünýär. Meni hasam şäheriň eteginde, ýollaryň aýlaw bolup, uly magistrala sepleşip gidýän ýerinde dikilen ýadygärlik haýran galdyrdy. Üýtgeşik ýadygärlik – bir daýaw balykçy boýy tas özi bilen deňeçer goçak balygy döşüne gysymlap dur. Tebigatyň ýowuz güýji bilen tutluşyp, äpet balygyň janyny aljak bolýar, şol bir wagtyň özünde-de hojalygyny açlykdan gutarjak halal gazanjyny bagryna basýar. Bu heýkelde hem-ä ýaşaýyş üçin göreşýän adamyň gahar-gazaby görünýär, hemem hakyky mähremlik.
Myhmanhana baramyzda-da, öňünden bron edilenine garaman, üstüne un elenen ýaly akmeňiz, okaragöz gyz: «Siziň üçin ýer ýok» diýen halk aýdymyna tutdurdy. Ýene sözi ýörgünliräk tanyş-bilişlerime jaň edip, ýüz tutmaly, öňküsiniň üstüne töleg goşmaly boldum. Möwsüm gutaransoň, çaga-çugaly maşgalalar, talyp-ýaşlar gaýdyşypdyr. Bar görenimiz – ýaşajyk gyz-gelinleri gezekli-gezegine gujaga mündürip ýa arkasyna hopba edip, belent typgyçdan özlerini howza urýan lül-gammar erkekler. Her typylşykda-da suw syçradyp, joşgunly goh turuzýarlar. Galan myhmanlaram – uzyn köýnegi bilen suwa girip, ýaňkylara alarylyp, şonsuzam myžžygy çykan ýakalaryna tüýkürişýän daýzalar.
Men diňe oguljygymy alyp, deňziň etegine baramda, janyma jaý tapdym. Üç bolup kenarda gezmeläp, balykgulak basgylap, çarlaklary kowalap hezil etdik. Ýöne salkyn şemal öwüsensoň, deňze girip bilmedim.
Oglum çägäň üstünde oturyp, eline oýnawaç piljagazyny, dyrmygyny alyp, çukurjyk gazyndy, depejik edindi. Her dürli formajyklaryň içine çäge dykyp, pyşdyljyk, balyjak ýasady. Ejesem ýanyndan aýrylmady. Hemme zat gülala güllük.
Şamlyk edinemizden soň çagalar meýdançasyna baryp, oglumyzy birsalym güýmedik, ýöne ýaramansoň, onuň gündizki şadyýanlygyndan nam-nyşan ýokdy, hiç zatdan maza alyp bilmedi. Onsoň iragşam telewizordan multfilm ýakyp berdik-de, iki gapdalyna geçip ýatdyk. Uzak ýoluň argynlygyndan ýaňa derrew ukladyk.
Gijäň ýary ýene aýalym oýardy.
Oglumyz agşamky iýen zatlarynyň ählisini düşegiň üstüne çykaran eken. Özem zordan dem alyp aglaýar. Ejesi goltujagyndan gradusnigi çykardy.
– Derman bersemem, temperaturasy gaýdanok. 38.8... Omar, çagany dogtora görkezmeli.
Myhmanhanaň lukmanlarynda çagaň gyzgynyny düşürmek üçin zerur sanjymlar tapdyrmansoň, dessalym taksi çagyryp, şähere gaýtmaly bolduk. Sargalan ulag gelýänçä zordan oturdyk. Oglum, kellesini ejesiniň gujagyna goýup, ýüzüme naýynjar seredip, mejalsyz ýatyr. Aýalym gaşyny çytyp, onuň başyny sypap otyr.
Sürüji taksi duralgasyna ýetýänçä rugsat berilýän tizlikden aşmady, her ädimde kameralar, radarlar nyşana alyp dur. Duralgada Türkmenbaşa gatnaýan kireýçiň maşynyna mündük, oglumy yzky oturgyçda ornaşan ejesiniň gujagynda ýatyrdym, özümem öňüne geçdim.
Bu sürüjimiz uly köçä çykanynda, sürübildiginden tiz sürdi.
Köçäň iki tarapynda öz-özüni gaýtalaýan alagaraňky manzar: sagyňda – Aýyň yşygyna çala ýyldyraýan suw, soluňda – keltejik daglaryň gara sudury. Öňümiz – beýikli-pesli birmeňzeş ýol, sarymtyl yşykly köçe çyralary.
Yzky oturgyçdan oglumyň ysgynsyz iňňildisi eşidilýär. Menem ýaşuly kireýçä:
– Bas, agam, tizräk süreweri – diýip ýalbarýan.
Aýalym ýeňsämden:
– Omar, bu-ýa indi samrap başlady – diýip, beter aljyraýar.
– Men nämedeýin, haw? Häzir ýeteris-dä. Bäri-bärde şäher barmy?! – diýip gaharlanýan.
Aýalymyň howsalasy maňa-da ýokuşýar, ýöne içimden ahmyr bilen: «Dynç alşa ölüp ýetipdim, munam harama çykardylar» diýip gaýtalaýan. Bu kejir sesi dymdyryp bilmedim, aňymda biygtyýar gaýtalandy durdy.
Şähere ýetiberdik.
Ýene şol aýlaw. Şol balykçynyň heýkeli. Gijäniň sarymtyl garaňkysynda onuň tutluşan nägehany hasam äpet, hasam eýmenç görünýär.
– Çagamyz sandyrap başlady, Omar! Gidirýäs-le häzir balamyzy... – diýip, ejesi gyryljak sesi bilen bagyryp aglaýar.
Içimdäki ses zol-zol gaýtalaýar: «Bagryňa berkräk gys şony, balykçy! Öldür şony! Öldürsene şony!»...
AÇAR
Ýene şu ýüregedüşgünç häzire dolanyp geldim.
Häzir gögüň ýüzi ýagtylyp, şol wagtky sowuk deňziň ýaşylymtyl bulanyk suwuna çalym edýär.
Häzir kuýaşyň altynsow çyrazlary saly gowşan dünýämiň reňklerini öçürýär. Aýdyňlyk hüjüme geçýär.
– Soň näme boldy? – diýip soraýar ýoldaşlam.
– Aýdyşym ýaly... soň näme bolany ýadyma düşenok. Hassahanada oýandym.
Iki hemram ýüzüme ynamsyzlyk bilen çiňerilip seredýär. Ikisiniňem menden göwni galana meňzeýär.
Ýoldaşlarym bilen hoşlaşýan. Hemra ulagyna «atlanyp», açaryny towlaýar, ak «aty» hem boýun towlaman, lepbeýlik bilen çalaja hyrryldap başlaýar.
Hemra ikimiz gujaklaşyp sagbollaşýas. Tirkişem onuň gapdalyndaky kürsä özüni atmanka:
– Meniňem aýak ulagyma göz-gulak bolawer. Ýükläp alyp gidäýmesinler. Me, ätiýaçdan açarynam saňa goýaýyn – diýip elime sypjyk bir zat gysdyryp, elimi goýbermän saklady. Ýyrş-ýyrş edip, beýleki elini sag egnime goýdy. – Pelekden bir gijän-ä ogurladyk, dost.
Çildik diýsene!
– Dogry aýdýaň. Pelekden bir gijäni çildik. Sag bol!
Berlen açary gursagymdaky kisäme taşlap, ýüzi açylyşan jahanda maşynyň indiden soň gerekmejek faralaryny ýakyp, daşlaşyp barşyny synlap durdum.
Öýümiň bosagasynda meni gabaklary henizem ýellenip duran aýalym garşylady.
– Gijäň içinde nirä gitdiň? Habardar edäýeňde bolmaýamy? Bir ýerlerde ýykylyp-sürşüp ýatansyň ýa bir bela uçransyň öýdüp, gara janym galmady. Ýarawsyz çagaň aladasyny az görýäňmi maňa? Däli boldum-a men.
Sesine çydap bilmän, al-petinden aldym.
– Hany, heleý, iňirdeme! Özüňem dost-ýarlam bilen otyrkam ýene gijeki ýaly hokga tapyp, siltenjiräp, ýüzüňi ajydyp ýanyma gelseň, gaty görme! Eddil bar-a...
– Haýsy dostuňa ýüzümi ajydypmyşym? Haçan?
– Häli üç bolup otyrkak ýüzi-gözüni turşadyp, gapydan jyklan menmi dagy?
– Aklyň ýerindemi, Omar? Näme bolýar saňa?! Gije ýeke özüň üç çüýşäni boşadyp, telewizoryň öňünde gülüp otyrdyň-a, haýran. Ýa indi çüýşäni ýegre dost tutundyňmy?
Keýwanymyň tapýan gürrüňine näme diýjegimi bilmän, bir pursat aňalyp galypdyryn.
– Omar jan, ezizim, awariýadan soň saňa bir döw-ä çaldy. Bolmasa, lukmana görnäý, ýa tebibe git, gorky damaryňy tutsun. Ýüregiňe giňlik berer. Düşün, ol bolan zatlarda seň hiç hili günäň ýok ahyryn. Ajaldan gaçyp-gutuljak gümanyň barmy?
Ýaňramasy halys degnama degip ugrady.
– Dur, sen meni bulaşdyrjak bolma, heleý! Men akylymdan azaşamok. Iki sany ýazyjy dostum bar, agşam öýde olar bilen oturanymdan bihabar galan bolsaň, öz ünssüzligiňden gör...
– Seniňem öňler ýazaýmaň bardy, ýöne maňa düşünenoklar diýip, bu pişäňden eliňi üzdüň – diýip, ol sözümi böldi, birdenem möňňürip aglaberdi. – Ýatdan çykarma, ezizim, seň çagaň bardyr, men bar. Durmuşymyz dowam edýär. Tebibe görün, em eder, ýüregiň aram tapar. Beýdip ýörmesene...
Ony mundan artyk diňläp durubilmedim. Hälki oturan jaýymyza bardym. Saçagyň henizem ýazylgy durşy. Boşan çüýşeler, çakylan çigit gabyklary... Üýtgän ýekeje zat – çakylan üç tümmek çigit syrylyp, bir ullakan topbaga üýşürilip goýlupdyr. Daş gapyny urup, balkona çykdym. Sekirtmegiň erňegine basylan çilimiň yzlary henizem garalyp dur. Oýnawaç öýe meňzeş çagalar bagy. Direlen penjireler...
Lifte münmän, basgançakdan ylgap, daljygyp aşak düşdüm.
Nepesimi dürsedim.
Ine, üç bolup oturan otluk ýerimiz. Häzir bu ýerde ýüzi ak örtükli bagban ot orýan maşynyny iki ýana gezdirip ýör. Ony göremde, ýüregmiň ýarasy ersdi – bütin dünýä, tutuş adamzat geçen gijäniň alamatlaryny ýok etmäge howlukýar.
Ýoldaşymyň sürüp bilmän, ulagyny bärde goýup gideni güpbe ýadyma düşdi. Ýöne oňa tarap seretmänimde-de, gursagymda ýygşyran hakykatymy tapdym.
Içim içime sygman, demikdim, öýe galmaga ýaýdanyp, dodagymy dişläp durdum.
Birdenem gulagymyň ýanynda ýene-de aýalymyň çirkin sesi ýaňlandy...
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Konfrensiya gijesi 6
Täze goşulanlar konfrensiýa gireniñizde bolmanda salam-selik edip özüñizi tanyşdyryñ. Maña näçe nomerden birlikde jañ gelýär . Onsoñ alyp ,goşup...
dowamy...Deneşdirme
Goşguda näme diýiljek bolýanyna känbir düşünmesemem haladym, gaýtalap okasamam düşünmedim, ýöne şonda-da haladym. Kämillige ymtylýan şahyr, galam...
dowamy...