Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Näçe içim ýansada gülýàn şol häsiýetimi gou gorýän????
DÜNÝÄNI DOST TUTMAKLYGYŇ BEÝANY
Täzeje Ahal [off] 30.11.2024 / 07:50 Her täze köneler,her diri öler,emma...
DÜNÝÄNI DOST TUTMAKLYGYŇ BEÝANY
Abdylla ibn Apbasdan
(Alla ondan razy bolsun!) aýdylýan
rowaýatda pygamber aýdypdyr: Kyýamat güni perişdeleri we
terezini Arşyň ýanynda goýarlar. Syrat köprüsi gylyçdan ýiti,
gyldan inçe bolar. Ony azapdan doly dowzahyň üstüne
çekerler. Ol dowzah garadyr we hemişe gaýnap durandyr.
Halaýyklar onuň başyny we ahyryny bilmezler. Olaryň tenleri
we gözleri hemişe aglamakda bolarlar. Garynlary aç, dodaklary
gury bolar we ýüzlerini aşak tutup «nebsim-nebsim» diýerler.
Hudaýtagaladan özlerine rahatlyk dilärler hem-de:
— Eý, bar Hudaýa, bizleri bu dowzah odundan we
kösençlikden halas et! – diýerler.
Olar ýene:
— Biziň perzentlerimiz bilen işimiz ýok, olara her näme
etseň Özüňiz bilersiňiz – diýerler. Şol wagtda biçäre adamlaryň
hemmesine:
— Syrat köprüsine tarap ýöräň – diýen emr bolar. Ol syrat
köprüsiniň uzynlygy üç müň ýyllyk ýoldur. Müň ýyl çykmak üçin, müň ýyl ýokarsy üçin, müň ýyl bolsa düşmek üçindir. Bu
wakada Haktagala bizden para alyp hiç iş etmez. Her kim bu
dünýäde näme iş eden bolsa beýik we päk Taňry ony her kimiň
ýüzüne basyp aýdar. Ol wagtda kirame kätibeýn
iki mukarrap
perişde geler. Ol bende näme iş amal edipdir isle ýagşy, isle
ýaman, bu ikisi olary amal depderine ýazyp durarlar we ony ol
bendeleriň ellerine bererler. Ol gapyl bendeler bu amal
depderini alarlar we ony açyp okarlar. Bu pany dünýäde her
näme ýagşylyk we ýamanlyk eden bolsalar, olar onda
hemmesini äşgär görerler. Ol bende bu pany dünýäde näme
ýamanlyk eden bolsa, ony belent ses bilen okarlar. Ol gaty
şermende bolar we şermendelikden ýaňa özünden gidip, ýaz
ýagyşy dek zar-zar aglap puşman eder. Şol wagtda hiç kim oňa
ýardam bermez.
Eý, musulmanlar! Biakyl günä etmekden saklanyň. Häli
hem pursat bardyr. Toba geliň we Haktagala ybadat etmeklige
meşgul boluň!
Azapdan doly kyýamat güni günä edenleri we tobasyzlary
agladar. Ondan soň Beýik we päk Taňrydan: «Hemme kişi
magşara taýýar bolsun» diýen perman bolar. Şol wagtda
Hezreti Adam alaýhyssalamdan tä şu döwre çenli bolan
halaýyklar direlerler we taýýar bolarlar. Şol wagt Allatagala öz
emri bilen Güni naýza boýy ýere ýetirer. Ol naýza boýy bolup
duran Günüň gyzgynlygyndan adamlaryň beýnisi misli gazan
dek gaýnap, burnunyň deşiginden ot çykar. Adamlar derlärler
we olaryň derleri suw dek akar. Adamlar öz derlerine gark
bolarlar. Derden bolan suw olaryň birnäçesiniň dyz-bilinden
bolar, birnäçesiniň bolsa damagyndan bolar. Bularyň gark
bolmagynyň sebäbi dünýäni dost tutup söýenleri üçindir.Her kim dünýäni söýmese ol ahyrýet belasyndan amanda
bolar we arşy azymyň
saýasynda oturar.
Her kim pany dünýäde toplan baýlygyndan bendelere sarp
eden bolsa, kyýamat güni halklaryň beýnisi gazan ýaly gaýnap
duran mahalynda şol haýyr iş eden bende arşy azymyň
saýasynda oturar.
Taňrynyň Resuly:
— Dünýä melgundyr
. Her kim Hudaýtagalanyň
permanyny terk edip, melgun dünýä meşgul bolsa, ol hem
melgun bolar – diýip aýtdy.
Ýene Taňrynyň Resuly:
— Kyýamat güni bir kişini getirerler. Ol bende maly
halaldan ýygnap, harama harç eden eken. Şonuň üçin ony
Haktagalanyň permany bilen dowzaha ibererler. Ýene bir kişini
getirdiler. Ol bende maly halaldan ýygnap halala harç edipdir.
Şol wagt Haktagala: «Ony hasaba alyp baryň we hasap soraň.
Her bir teňňe we her bir däne üçin Syratyň üstünde durzup
hasap soraň. Eger ol döwletli bendeler jogap berse, behişde
ibererler. Eger jogap bermese, otdan doly dowzaha ibererler»
diýip aýdar.
Ýene Allanyň Resuly:
— Her kim dünýäni talap etse, ahyrýeti golundan berer –
diýip aýtdy.
Habarda şeýle aýdylypdyr:
Bir gün Hezreti Isa alaýhyssalam bir ýere barýardy.Ýolda
oňa üç kişi hemra boldy. Olar Şam welaýatyna ýetdiler we şol
ýerde bir kerpiç altyny gördiler. Ol üç kişi şol altynyň ýanynda
galdylar. Hezreti Isa alaýhyssalam ol ýerden gitdi. Ol gidenden
soňra bu üç kişi maslahat etdiler we aýtdylar:
— Biziň maksadymyz hasyl boldy, indi biz nahar edineli –
diýip, birisini şähere tagam getirmäge iberdiler. Ikisi bolsa şol
altyn kerpijiň gaşynda galyp maslahat etdiler. Olar:
— Biz ikimiz altyny bölüşip alaly we ony bolsa öldürelin –
diýip taýak häzir edip goýdular. Ol tagam üçin barýan biçäre
şähere girdi. Şol wagt onuň köňlüne bir hyýal geldi we:Ol altyny üçe bölmän, olary öldürip hemmesini ýalňyz
özüm alaýyn – diýip, tagama zäher goşup alyp geldi.
Tagamy ol ikisiniň öňünde goýan wagtynda olar muny
urup öldürdiler. Ondan soň ol ikisi:
— Biziň maksadymyz hasyl boldy, gel, indi nahar iýeli –
diýip maslahatlaşdylar. Olar tagamy alyp iýdiler we şol wagt
ikisi-de jan berdiler. Şol wagt Hezreti Isanyň ýoly ýene-de şol
ýerden düşdi. Görse, şol üç kişi altynyň gaşynda ölüp ýatyr.
Hezreti Isa alaýhyssalam aýtdy:
— Eý, melgun dünýä! Olaryň gollaryna girmänkäň, olar
jan berdi. Eger gollaryna giren bolsaň, imanlaryndan aýrylardy
– diýip olardan daşlaşdy.Her kim dünýäni terk etse, onda oňa ahyrýetde rahatlyk
bolar. Her kişi dünýäni terk etmese, Haktagalany tapmaz –
diýdi.
Dünýäni terk etmekligiň manysy budur:
Her kim bu dünýäden rahatlyk gözlese, onda ahyrýetde oňa
rahatlyk ýokdur.
— Her kim Hudaýtagala üçin adamlara zat berse, biz ony
dünýäni terk etdi diýip hasap ederis – diýdi.
Çeşme: «Dürrülajaýyp»
Teswirler:
Soňky teswirler
Bagyşla...
Bagyşlamaz ýaly üýtgeşik zada ýok eken , bagyşlap göbermeli. Tagandurda sag bolsun aýdýan bize-de şular ýaly gowy goşgyny bagyşlany üçin . Şygryň...
dowamy...23-nji fewral
"Salam ýürekdeşiň gerçek ýigitleri!"
Oho, adymam agzap geçeniňiz üçin aýratyn sag boluň ....
dowamy...
Ýokaryk