Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Чем спокойнее человек снаружи — тем больше боли у него внутри.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Gel ikimiz orta bir şert goýaly
 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 08.12.2024 / 12:32

Gel ikimiz orta bir şert goýaly,
Öz agzyňa bir ýum, menkäde bakma.
Menä diýjegmi diýip içim sowatjak,
Senem gaýrat etde arkama kakma

*****
Her kim öz ykbalynyň režsýory,
Ýürekden oýnaýar kelle göçensoň.
Týatyr ýalydyr durmuş diýilýäni,
Oýyn başlanýandyr “çyra öçensoň”

*****
Gorkaga ýata suw akandan güýçli,
Enäniň haýyşdy hökümden güýçli.
Bolsada wagtynda akyl ýetirdim,
Bu dünýäde borjym hakymdan güýçli.
*****
Mähelläň deň ýary kitaphanada,
Galan ýary meýhanada meý içýär.
Iki tarap bir-birini görende:
“haý bedibagt” diýip zeýrenip geçýär.
*****
Gorkak öz bagtyny özi ýatyrmyş,
Hak bitirmiş töwekgeliň işini.
Barly ýigdiň dişinde et galarmyş,
Et goparmyş garyp bendäň dişini.

*****
Aýal “puldan doýdym” diýse ynanma,
“Bir ygrarda durdym” diýse ynanma.
Günde bir etegi sermeläp ýören,
“Belli birin söýdüm” diýse ynanma

*****
Mundan razy bolyp giden ýok welin,
Başarsa kim muňa baky gelmejek.
Gyjak ýöne ýere ýasalan däldir,
Garramajak bardyr, ýokdyr ölmejek.

*****
Kese çyzyk iki nokat arasy,
Sagynda geldiň sen çepinde gitdiň.
Ýa köpräk ýaşap kösediň ili,
Ýa-da has ir gidip ajap iş etdiň.

Şiraly Nurmyradow


94

11

1

4

0

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Kanagatly bende baýdyr soltandan
 08.12.2024 / 13:09

+0

Goşguda yalnyşlyklar köprâk eken , gözden geçirmeli.


Özümiziňki
Hyyalbent  (08.12.2024 / 17:59) 

Gerceknazar, kändir saýtdan alyp paýlaşaýdymda!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Soragnama logiki


Bah gyzykly soraglary tapyaney...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki
Sasiyona (Şugün, 18:05)

Soragnama logiki


1. Mesele. Mysal. Gönükme. Deňleme. 2. Eýesiz söz gybatdyr. 3. Bäbekli bolan gelin. 4. A) Bir ýanda Hudaý bar, bir ýanda şeýtan, B) Peýdadan g...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki
Annadurdy (Şugün, 17:19)

Soragnama logiki


1nji sorag yalňyš yazlypdyr, čözûp bolyan daňyp bolmayan bolmaly...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki
EpifiZ (Şugün, 17:14)

Soragnama logiki


1) Mesele 3) Bâbek 4) A) bir ýanda Hudaý bar bir ýanda şeýtan B) peýdadan geç haýyrdan geç şerden geç 5) OK...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki
EpifiZ (Şugün, 17:12)

Soragnama logiki


Bilemok özüň ayday jogabyny bilesim gelya...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki
Sasiyona (Şugün, 16:54)

Soragnama logiki


Eshiden den bolmaz goren goz bilen...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki
rexha (Şugün, 15:57)

Soragnama logiki


Eyesiz soz gybardyr...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki
rexha (Şugün, 15:55)

)😁Degisme


Öňem bir daşary ýurt degişmesi bara... Bir döwletde syýasy gapma-garşylyklaryň güýçlenen günlerinde bir edara işgäri ikiýüzlilik edip kommunistle...dowamy...
Erkin mowzuklar | )😁Degisme
Kesxa (Şugün, 12:26)

Doganyňdyr


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Doganyňdyr
BAYOGUL (Şugün, 12:07)

Atamyň


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Atamyň
BAYOGUL (Şugün, 12:06)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика