Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Fantom : Ahhh aýralyk, bir seniñ bilen aýrylmadyk...

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Sowal-jogap
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
 09.12.2024 / 23:27
 Kanagatly bende baýdyr soltandan

SOWAL-JOGAP

Ýusupahmet:

Adam bina etdi haýsy kanaly?
Ol ýerden başlanýar okean ýoly.
Ýatan bir çägelik sag bilen soly,
Şu sowala jogabyň ne, şahyrym?

Gerçeknazar:

Adam bina etdi Gyzyl kanaly,
Ol ýerden başlanýar okean ýoly,
Ýatan bir çägelik sag bilen sola
Şol sowala jogaby şu şahyryň.

Ýusupahmet:

Kimdir ilki bolup kosmosa uçan?
Ol haýsy milletden, nirede, haçan?
Häzir ýaşap ýörmi ýa mundan geçen?
Şu sowala jogabyň ne, şahyrym?

Gerçeknazar:

Gagarin ilkinji kosmasa uçan,
Müň dokuz ýüz altmyş dokuzda uçan,
Rus milletinden hem mundan geçen,
Şol sowala jogaby şu şahyryň.

Ýusupahmet:

Girkan haýsy deňziň ozalky ady?
Suwy tagamlymy, ajymy dady?
Egnine göterýär kän parahody,
Şu sowala jogabyň ne, şahyrym?

Gerçeknazar:

Girkan Hazar deňziň ozalky ady,
Suwy tagamsyzdyr , duzumtyk ajy,
Egnine göterýär kän parahody,
Şol sowala jogaby şu şahyryň.

Ýusupahmet:

Orta Azyýada döwletleň sany,
Näçe diýip hasap edýäň, bil hany ,
( Dymma, şahyr, iýýän ýaly talhany),
Şu sowala jogabyň ne, şahyrym?

Gerçeknazar:

Orta Aziýada döwletleň sany,
Bäş diýip hasaplaýan bil ony.
Dymmaýaryn iýýän ýaly talhany
Şol sowala jogaby şu şahyryň.

Ýusupahmet:

Çarwa bilen çomryň parhy nämedir?
Haysy önüm öndürmäge jan eder?
Biri iýmit, biri egne don eder,
Şu sowala jogabyň ne, şahyrym?

Gerçeknazar:

Çarwa çopan,çomry ýerli ekindar.
Çarwa goýun bakar,çomry ekin eker.
Biri iýmit , biri egne don eder.
Şol sowala jogaby şu şahyryň.


113

18

1

2

0

0

0
Teswirler:
 Gytyndan
 Baron [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 10.12.2024 / 11:02

+0

Orta Aziýada 4 döwlet bar: Türkmenistan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan.
A häzirki Merkezi Aziýa diýilýän bölekde 5 döwlet bar: Türkmenistan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Gazagystan.


Täzeje
Seyfeddin  (10.12.2024 / 12:25) 

Baron, hälem aýdanyň, namys edip özümi asýadym...


Gytyndan
Pegas  (10.12.2024 / 12:31) 

Seyfeddin, Gerçeknazarmy sen?


Täzeje
Seyfeddin  (10.12.2024 / 15:52) 

Baron, ýok, Hantöre . Geograf bolamsoň...

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň öýüm Daşoguzda...


Tüweleme. " Şu zatlara razy bolsaň ine men"-i sypaýyçylyk bilen ýetiripsiň. Söýgisi üçin göreşýän gyzlar düşünerle bu zatlara...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Mizan (Şugün, 10:23)

Meniň öýüm Daşoguzda...


gaty gowy tuweleme...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
yaltaja_lai (Şugün, 09:47)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gaty gowy gordum. Yone men-a gyzyn deregine bolsam bu gosguny okap ara acardym senden ) gunde myhman, corek yap, sygyr sag...)) Merkez diyyanin D...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Belki (Şugün, 07:41)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Señ soygi temadan suwjaryp ýazmayşyñy halaýan...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Ahmal (Şugün, 07:31)

Owadan yazuw basleșik


Su saytyñ media lentasynda goýsañam bolýardy. Goyan suratynynam asagyna"ýazuw bäsleşik üçin" diyip goýsa. Bir gun belläp hemme suratyny şoña taýy...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Ahmal (Şugün, 07:19)

Söýgi sözleri❤️


Bolgusyz terjimäñ üstüne suwjukluyk, hasam beter mynasyp edipdir diss like a. Gatam gorme onsan...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Ahmal (Şugün, 07:04)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Bir adamam "Tüweleme, ýeňişiňiz bilen gutlaýaryn" diýmändir, onsoň başga zada nädip garaşjak ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Wrestling (Şugün, 05:09)

Owadan yazuw basleșik


Mana hokman yatladyn yarys golaylanda, men pocerk gorkezeyin size ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Wrestling (Şugün, 05:03)

Owadan yazuw basleșik


Standart list tapsam gatnasjak)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Bezzat (Şugün, 01:35)

Owadan yazuw basleșik


2 adam minus basypdyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAY-HAN (Şugün, 00:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика