Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Bashimow_Toyly : Sizi sevmiş, size inanmış ve güvenmiş birini hayal kırıklığına uğratmayın.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Nokia döwründäki gürrüňler. part I...
 Täzeje
 Neo [off]
 10.12.2024 / 22:46

Salam millet, oňatmysyňyz, oňat bolaweriň.
Oňat bolsaňyz bir zat aýtjak, wiý ýazjak, neme, gürrüň berjek, wah, ýazyp gürrüň berjek, garaz okarsyňyzda, düşünmedik zadyňyz gabat gelse hiç çekinmän gugldan soraýyň, megabaýtym ýok diýýäňmi, onda bärde näme işleýäň, çyk saýtdan.
Şu ýazmakdanam elim çykyşypdyr öýdýän, öňlerä arkaýynja ýazaýýadym. Indi kyn, garrylyk ýaman, pulsuzlyk ondanam erbet, iň erbedinem aýdaýynmy, gulagyňy bärräk tut, wah o ýigrenjilerem eşidip dura, soň aýdaýaryn.
Wiý ýogsada gürrüň berjek diýipdim, diňle...
Biraz geçmişe, dinozawrlar eýýamyna Nokia telefonlaryň hökümdarlyk edýän döwrüne dolanalyň.
O döwür, gowy döwür, entek barmaklanýanlaryň ýok döwri, nokia eýýamy parahat, asuda ömür sürýärdi.
Şol gowy günleriň birinde gijara futboldan gelip, ýaňy nahara başlapdymam welin garaşylmadyk jaň geldi.
-Alo, salam, nomeriňi pylanydan aldym, men Merdan, Gutlyň ogly, sroçny ejem bilen gürleşdiräýdä.
-1 sagatlardan barsam bolmazmy, şu wagt çaý, nah...
-Kyn görmeseň häzir baraýda agam.
-Aý bolýa (Ullakan oglan aljyrap aga diýip ýör).
BMW Х3 awtomobiliň nakleýkasy ýelmenen welmyrady münüp ugradym Gutlylara.
Tyňk, tyňk, tyňk.
-Salawmaleýkim, ogluň gürleşjek diýýä daýza.
-Hä bolýar kän wagt bäri habarlaşybam bilemzok, öňä goňşymyz gürleşdiräýýädi, olam işe diýip gidipdir.
-Jaň etdim gürleşäýiň.
-Alýo, gowumy Merdanjan, sag aman işl..
-Aýlakge, mowget, mowget,
Aýlakge mowget, mowget
Dilakge, mowget.
-Daýza entek alanok, o gudogyň sesi, ana aldy indi, gürleşiberiň...
-Eje salawmaleýkim.
-Salam, gowumyň oglum, işleriň gowumy, haçan gelýäň, gelniňemä göresi gelýär öýdýan seni, kän nastrenýesi ýok welin.
-Gelnimi? Şemşadymy? Ony haçan gördüň?
-Waý günde görýan, ýanymda ol.
-Eje sesiň bulaşygrak eşidilýär häliden bäri, ýanymda diýýäňmi, o nähili seň ýanyňda?
-O nähili, nähili? ýanymda, dagy nirde bolsun, tüweleme gaty işjanly maşgala, kejir kakaňa dagy günde bäş gezek çaý, nahar berýär.
-Kakama? Seň janyň bir sagmy, meň kakam bäş ýyl öň ýogalda, saňa näme bolýa eje?
-Wah şol käýänini entegem gaty görüp ýörmüň, kakaň saňa ýamanlyk islänoga, ana özem geldi, gürleş...
-Oglum oňatmyň, işläp ýörmüň sag aman.
-Sen kim ýaşuly?
-Häk seň bir...............tanaňokmy meni, seň ejeň äri kakaň men.......(köp nokatly ýeri türkmen halk sögünçleri).
-Eý waý eje, sen ýene äre bardyňmy, nämeler bolup ýör, nirden geldi o ýaşuly?
-Eý indi sen kakaňam tanaňokmy?
Telefony ýere pylçaýmankalar ellerinden aldym.
-Merdan sen nä kakaň, ejeň bilen beýle gürleşýäň?
-Agamjan meň kakam bäş ýyl öň ýogaldy.
-Sen menden dört ýaş ula maňa aga diýmek hökman däl.
-Ýok agam, men senden 3 ýaş kiçi.
-Dur, dur, sen kim özi, haýsy Merdan (sesden tanaýyş ukybyňa aşa baha bermän, şu soragy ilki jaň eden wagty bereňde näderdi, näderdi şojagaş ýeri)?
-Gaýraky zeýkeşiň ýanynda ýaşaýan Merdan men, Gutlyň ogly (haý zeýkeşiňem gursun sen, ýüzüňem).
-Ýaşuly bagyşlaweriň bu başga Merdan eken.
Nämäň nämedigine göz ýetirensoň ýanymdaky güljeginem, aglajagynam bilmän duran är-aýaldan ötünç sorap nirdesiň çarbagly öýüm diýip ugradym külbäme tarap.
Bu günki bolan zatlary aňyma ýerleşdirmek üçin öýe baryp pamýadymy trenirowka etdirmeli boljak, Merdan dostumyzam zeýkeşe ýakyn ýerden başga adam taparda bu günlükçe...

Dowamy bar.


153

22

7

6

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 Belki [off]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 11.12.2024 / 03:44

+0

??? Massimus-a menzapdir stilin. Haladym
Dowam et.
Yone ol dowurler gudoga "Alekge mowit mowit" goyup bolyamydy na? ?

 Täzeje
 Domen [off]
  К черту, эти правила...
 11.12.2024 / 07:11

+0

Gaty gowy, gaty gowy

 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Kanagatly bende baýdyr soltandan
 11.12.2024 / 07:19

+0

Şular yaly degismeleri juda gowy goryanda. Biraz gysgarak goylupdyr, indiki bölümü uzykrak goyay, gaty haladym.

 Täzeje
 Bagana [off]
 11.12.2024 / 08:03

+0

MCM-iň stiline meňzeş ekeni

 Täzeje
 Albasdy [off]
 11.12.2024 / 08:33

+0

MCM iñ ozi bolmagam ahmal

 Täzeje
 BiReYsEl [off]
  Only forward to my dreams
 11.12.2024 / 14:36

+0

Merdan dostumyzam zeýkeşe ýakyn ýerden başga adam taparda bu günlükçe...

Zeýkeş -ä gowy ýer däl

 Premium
 Akademik3 [off]
 11.12.2024 / 16:17

+0

Like

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gaty gowy gordum. Yone men-a gyzyn deregine bolsam bu gosguny okap ara acardym senden ) gunde myhman, corek yap, sygyr sag...)) Merkez diyyanin D...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Belki (Şugün, 07:41)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Señ soygi temadan suwjaryp ýazmayşyñy halaýan...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Ahmal (Şugün, 07:31)

Owadan yazuw basleșik


Su saytyñ media lentasynda goýsañam bolýardy. Goyan suratynynam asagyna"ýazuw bäsleşik üçin" diyip goýsa. Bir gun belläp hemme suratyny şoña taýy...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Ahmal (Şugün, 07:19)

Söýgi sözleri❤️


Bolgusyz terjimäñ üstüne suwjukluyk, hasam beter mynasyp edipdir diss like a. Gatam gorme onsan...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Ahmal (Şugün, 07:04)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Bir adamam "Tüweleme, ýeňişiňiz bilen gutlaýaryn" diýmändir, onsoň başga zada nädip garaşjak ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Wrestling (Şugün, 05:09)

Owadan yazuw basleșik


Mana hokman yatladyn yarys golaylanda, men pocerk gorkezeyin size ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Wrestling (Şugün, 05:03)

Owadan yazuw basleșik


Standart list tapsam gatnasjak)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Bezzat (Şugün, 01:35)

Owadan yazuw basleșik


2 adam minus basypdyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAY-HAN (Şugün, 00:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy ýazypsyň)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Aurora (Şugün, 00:27)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy bolupdyr,ynjytman mylakatly hem degişmeli edip düzülipdir ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Violetta (Şugün, 00:09)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика