Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
yureksiz : Asla biriniň umydyny kesme! Belki-de ýeke-täk eýe bolan zady şoldyr..#fileo

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Gijeki ruhlar (bolan waka).
Premium
 BAYOGUL [on]
 11.12.2024 / 11:49
 Yurekdesh.ru

Hepdäniň ilkinji günlerniň birinde, işden gaty gija galyp öýe gelsem,
gelnejem täze eşikleri geýilgi ,daş işikden giren dessime
— A gyz ,ýaman gijä galdyňla, men agzy açara gitmelä? - diýip nägilelik bilen ýüzlendi
— Gidiber gelneje, arkaýyn, açarym bara, garaşman gibermeli ekeniň, jaň edip aýdan hem bolsaň bolardy
- yokla seniň öýe gelenňi görmän gidip bilmenä, hem-de sen gitjek dälmi, agzy açara, erte irden gaýdardykda
- yokla, gelneje sen arkaýyn gidiber ,men ýadow, bir üstumden suw akydyp, bir agyz çörek iýjekde ýatjak menä, - diýdim
- gorkmarsyňmy, bu jigleriňemä menden öňürti eşiklerin geýip atlanyp otyr, mamamlara gitýas, diýip
- ýokla gorkman, gorksam jorama jaň ederin, ýatmaga geläý diýip - gelnejemi atasy öýne ,agzy açara ugratdym Öýde ýeke özüm, baý hezilliga ,hezil edip dynç alaýyn diýip, ilki banýa girdim,üstumden suw akydyp, kuhniýa baryp naharlandym, elime bir smeýniý morožnany alyp daşardaky sallançaga münip aýagym uzadyp, pişigim hem,ýanyma aldym-da morožnamy iýip bolanym hem şoldy welin goňşym geldi
-A gyz , öýdemiň
- Da, gelneje ,geliber
- A gyz öýde ýeke öziňmi, öýde ýeke galsaň jyn arwahlar, ruhlar heşelle kakarmyş, sen gorkaňokmy?
- ýokla, meni it başyna ýapsynmy
- aý şonda-da joraňa gel diýaýmeli ekeniň
- ýokla, oňada azar bermaýin diýip, ýeke özüm morožnam iýip ,ýataýyn diýip durdym,şu wagta
- waý, onda ýatmaňkaň ýekeje ukolym bar sünjüp bersene
- bor, alyp gelaý
- bor hazir getireýin,- diýdide öýlerine gidip ukollaryn alyp geldi Onyň ukollaryn uryp dynýanjam, ýatar wagt hem boldy
Goňşym gidensoň, dogrydanda biziň öýde biri bar ýaly ,öýde şakur şukur gulagyma eşdilip başlady Öýde ýatmaga gorkyp düşeklerim daşary alyp çykdym
Daşardaky krawatymyza düşek ýazyp, ýerime geçip internetim açdym.
Internetime güýmenýän, ýöne gorkýan, ýatyp bilmän, gözüme her hili ruhlar, biziň howlymyzda tans oýnaýan ýaly heşelle kakýalar
Özüm bolsa öler ýaly gorkyan ,ýanyma pişigim alyp ony gujaklap ýatdym........
Ýaňy irkildim welin biziň waratamyzdan biri gelýan ýaly, o-da göni geldide, meniň üstume awandy, bir eli bilen bir elimiň üstunden tutdy, beýleki eli bilen hem eýleki elimi tutyp özi hem ýüzüme seredip dur
Menem oňa
- sen kim, sen nadip biziň howlymyza girip bildiň? - duýip soradym.
Ol bolsa:
- warataňyzdan uçyp girdim
- sen name meniň üstume awanyp dursyň, sen ruhmy, meniň öýde ýekeligim bilip ruhlary üstume küşkürdiňmi
— ha,ha,hahaha gorkak
- Ruhlar hem gülýar eken, heşelle kakyber, daň atsyn, sen meniň düýşümi terk etmeli bolarsyň, meniň düýş görmani halamaýanymy bilýäň, sebabi sen ruh,
Biziň howlymyza öz islegmiz boýunça adam kabul edaýmesek ýeke adam girip hem bilenok, goňşylardan hem howla aşyp girip bilmeýaň, sebabi biziň üç gapdal goňşymyz hem gassaplar, olaryň men ýaly 4 sany goýun iti bar, olaryň itleri seni ola howla eken, howlyň golaýyndan hem geçmäge mümkinçilik bermez
- A men bolsa, girdim, indam seni ogşaman gitmen
- towa daş etsin, haýasyz ekeniň, bar ýok bol, üstume awanyp durman, —diýdim welin ol diňlänok,we üstume awanyp meniň ýüzümden ogşap başlady Men iki ýana uryndym, ol ogşanokdy, meniň göz- ýüzümden ýalaýardy, ruhlar ogşanda şeýdip ogşaýar diýýar, men sesimde baryn edip gaty gygyrdym, iki ýaňa özümi ýalatmajak bolup urundym, ol bolsa meniň elimi goýberenokdy, ahyr uly ilim bilen wägirip gaty gygyrdym .....haha
Öz sesime özüm oýandym, gözümi açsam Allajan size ýalan, maňa çyn hakykatdanda meniň üstume bir oglan awanyp, meni ogşaman ýalap dur, waýeý sen kim utançsyz diýip böküp turyp oňa seretsem ,ol öz itimiz ekenhaha Agşam gorkyp ýatamda ol hem meniň aýak uçyma geçip ýatypdyr we daň atansoň ,men wagty bilen turmanymdansoň ol gelip meniň ýüzimi ýalap dur eken, men kelesaň bolsa oňa ruhlarmyka öýdüpdirin, itimiz ruh bolup gözüme görünýar eken ,
Meni gara basyp her hili elhenç zatlary görüp, hiç turup bilmän iki ýana urnyp ýatypdyrynhaha Bu düýşüň ýorgudy barmyka, ýa diňe gorkymyka!?
Nowça


70

5

0

1

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň öýüm Daşoguzda...


Oba ýere höweslidim. Näme hyzmat bolsa, ederdim. Sebäbi hakyky sada, adam ýaly adamlar obada ýaşaýarlar. Şähere gelýän obalylar soň üýtgeýärler....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Gulmahrem (Şugün, 10:46)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Tüweleme. " Şu zatlara razy bolsaň ine men"-i sypaýyçylyk bilen ýetiripsiň. Söýgisi üçin göreşýän gyzlar düşünerle bu zatlara...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Mizan (Şugün, 10:23)

Meniň öýüm Daşoguzda...


gaty gowy tuweleme...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
yaltaja_lai (Şugün, 09:47)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gaty gowy gordum. Yone men-a gyzyn deregine bolsam bu gosguny okap ara acardym senden ) gunde myhman, corek yap, sygyr sag...)) Merkez diyyanin D...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Belki (Şugün, 07:41)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Señ soygi temadan suwjaryp ýazmayşyñy halaýan...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Ahmal (Şugün, 07:31)

Owadan yazuw basleșik


Su saytyñ media lentasynda goýsañam bolýardy. Goyan suratynynam asagyna"ýazuw bäsleşik üçin" diyip goýsa. Bir gun belläp hemme suratyny şoña taýy...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Ahmal (Şugün, 07:19)

Söýgi sözleri❤️


Bolgusyz terjimäñ üstüne suwjukluyk, hasam beter mynasyp edipdir diss like a. Gatam gorme onsan...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Ahmal (Şugün, 07:04)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Bir adamam "Tüweleme, ýeňişiňiz bilen gutlaýaryn" diýmändir, onsoň başga zada nädip garaşjak ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Wrestling (Şugün, 05:09)

Owadan yazuw basleșik


Mana hokman yatladyn yarys golaylanda, men pocerk gorkezeyin size ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Wrestling (Şugün, 05:03)

Owadan yazuw basleșik


Standart list tapsam gatnasjak)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Bezzat (Şugün, 01:35)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика