Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Gercek muciza kendine inanmaktir!

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Dürli ýurtlarda Täze ýyl däp-dessurlary
Premium
 BAYOGUL [1s]
 23.12.2024 / 13:30
 Yurekdesh.ru

Ýene-de birnäçe günden Täze 2025-nji ýyly uly şatlyk bilen belläris. Belki, siz Täze ýyl bayramçylygy üçin uly taýýarlyk görüp başlansyňyz?! Täze Ýyl bayramçylygy biziň ýurdumyzda maşgala baýramçylygy diýip hasaplanýar. Şonuň üçin bu baýramçylykda tutuş maşgala bilen mübärek agajyň töweregine ýygnanýarys. Dünýädäki ýurtlarda Täze Ýyly bellemek üçin dürli däp-dessurlar bar. Geliň, olaryň käbiri bilen tanyşalyň.
Hytaý: Hytaý halky bagtyň we şatlygyň nyşany hökmünde Täze Ýyl baýramçylygynda gapylaryny gyzyl reňke boýaýarlar. Mundan başga-da, Täze Ýyl güni hytaýlylar öýlerindäki pyçaklary ýaşyryp goýýarlar. Olar munuň sebäbini Täze Ýyl güni öýde pyçak bilen bir zat kesilse, geljek ýyl şowsuzlyk bilen geçýär diýip düşündirýärler.
Türkiýe- Türkler Täze Ýyl güni gapylarynyň öňüne duz dökýärler. Bu adat olarda ýylyň bereketli bolmagyny isleýändikleriniň alamaty bolup durýar.
Braziliýa- Braziliýada her ýyl ilat ummanyň kenaryna ýygnanşyp, oňa ak gül zyňýar. Olar munuň sebäbini “Deňiz taňrysyna” berilýän sowgadyň netijesinde onuň halkyň dileglerini kabul edýändigi bilen düşündirýärler. Şol bir wagtda, Braziliýalylar Täze Ýyl güni ak eşik geýýärler. Olar geýýän ak eşikleriniň Täze Ýylda bolup biljek ähli ýamanlyklardan we şowsuzlyklardan goraýandygyna ynanýarlar.
Çehiýa- Çehler Täze ýyl güni bazardan alma satyn alyp, şol almalary ortasyndan deň ikä bölýärler. Olar Täze Ýylyň şowly boljakdygyny ýa-da bolmajakdygyny şol almalaryň çigitlerine seredip, pal atýarlar.
Italiýa-Italýanlar ähli zibillerini penjireden zyňýarlar. Gereksiz zatlary näçe köp zyňsaňyz, täze ýylda şonça-da bagtly bolarsyňyz diýýärler.
Meksika- Meksikalylar Täze Ýyl baýramçylygy ýakynlaşanda öýlerini dürli reňkler bilen bezemäge başlaýarlar. Bu adatyň özeninde şeýle sebäp ýatyr: reňkler Täze Ýyldan garaşylýan umydy alamatlandyrýar. Meselem, gyzyl reňk – söýgini, sary reňk – işi, ýaşyl reňk bolsa – puly alamatlandyrýar.
Türkmenistan habarlar portaly Link: https://turkmenistaninfo.gov.tm


106

5

0

2

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


Standart list tapsam gatnasjak)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Bezzat (Şugün, 01:35)

Owadan yazuw basleșik


2 adam minus basypdyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAY-HAN (Şugün, 00:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy ýazypsyň)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Aurora (Şugün, 00:27)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy bolupdyr,ynjytman mylakatly hem degişmeli edip düzülipdir ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Violetta (Şugün, 00:09)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Pikirleriňize garaşýan......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
medet_mededi (Şugün, 00:03)

Owadan yazuw basleșik


Gatnasyan agzalara ustunlik arzuw etyan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:42)

Owadan yazuw basleșik


Gowy pikir edipsin malades goldayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:41)

Owadan yazuw basleșik


Malades gowy pikir isinde ustunlik gatnasyanlarada ustunlik arzuw etyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAYOGUL (Düýn, 22:36)

Owadan yazuw basleșik


Biderek zat gatnashan tapylarmyka...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Yangyn (Düýn, 22:35)

Owadan yazuw basleșik


Yone her kim bir gosgy dal-de hemme sol bir gosgyny yazsa pocerk yuze cykar yaly gowy bormuka diyyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Belki (Düýn, 21:20)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика