Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Aypipijik : Kabir adamlar seyle bir suyji edip yalan gurleyaler, hatda olary dinlap cayy sekersiz hem icsen bolyar

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Aglaryn
 Özümiziňki
 Aydymcy_Jemile [1m]
 02.01.2025 / 13:20
 M❤💘

AGLARYN
Eý, ýaranlar, ömrümden,
Geçdi diýip aglaryn.
Gitdi aklym ornundan,
Çaşdy diýip aglaryn.

Giden dönmez ýolundan,
Düşmez ýaman pälinden,
Diýanat halk elinden,
Uçdy diýip aglaryn.

Häzir biziň zamanda,
Ýaman sözler zybanda,
Zulum işler jahanda,
Joşdy diýip aglaryn.

Bu eýýamda betkärler,
Ýüz dil bile aldarlar,
Hany niçe dildarlar,
Geçdi diýip aglaryn.

Niçe sada deň-duşlar,
Şeýtan biligin başlar,
Ýüz çöwürip gardaşlar,
Gaçdy diýip aglaryn.

Görüň pelegiň oýnun,
Üzer alymyň boýnun,
Niçe janlar ýer goýnun,
Guçdy diýip aglaryn.

Magtymguly diýr merde,
Dünýä bentdir, ten perde,
Bir başym sansyz derde,
Duşdy diýip aglaryn.

Magtymguly Pyragy


102

7

1

3

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 02.01.2025 / 13:22

+0


Özümiziňki
Aydymcy_Jemile  (02.01.2025 / 14:31) 

Sebap, sag bol

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Şugün, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Şugün, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Şugün, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Şugün, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Şugün, 10:57)

Катюша


Lya lya lya...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
rexha (Şugün, 10:50)

Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe


Neler gördi gözüm....dowamy...
Talyplar we mugallymlar | Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe
rexha (Şugün, 10:47)

С праздником! С 9 мая!


Turkmence gutla...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | С праздником! С 9 мая!
Domen (Şugün, 10:18)

Ýalňyş yşk-my?


Çaknyşýarys. Akylsyz biz. Akylsyz ýigit, Akylsyz gyz. Tiz bolaly. akylly Adamlar kän ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýalňyş yşk-my?
Luckyboy (Şugün, 07:27)

Muny Bilmek Gyzykly !


Indi gulmelimika?...dowamy...
Degişmeler älemi | Muny Bilmek Gyzykly !
Luckyboy (Şugün, 07:25)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика