Ýürekdeş sözler!
xuliganka : Pozguç ulanman çekilýän surata:"Durmuş" diýilýär:/
Duz hem bolmasa
Özümiziňki Aydymcy_Jemile [off] 02.01.2025 / 23:40 Allahym bir gun gowusudurar M❤😥
DUZ HEM BOLMASA
Togsan dürli tagam bolsa gaşyňda,
Ne lezzet içinde duz hem bolmasa.
Ne biler sen ne iş bardyr başyňda,
Müşgil işdir başda göz hem bolmasa.
Aýak bar ýörmäge, el bar almaga,
Hany bende, saglyk şükrün kylmaga,
Gulak bardyr eşidenin bilmäge,
Kim düzeder dilde söz hem bolmasa.
Ýok ýerden jan berip, ýetirdi nany,
Köňül bossanynda biter imany,
Adyň bende bolsa, Eýäňi tany,
Gelip, saňa ýüzbe-ýüz hem bolmasa.
Kysmatyn hak bilen ryzkyn azlamaz,
Söz bilenler bilen sözün gizlemez,
Köňül joşa gelmez, dil hem sözlemez,
Her ýürekde yşkdan köz hem bolmasa.
Ýyl-ýyldan fazyhat artar eýýama,
Hakyň Özi getirmese enjama,
Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,
Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa.
Ýum gözüňi, gysyp gezgin dişiňi,
Ýaza ýetseň, unutmagyn gyşyňy,
Töwekgel et, Taňra tabşyr işiňi,
Sabyr bilen biter tiz hem bolmasa.
Magtymguly, hyýal düşüp özüme,
Köp tomaşa gelip, geçer gözüme,
Eşidenler, aýp etmesin sözüme,
Iller kimin sözüm uz hem bolmas
Teswirler:
Soňky teswirler
Meniň öýüm Daşoguzda...
Gaty gowy gordum. Yone men-a gyzyn deregine bolsam bu gosguny okap ara acardym senden ) gunde myhman, corek yap, sygyr sag...))
Merkez diyyanin D...
dowamy...Owadan yazuw basleșik
Su saytyñ media lentasynda goýsañam bolýardy. Goyan suratynynam asagyna"ýazuw bäsleşik üçin" diyip goýsa. Bir gun belläp hemme suratyny şoña taýy...
dowamy...Söýgi sözleri❤️
Bolgusyz terjimäñ üstüne suwjukluyk, hasam beter mynasyp edipdir diss like a. Gatam gorme onsan...
dowamy...
Ýokaryk