Ýürekdeş sözler!
Gerceknazar : Durmuş bize öwredýär gör köp zady, Internetde , kitaplarda ýok zady. @Gerçeknazar
Öý şertlerinde ýasap boljak makiýaž önümleri
Premium
BAYOGUL [on] 04.01.2025 / 00:50
Häzirki wagtda kosmetiki önümleriň bahalary diýseň ýokarlanýar. Şeýle ýagdaýda puluňyzy tygşytlamak üçin kosmetika önümleriňizi satyn almazdan, öý şertlerinde hut özüňiz ýasap bilersiňiz:
Pomada – ýasamak üçin zerur bolan ilkinji madda, ary mumydyr. Bir gaba 1 nahar çemçesi wazelini alyp, ony erediň. Soňra 1 çaý çemçe gliserini, 1 çaý çemçe wanil ekstraktyny we öz islegiňize görä reňk goşuň. Taýýar pomadany ownuk gaba guýup, bir gije sowadyjyda goýuň. Eger-de iýmit reňkini ulanmak islemeýän bolsaňyz, pomadaňyzy şugundyr, malina ýaly önümler bilen reňkläp bilersiňiz.
Maskara – ýasamagy kyn ýaly bolup görünse-de, aslynda gaty aňsat. Bu makiýaž önümi üçin zerur zatlaryň biri boş we arassa maskara gaby. Ýene-de size zerur zatlar 1 çaý çemçesi kakos ýagy, 1 çaý çemçesi E witamin ýagy we ýarym çaý çemçesi soýa. Bu maddalaryň hemmesini bir gapda erediň we ony garyň. Soňra 3 nahar çemçesi aloe goşuň we birmeňzeş garyndy alýançaňyz garyşdyrmagy dowam etdiriň. Maskara gara reňk bermek üçin bolsa 1 işjeňleşdirilen kömür dänesini (kapsulasyny) goşuň.
Pudra – ýagly deriniň iň uly meseleleriniň biridir. Öý şertlerinde pudra ýasamak gaty aňsat. Size zerur zat, deriňiziň tonuna görä krahmal almak üçin kakao we darçyn. Önümleri biraz gyzdyryň. Bu kombinasiýa arkaly ýörite pudraňyz taýýar bolar.
Göz gamaýjy – 1 sany işjeňleşdirilen kömür dänesini (kapsula) deň mukdarda kakos ýagy bilen garyşdyryp, öz göz gamaýjyňyzy aňsatlyk bilen ýasap bilersiňiz
Teswirler:
Betinden Sebap [off] Lekum dinukum we liýe din 13.01.2025 / 06:51+0
Soňky teswirler
Meniň öýüm Daşoguzda...
Gaty gowy gordum. Yone men-a gyzyn deregine bolsam bu gosguny okap ara acardym senden ) gunde myhman, corek yap, sygyr sag...))
Merkez diyyanin D...
dowamy...Owadan yazuw basleșik
Su saytyñ media lentasynda goýsañam bolýardy. Goyan suratynynam asagyna"ýazuw bäsleşik üçin" diyip goýsa. Bir gun belläp hemme suratyny şoña taýy...
dowamy...Söýgi sözleri❤️
Bolgusyz terjimäñ üstüne suwjukluyk, hasam beter mynasyp edipdir diss like a. Gatam gorme onsan...
dowamy...
Ýokaryk