Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Aypipijik : Sen ondan birje soze garasyarkan, Ol basgasyna roman yazyar.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Saçlaryň owadan bolmagy üçin
Premium
 BAYOGUL [on]
 04.01.2025 / 01:14
 Yurekdesh.ru

Saç üçin berhiz (dieta) – bu saglyk üçin peýdaly iýmitleriň toplumy bolup, olar saçlaryň gözelligine, berkligine we owadanlygyna jogap berýär. Köp aýallar henizem saçlar bilen bagly ýüze çykýan meseleleri diňe maskalaryň we salonlardaky edilýän bejergileriň hasabyna çözüp bolýar diýip düşünýärler. Ýöne içerden gelýän ýokumly maddalaryň mukdarynyň azalmagy, saç sapajyklaryň kesellemegine getirip bilýär. Şonuň üçin saç üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek möhüm bolup durýar.

Saçy esasy iýmitlendiriji elementler sink, kalsiý, demir. Bu üç elemente baý iýmitleri kabul etmek maslahat berilýär. Ýöne bu elementler bilen bagly bolan biologiki işjeň goşundylary diňe lukmanyň maslahaty bilen içmekligi ýatdan çykarmaly däldir. Saçlary gysga wagtyň içinde hem uzyn hem berk etmegi wada berýän her hili himiki serişdelerden daşda durmaly.

Alkogol we nikotin saç üçin iň ýaramaz içgi hasaplanýar.

Saçlary berkitmäge gönükdirilen iýmitler barada:

Ýagly balyk. Gyzyl balyk bolmasa islendik saç üçin tutulýan berhizler dogry diýlip hasaplanmaýar. Ol belok, demir, B12 witamininiň we omega-3 ýag kislotasynyň ajaýyp çeşmesidir.

Gök otlar. Ysmanak, brokkole, ýaşyl noýba – A, С, K demir elementlerine baý otlardyr. Demir we kalsiý elementleri saçlaryň ösmegine gowy täsir edýär.

Guş eti. Hindi towugy diňe bir belogyň däl, eýsem, sinkiň hem ajaýyp çeşmesidir. Guş etinde adam bedenine zerur we aňsatlyk bilen siňýän demir elementi hem bardyr. Guş etiniň az ýa-da umuman iýilmezligi saçlaryň döwülegen bolmagyna getirýär. Guş etini işdäaçarlarda iýmek bilen köp mukdarda witaminleri kabul edip bileris.

Hoz – özünde sink we selen elementlerini köp saklaýar. Bu elementler saç dökülmeginiň öňüni alýar we kelläniň saglygynda möhüm rol oýnaýar.

Ýumurtga iýmek islegi bolan adamlar üçin ýene-de bir beloga baý çeşme. B12 we B7 witaminlere baý. Saçyň deriniň dyrnagyň saglygyna peýdalydyr. Hatda çig ýumurtgany kelle agyrmasynyň öňüni almakda ýapgy hökmünde ulanýarlar.

Süýt we süýt önümleri. Süýt, kokteýl, kefir, gatyk beloga baý hasaplanýar. Süýtli önümleri halaýan adamlara olary köpräk günortan wagty içmek maslahat berilýär. Olar saçlaryň berkemegine, owadan bolmagyna getirýär.


93

14

1

5

0

0

2
Teswirler:
 Täzeje
 Efsane [off]
  Arkamdan gybatymy etýänleň arzuwlaryna golum bar!.
 05.01.2025 / 14:25

+1

gaty gowy maslahat haladym!


Premium
BAYOGUL [on] (07.01.2025 / 10:05) 

Efsane, sagbol

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Şugün, 19:47)

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Şugün, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Şugün, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Şugün, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Şugün, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Şugün, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Şugün, 10:57)

Катюша


Lya lya lya...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
rexha (Şugün, 10:50)

Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe


Neler gördi gözüm....dowamy...
Talyplar we mugallymlar | Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe
rexha (Şugün, 10:47)

С праздником! С 9 мая!


Turkmence gutla...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | С праздником! С 9 мая!
Domen (Şugün, 10:18)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика