Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
rexha : Ne ilk sevdiğini ne-de ilk sevildiğini unutursun:/

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Öten agşamky düýşüm
 Gytyndan
 Sebap [off]
 04.01.2025 / 01:20
 Lekum dinukum we liýe din

Düýn Tokaryň gürrüňini etdik. Tokar Tugur –suratkeş. Moskwada Gündogaryň suratkeşleriniň sergisi açylypdyr. Şonda-da Tokaryň işlerem goýulypdyr diýip eşitdim. Begendim.Belki şondandyr şo gije Tokar düşüme giripdir. Çal giren saçlary egnine düşüp dur. Özem hemişekisi ýaly, mähirli ýylgyrýar. Dogrusy, ömrüniň soňky ýyllary bu ýylgyrmasy azalypdy. Ýene-de birki oglan-a bar. Şamuhammetmi... Şamuhammet Myradow şeýle ýumşak, inçe medeniýetli oglandy. Otuz ýaş töwereklerinde ganyna rak düşüp gitdi... Ortada gramplastinka aýtdyrylýan. Onda Woznesenskiý goşgy okaýar. Dogrusy «Ya Goý-ýa!» diýip bogazyna sygdygyndan gygyrýar. Biz daşynda onuň goşgy okaýşyna haýran bolup diňläp otyrys. Goşgy gutaransoňam gulagymyza «Ýa Goý-ýa!» gelip dur.Birdenem Ýesenin «Ýa hoçu wi-idet e-etogo çelo-owe-eka!» diýip başlaýar. Olam goşgyny näme üçindir gygyryp okaýar.Şol döwürler «Krugozor» diýip sesli jurnal çykardy. Şonda Ýeseniniň özüniň «Çýornyý çelowegini» okaýşyny plýonka plastinkasyna ýazyp ýerleşdiripdirler. Ol ýukajyk, mawy reňkli... Birdenem ortada magnitofon. Magnitofonyň lentasyndan Gurbannazaryň sesi gelýär.«Ýeke galdym, deňizdaki ada men,Per-wana deý, düşdüm gyzyl oda m-men.Ölmelimi, gülmelimi ýa-da m-men?B-ber jogabyn, bu sowalyň, bu dünýe....Gaýratym namarda, saňa-da ý-ýeter-r. M-me saňa, m-me saňa, m-me saňa p-peder-r, Owaýyn dişiňi, biliň bu dünýe...»Gurbannazaram bu goşgusyny, dişleriniň arasyndan harplary syzdyryp, janygyp, gaty ses bilen okaýar. Biziň barymyz jadylanan ýaly, Gurbannazaryň sesini diňleýäs.Birdenem Babpa ýanymyzda otyr. Onuň buýra saçlary çyraň ýagtysyna altynçaýylan ýaly öwüsýär. Ol ýeňsesini gütüledip ýaplanyp oturan diwaryna birnäçe gezek urýar. Soňam goşgusyny okaýar:«...ýolma guşuň ganatyn!Ýolsaň guşuň ganatyn
Uçýan bilen uçmaýanBolarlar garym-gatym!»Onuň sesiniň şol erkeksiligi, gaýratlylygy, mertligi...Soňam «Köpegi ataňda boýnunuň bagyny bir çöz ahyry. Daňylgy bir ölmesin» diýen manydaky goşgusyny okaýar. Ýanymdakylaryň biri «Türmeden öldürilip gelen agasyna bagyşlanan goşgy» diýip pyşyrdaýar.Birdenem üşeýän. Bakuwyň kondissioneriniň güňleç sesi gelýär. Onuň sowgy süňklerime kesip barýar. Ony öçürýänem ýok. Sowuga dyzym agyrýar. Uruşdan ýaraly gelen, bagty getiren betbagt ýaly, ýeke özüm ýempäp barýan. Daşary. Howlymyz düp-düz edilipdir. Gara mermermere meňzedilen, sowuk ýyldyraýan beton plitalar, ýere düşelipdir. Gögerip oturan ýekeje otam ýok. Horazyň sesem eşdilenok. Dünýe dym-dyrslyk. Penjire ýapyk. Mümkin şondandyr daşardan ses gelmeýäni. Indiki penjireler howa-da geçirenok, sesem...Birden oýanýanymy duýýan. Tokaryňam, Şamuhammediňem... düýşdügine akylym ýetip başlaýar. Oýanasym gelenok. Oýa ýatyşyma ýene düýşümi gaýtadan görýän. Ýeseniniň, Gurbannazaryň sesi... Bapbaň saçlary... Onuň ýeňsesini uranda diwardan çykýan, sessiz tüpeňiň sesi ýaly, güňleç düňküldi... Oýanasym gelenok. Aýaklarym üşeýär. Sowuk süňklerime ornaýar...


89

9

4

2

1

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Khanture00 [off]
  Fe inne mea'l'usri yusran, inne mea'l'usri yusran
 04.01.2025 / 01:24

+0

Haýsy kitapdan


Gytyndan
Sebap  (04.01.2025 / 01:25) 

Khanture00, kitaphana bar


Täzeje
Khanture00  (04.01.2025 / 01:27) 

Sebap, Haýsy kitapdygny bilmän, kitaphana baranyň nä peýdasy?


Gytyndan
Sebap  (04.01.2025 / 01:29) 

Khanture00, oten agsamky goren duysum diyip bar shon icinde bolek-bolek


Täzeje
Khanture00  (04.01.2025 / 01:29) 

Sebap, ok


Özümiziňki
Gerceknazar  (04.01.2025 / 06:44) 

Khanture00, "Öten agşamky düýşüm" kitabyndan. Awtory Hydyr , Ylýas Amangeldiýewler.

 Özümiziňki
 Aydymcy_Jemile [off]
  M❤💘
 04.01.2025 / 01:27

+0

Gulum yalnysyp basypdyr


Gytyndan
Sebap  (04.01.2025 / 01:30) 

Aydymcy_Jemile, zyyany yok gulum gaygy etme


Özümiziňki
Aydymcy_Jemile  (04.01.2025 / 01:31) 

Sebap, axa

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 04.01.2025 / 01:29

+0


Gytyndan
Sebap  (04.01.2025 / 01:31) 

BAYOGUL, Sagbol

 Täzeje
 Khanture00 [off]
  Fe inne mea'l'usri yusran, inne mea'l'usri yusran
 04.01.2025 / 01:30

+0

Hydyr Amangeldi ekenä


Gytyndan
Sebap  (04.01.2025 / 01:31) 

Khanture00, Howwa

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Şugün, 19:47)

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Şugün, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Şugün, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Şugün, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Şugün, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Şugün, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Şugün, 10:57)

Катюша


Lya lya lya...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
rexha (Şugün, 10:50)

Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe


Neler gördi gözüm....dowamy...
Talyplar we mugallymlar | Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe
rexha (Şugün, 10:47)

С праздником! С 9 мая!


Turkmence gutla...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | С праздником! С 9 мая!
Domen (Şugün, 10:18)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика