Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Belki : Bu gün hossarlarym maña görmegeý, akylly ömür ýoldaşy arzuw etdiler. Gulagyñ şyñladymy? #Belki

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Adam bolmak kyn...
 Betinden
 Sebap [off]
 06.01.2025 / 03:00
 Lekum dinukum we liýe din

Olam ilki siziň ýalyrakdy. Kiçijik bir adamdy, ýöne adamdy. Her gün säher bilen jaňly sagadyň sesine tisginip turardy, demlengi duran çaýa agzyny ýakdyryp, bir eline sumkasyny, bir eline-de kökesini alyp, mekdebe tarap eňerdi.Ullakan klas jurnalynda, il deňinde onuňam ady bardy. Ýöne ol öz adyny asla halamazdy. Sebäbi, şol at zerarly onuň gören görgülerini sanap çykjak bolsaň, demiň tükenýär. Beýle diýsem, iliňkiden üýtgeşik, iliňkiden ýaramaz ady bardyram öýtmäň. Onuňky ýaly ady göterip ýören, özem birkemsiz göterip ýören oglanlar bir däl, on dal, gaty kän. Ýöne onuň pikiriçe, şol ady dakynyp ýören oglanlaryň hemmesem barypýatan bagtsyz, keçmaňlaý bolmaly. Sebäbi şol at ony her gün sazanaklap tagtanyň öňüne çykmaga çagyrýar. Şol adyň yzynda iki eplenişip duran «2-likler» ony ene-atasynyň, deň-duşlarynyň öňünde ýüzügara edýär. Her gezekki ene-atalar ýygnagynda şol at tutulan badyna, mugallymlar ýerli-ýerden jibrinişip, käýinişip ugraýarlar. Ynha, indi alty-ýedi ýylyň içidir, ýagdaý şeýle.«Ýok, mundan at bolmaz, mundan durmuş bolmaz!» diýip, ol içinden kän gezekler zeýrenerdi.Klas aýnasynyň öňündäki agajyň o şahasyndan bu şahasyna böküşip, gaýgy-gamsyz jürküldeşip ýören serçelere onuň hut gözi giderdi. «Şularyňky hezil!» diýerdi. «Süýji ukudan kesilip, säher bilen mekdebe gitme aladalary ýok. Mugallymyň öňünde müzzerip durma gorkusy ýok. Nirä gitselerem, näme etselerem – öz ellerinde» diýerdi. «Wah, menem şularyň biri bolsam bolmaýarmy! Ähli ýoldaşlarymyň içini ýakyp, aýnanyň öňünde eýläk-beýläk bökjekläp ýörsem bolmaýarmy!» diýip, ah çekerdi.Serçelerem ony has öjükdirjek bolýan ýaly, «jürkde-jürk», «jykyrda-jykyr». Bir köpi gören, garry serçe bolsa käte edil aýnanyň öňüne gonýar-da, ýaňky oglana seredip «juk-juk-juk» diýýär, hatda başjagazynam ýaýkan bolýar. Garry serçäniň bu hereketini özüne duýgudaşlyk hasap edip, oglanyň bokurdagy dolardy. Şol garry serçeden başga oňa nebsi agyrýan ýok. Serçäniňem duýgudaşlygyndan peýda barmy näme! Ol görgüli «A-how, adamlar, bu ikilikçi neressä haýpyňyz gelsin. Ony öz gününe goýuň!» diýip bilmese. Ýa-da onuň ýerine ähli sapaklary özleşdip, «5-lik» alyp berip bilmese. Iň bolmanda öý işini işlemäge kömek edip bilsedi. Ýok-la, serçe nire – bu düşnüksiz mysallar, meseleler nire. Wah, serçeleriňki hezil-le!

Dowamy bar.....


124

19

4

4

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Luckyboy [off]
  Trust Yourself
 06.01.2025 / 09:10

+0

Dowamyna garaşyan


Betinden
Sebap  (06.01.2025 / 10:46) 

Luckyboy, nesip bolsa

 Gytyndan
 Baron [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 06.01.2025 / 10:03

+1

Kömek Kulyýew


Betinden
Sebap  (06.01.2025 / 10:47) 

Baron, edil özi

 Öwreniji
 Kesxa [off]
  Amorf we metamorfoz, oňatlyk.
 06.01.2025 / 10:17

+0

Nememi şuň soňy, "Irden turzup mekdebe ugratsynlar... (ýene beýleki, şuňa meňzeş sözler) Adam bolmak hezil eken" diýip gutarýardymy

 Täzeje
 FolLower [off]
 06.01.2025 / 14:15

+0

Öñ dostlukda biri goýupdy şuny


Betinden
Sebap  (06.01.2025 / 14:16) 

FolLower, hm dolusyny ýa meňki ýaly bölüp goýdumy?


Täzeje
FolLower  (06.01.2025 / 14:16) 

Sebap, bölüp bölüp goydy oytyan birnaçe bölum edip


Betinden
Sebap  (06.01.2025 / 14:18) 

FolLower, aha bolýa

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


basmaça my ýa ýazmaça tapawudy ýokmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Boniya (Şugün, 13:33)

Ýanymda otyr..


Mlds.Gowy goşgy ekeni.Like...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Sasiyona (Şugün, 13:24)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Her setire siñmiş obanyň ysy, Okañda duýulýar, hakyky söýgi. Özüne çekiji goşgy bolupdyr, her bendi ýüregiñe barýar. Gowy ÿazylypdyr, üstünli...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Аджап (Şugün, 12:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Ýazara zat kän gysgaça hemme zadyň soňunda bagtly durmuşuň garaşýandygyny aýdyp biljek...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Mizan (Şugün, 12:32)

Ýanymda otyr..


Mana na minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Haa mana minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Bolýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:08)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


GUTLAÝAN) Şeýle ýaryşlar köp geçirilibersin...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Koroleva (Şugün, 11:36)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Berekella örän gowy goşgy çykypdyr.Mlds.Yetirip dur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Sasiyona (Şugün, 11:19)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Oba ýere höweslidim. Näme hyzmat bolsa, ederdim. Sebäbi hakyky sada, adam ýaly adamlar obada ýaşaýarlar. Şähere gelýän obalylar soň üýtgeýärler....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Gulmahrem (Şugün, 10:46)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика