Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
MARY : üns bermeseň çaý hem sowar,Göwün hakda gürlejegem däl

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Adam bolmak kyn...2
 Betinden
 Sebap [off]
 07.01.2025 / 02:03
 Lekum dinukum we liýe din

Bir bar eken, bir ýok eken, bir jadygöý bar eken. Özüniňem soňky döwürde işi şowuna däl eken. Asyl nirä barsa, oňa ýüz berip, sözüne ynanýan adam bolmasa nätjek. Ulularyň-a hemmesi ony samsyk hasaplap, üstünden gülýän eken. Kimiň ýanyna baryp:— Men jadygöýdürün, näme haýyşyň bolsa aýt! — diýse:— Göteril-ä, aňkasy aşan! Häzirem bir jadygöý bormy? Bolaýanda-da, meniň jadygöýe galyp duran işim ýok. Hemme zadymam bar, ýerbe-ýer! — diýip, ony kowar eken. Yzyndanam:— E-heý, sähne, bütinleý akylyňdan azaşaýmankaň,
tizräk doktora bar, özüňi bejert! — diýip, gygyryp galýarmyşlar.Gepiň gysgasy, jadygöý bütinleý işsiz galypdyr, abraýdan düşüpdir.Başga alaç galmansoň, jadygöý: «Iň bolmanda, kiçileriň arasynda bir maňa hyrydar çykan tapylmazmyka?!» diýip, şäherme-şäher, obama-oba aýlanmaga başlapdyr. Özem bir gün adam sypatynda aýlansa, ertesi towşana öwrülýärmiş, soň bir görseň, guş bolup gaýyp ýör diýýär.Jadygöý bir gezek penjiräniň öňünden geçip barýarka, penjireden içerik seretse, birtopar oglanmy-gyzmy, kitap okap, hat ýazyp, garabaşynagaý. Olaryň arasynda bir oglanyň welin ne hat bilen işi bar, ne-de kitap bilen. Iki elini dulugyna diräp, çuň oýa batyp otyr, özem käte-käte daşardaky serçelere seredip, uludan demini alýar. Jadygöý onuň öňünde açylgy duran gündelige seredip görse, gündeligiň gatlary küýküje-küýküje garynjadan doly. Geň galan jadygöý gündelige has içginräk seretse, ýaňky küýküjeler garynja däl-de, «2-lik» eken. «Ä-hä, duruber bakaly! Görýän welin, gardaş, seniňem işleriň ugruna däl bolara çemeli. Sen-ä meniň kömegimden ýüz öwrüp durmasaň gerek!» diýip, jadygöý içini gepletdi. Şondan soň, ol her gün garry serçäniň sypatyna girip gelip, ýaňky oglanyň edýän pikirlerini okamaga, arzuw-hyýallaryny öwrenmäge başlady.

Dowamy bar..


142

15

4

4

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 guzellik [off]
  Sen garrama ejejan❤️
 07.01.2025 / 02:22

+0

Gowy ekeni


Betinden
Sebap  (07.01.2025 / 02:22) 

guzellik, sagbol tatlim


Täzeje
Mahirlije  (07.01.2025 / 02:28) 

Sebap, dowamyna garasyan


Betinden
Sebap  (07.01.2025 / 02:29) 

guzellik, nesip bolsa


Täzeje
Mahirlije  (07.01.2025 / 02:35) 

Sebap, tapdynmy dowamyn


Betinden
Sebap  (07.01.2025 / 02:37) 

guzellik, günde birje mowzuk açyp bilyana ertir agşam gojak dowamyny


Täzeje
Mahirlije  (07.01.2025 / 02:39) 

Sebap, wii


Betinden
Sebap  (07.01.2025 / 02:40) 

guzellik, birinji okadyňmy


Täzeje
Mahirlije  (07.01.2025 / 02:40) 

Sebap, hva


Betinden
Sebap  (07.01.2025 / 02:41) 

guzellik, ertir agşama çenli sabr et goýjak


Täzeje
Mahirlije  (07.01.2025 / 02:42) 

Sebap, axa


Betinden
Sebap  (07.01.2025 / 02:42) 

guzellik,

 Täzeje
 Gadayly [off]
  Sôyúl yóne sóyme aglama aglat!
 07.01.2025 / 02:48

+0

ôràn oñat


Betinden
Sebap  (07.01.2025 / 02:51) 

Gadayly, sagbol


Täzeje
Gadayly  (07.01.2025 / 02:59) 

Sebap, Okey

 Özümiziňki
 Arzuw [4m]
  ,,Her nasip vaktine esirdir..."
 07.01.2025 / 05:25

+0

palçylyga, bilgiçlige ynanýaňyzmy?


Täzeje
Maksat  (07.01.2025 / 07:41) 

Arzuw, Sen ynananokmy


Özümiziňki
Arzuw  (07.01.2025 / 08:00) 

Maksat, 1-2 gezek dogry çykypdy, bilmedim


Täzeje
Maksat  (07.01.2025 / 17:49) 

Arzuw, Da olaram çak edip aÿtÿalarda


Özümiziňki
Arzuw  (07.01.2025 / 17:55) 

Maksat, nm sorajagyňy aýtmakaň ýüzüňe seredip aýdyp duranam gördüm, gyssap el aklyp alyp aýdyp ýitip gidýänem gördüm

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 07.01.2025 / 21:52

+0

Gowy eken mena haladym

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýanymda otyr..


Mlds.Gowy goşgy ekeni.Like...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Sasiyona (Şugün, 13:24)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Her setire siñmiş obanyň ysy, Okañda duýulýar, hakyky söýgi. Özüne çekiji goşgy bolupdyr, her bendi ýüregiñe barýar. Gowy ÿazylypdyr, üstünli...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Аджап (Şugün, 12:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Ýazara zat kän gysgaça hemme zadyň soňunda bagtly durmuşuň garaşýandygyny aýdyp biljek...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Mizan (Şugün, 12:32)

Ýanymda otyr..


Mana na minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Haa mana minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Bolýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:08)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


GUTLAÝAN) Şeýle ýaryşlar köp geçirilibersin...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Koroleva (Şugün, 11:36)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Berekella örän gowy goşgy çykypdyr.Mlds.Yetirip dur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Sasiyona (Şugün, 11:19)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Oba ýere höweslidim. Näme hyzmat bolsa, ederdim. Sebäbi hakyky sada, adam ýaly adamlar obada ýaşaýarlar. Şähere gelýän obalylar soň üýtgeýärler....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Gulmahrem (Şugün, 10:46)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Tüweleme. " Şu zatlara razy bolsaň ine men"-i sypaýyçylyk bilen ýetiripsiň. Söýgisi üçin göreşýän gyzlar düşünerle bu zatlara...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Mizan (Şugün, 10:23)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика