Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Ayjahan : Eger men ölen bolsam onda meni jaýlaň-da, müň gezek ölip direldim seniň saýaňda....

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

SÖÝGÜLIMI MENDEN ALAN GOŇŞYM (BOLAN WAKA-ÖZ DILINDEN ÝAZYLAN)
Premium
 BAYOGUL [on]
 07.01.2025 / 11:08
 Yurekdesh.ru

1-nji bölüm
Men okuwda okaýakam özümden kiçi iki sany gyz bilen joradym. Biri Uzuk birem Ogulbibidi. Uzuk meniň goňşym. Ýöne Ogulbibi bilen has ýakyndyk. Gyş günleridi. Ogulbibiň ejesi bilen kakasy KÄBÄ gitdiler. Ýagny HAJA gitdiler. Ogulbibiň gelnejesiniň ýaş bäbejigi bolansoň howa sowuk diýip şäherdäki jaýlarynda bolýadylar. Ejesi kakasy KÄBEDEN gelensoň sadaka üçin oba geljeklerini aýdyp meni hem şähere gezmäne çagyrdy. Bir gün kakamdan rugsat alyp menem Ogulbibilere gitdim. Ogulbibi ikimiz biriksek dünýäni unutýadyk. Şadyýandyk. Ogulbibileň ýanlarynda iki etaž edilen bazar bady. Öýläniräk iki bolup bazara aýlanmana gitdik. Ondan mundan prikol tutuşup geçene at dakyşyp gülüşip hezil edip aýlandyk. Soň biz telefonuň zatlaryny satýan gyzyň ýanynda durduk. Tanamasagam oň bilenem gürleşip gülüşüp durduk. Olam biz ýaly degişgen eken. Soň biz meňzeş telefon salynýan gapjyk aldyk. Telefona dakylýan brilok almakçy bolduk. Harplar bilen bezelenler kändi ýöne O harplysy ýokdy. Meňem adym Suraý bolansoň S harplyny aldym. Ogulbibäde seňem telefonuň samsung senem S harp alaý diýip şony aldyrdym. Alyp bolanymyzdan soňam ol gyz bilen gülüşip durduk. Edil gapdalynda iki sany oglanam eşik satyp duran eken. Şolaryň biri bizi synlap duran eken. Ahyry ol oglan dillendi:
-Bägül joralaň bilen tanyşdyrsana diýdi. Satyjyň ady Bägülmiş. Bägülem:
-Meň klentlem bilen işiň bolmasyn men seň klentleňňe azar beremoga diýdi. Şondan soň biziň gülkümiz galdy. Ýüzümize suw sepilene döndük. Soň biz ýuwaşjadan sagbollaşyp o taýdan gaýdyp başladyk. Ýaňky oglanam yzymyzdan gygyryp öz nomerini aýtdy.:
-Içiňiz gyssa gülüşmek isleseňiz şu nomere aýlaýyň diýip gygyrdy. Olwagtlar MTS nomerdi. Häzirki ýaly ýadymda 866-07-35-36. Meň ýadymda galdy şo wagt gygyrandada. Biz bazardan çykyp eslije ýöredik. Sykylyk sesi boldy. Ogulbibi yzyna bakdyda:
-Suraý oňa seret diýdi.
Seretsem ýaňky oglan bazaryň ikinji etažyna çykypdyrda bize sykylyk atýa. Eli bilenem maňa jaň et diýip hereket etýä. Ogulbibem özüni görkezip menmi diýdi wn olam ýok diýip meni görkezdi. Menem ýaňky oglana gel diýip elimi buladym. Gelerem öýtmedim. Gülmek üçin etdim ýöne ol çyny bilen gaýtdy. Menem Ogulbibiň elinden tutup:
-Gyw o samsyga gelýä gaçaly diýip haýdap ýöräp ugradyk. Olam bizden beter ylgaýa. Ahyry yzymyzdan ýetdi. Öňüme geçdide.:
-Nomeriňi beräý meni taşlap gitmäý. Adyňa S harpdan gelýän eken brilok alaňda eştdim diýdi. Ýenede nomerini aýtdy. Meňem nomerimi sorady menem bermedim. Adymy sorady Sona diýdim. Sebäbi S harpdan at aýtmalydym. Nomerini belledim we özüm jaň ederin diýdimde oglandan daşlaşdym. Ýene yzymdan gygyrdyda:
-Hökman jaň et garaşaryn diýdi. Ogulbibilere geldik. Giçlik boldy. Ikimiziňem içimiz gysýa. Howada sowuk bolansoň daşarygam çykyp bolanokdy. Ogulbibem:
-Hälki oglana jaň edeli diýdi. Men ilki boýun gaçyrdym. Soňam razylaşyp jaň etdim.....


141

22

4

5

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Baron [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 07.01.2025 / 11:30

+0

Suraý ýelek eken-ä!)

 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 07.01.2025 / 11:37

+0

Ýeketäkde törä agam goýupdy şuny yzynam goýaýda gaty gyzykly bolýa


Premium
BAYOGUL [on] (07.01.2025 / 11:37) 

Sebap, 2-nji bolum bar


Betinden
Sebap  (07.01.2025 / 11:38) 

BAYOGUL, hany nirde goýduňmy onam?


Premium
BAYOGUL [on] (07.01.2025 / 11:39) 

Sebap, bar


Betinden
Sebap  (07.01.2025 / 11:41) 

BAYOGUL, tapdym sagbol

 Premium
 Belki [off]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 07.01.2025 / 12:02

+0

Gygyryp nomer aydyalar welin sulara jan edyan barmyka gyz diyerdim bar kena ?

 Täzeje
 Gadayly [off]
  Sôyúl yóne sóyme aglama aglat!
 07.01.2025 / 23:12

+0

Men mts nomerima menzes ekenay

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


basmaça my ýa ýazmaça tapawudy ýokmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Boniya (Şugün, 13:33)

Ýanymda otyr..


Mlds.Gowy goşgy ekeni.Like...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Sasiyona (Şugün, 13:24)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Her setire siñmiş obanyň ysy, Okañda duýulýar, hakyky söýgi. Özüne çekiji goşgy bolupdyr, her bendi ýüregiñe barýar. Gowy ÿazylypdyr, üstünli...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Аджап (Şugün, 12:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Ýazara zat kän gysgaça hemme zadyň soňunda bagtly durmuşuň garaşýandygyny aýdyp biljek...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Mizan (Şugün, 12:32)

Ýanymda otyr..


Mana na minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Haa mana minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Bolýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:08)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


GUTLAÝAN) Şeýle ýaryşlar köp geçirilibersin...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Koroleva (Şugün, 11:36)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Berekella örän gowy goşgy çykypdyr.Mlds.Yetirip dur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Sasiyona (Şugün, 11:19)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Oba ýere höweslidim. Näme hyzmat bolsa, ederdim. Sebäbi hakyky sada, adam ýaly adamlar obada ýaşaýarlar. Şähere gelýän obalylar soň üýtgeýärler....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Gulmahrem (Şugün, 10:46)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика