Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Luckyboy : Dostlaşmak añsat,saklamak kyn...#Lucky_Boy

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Adam bolmak kyn...4
 Betinden
 Sebap [off]
 08.01.2025 / 01:35
 Lekum dinukum we liýe din

Ol tä ganatlary ýadap, ysgyndan gaçaýýança uçdy. Heziller edindi. Mekdebiň üstünden on-on bäş öwrüm edip, soň öňki öýlerine tarap tutdurdy. Işikde ösüp oturan garry tuduň şahasyna baryp gondy-da, aşakdaky, ýeriň üstündäki durmuşy ýokardan synlamaga başlady.Gapydan ilki bilen ýaňy mekdebe gatnap ugran inisi çykdy. «Anha, indi öýüňem, mekdebiňem bar jebrini özüň çekiber!» diýip, serçä öwrülen oglan içini güldürdi. Onuň şu wagt hakyky serçe bolup, tuduň şahasynda oturanlygyny biläýse, inisi näderdikä?! Geň galmakdan hem görübilmezlikden ýaňa gözi hanasyndan çykardy. «Eje-e-e, menem serçe boljak!» diýip, zörledip ugrardy.Oglan-serçe durup bilmedi. Şuwlap aşak gaýtdy-da, inisiniň edil burnunyň öň ýanyndan okkesdirme geçdi. Inisi gorkudan ýaňa tas arkan ýykylypdy. Ol gözüni elek-çelek edip, esli wagt durdy. Onýança içerden:— Gyýw, Batyr, seret hany, gelmeýärmi? — diýip, ejesiniň sesi çykdy. Inisi burnuny çekip goýberdi-de, duran ýerinden töweregine garanjaklan bolup:
— Ä-ä, gelenok! — diýdi.«Samsyk, agaň depäňde otyr ahyryn!» diýip, oglan-serçe içini gepletdi.Soňrak ejesiniň özi çykyp seretdi. Elini gözüniň üstüne kölegeledip, kän durdy.— Wah, şundan ýaňa göwnüm ynjalman, gulagym dynman gitdi-dä! — diýip, hüňürdeý-hüňürdeý içeri girdi.Bäş-on minut geçmänkä, ejesi ýene çykdy.— Batyr, bar, görüp gel hany, Gurban dagy gelipmi?!Oglunyň klasdaşlary Gurban dagynyň bireýýäm gelenini eşidenden son, ejesi hasam howsala düşdi:— Allajanlarym, näme bolduka muňa? Maşyn-paşynyň aşagyna düşmedik bolsa ýagşydyr hernä!— Aý, näme bolandyr öýdýäň şo bihepbäňe! Sapakdan soň mekdepde alyp galandyrlar ýa-da oglanlar bilen pökgi kowalap ýörendir — diýip, kakasam içerden dillendi.— Wah, balajygym nirede bolanda-da, şu wagta gelmel-ä! Gün ýaşyp barýar ahyryn!Ejesiniň jibrinip, iki ýana zowzuldap ýörşüni görende,
oglan-serçäniň bogazjygy doldy. Ejesi özüni beýle gowy görýändir öýdüp, onuň şu wagta çenli kellesine-de gelenokdy. Ol saklanyp bilmän, tas «Eje, men bärde!» diýip gygyrypdy. Özüniň indi adam dilinde gürlemäge hakynyň ýoklugy ýadyna düşüp, hyrçyny dişläýdi.Onýança ýokardan şuwwuldap bir topar serçe geçiberdi. Oglan-serçe petekesini dolduryp, uludan demini aldy-da, kynlyk bilen ýokary göterildi. Serçeleriň yzyndan uçdy gitdi.

Dowamy bar...


133

21

3

4

0

0

1
Teswirler:
 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 08.01.2025 / 01:36

+0

Bolÿan ekenă


Betinden
Sebap  (08.01.2025 / 01:37) 

@menin_dunyam, menem geň galdym şumat

 Täzeje
 Gadayly [off]
  Sôyúl yóne sóyme aglama aglat!
 08.01.2025 / 01:55

+0

Dowamy


Betinden
Sebap  (08.01.2025 / 01:56) 

Gadayly, Ertir nesip bolsa


Täzeje
Gadayly  (08.01.2025 / 02:00) 

Sebap, Synanshyp gôr belki goÿlar


Betinden
Sebap  (08.01.2025 / 02:05) 

Gadayly, bormaýara iki sany goýup barýar eken häli bir bulam iki bolly


Täzeje
Gadayly  (08.01.2025 / 02:07) 

Sebap, Bolÿa


Betinden
Sebap  (08.01.2025 / 02:08) 

Gadayly,

 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 08.01.2025 / 14:59

+1


Betinden
Sebap  (08.01.2025 / 15:04) 

BAYOGUL, sagbol

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Oglanlara sorag


-GSM200- Sul ağza ynanyan dine 🙂...dowamy...
Umumy | Oglanlara sorag
Aixcam_nx (Şugün, 15:20)

Oglanlara sorag


Bar yone hich kime aytmajagmy ono soz berdim Syr ikimiziñ aramyzda öler diydim Bagyshlañ atlandyryp bilemyok...dowamy...
Umumy | Oglanlara sorag
Bayradot (Şugün, 15:08)

Owadan yazuw basleșik


basmaça my ýa ýazmaça tapawudy ýokmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Boniya (Şugün, 13:33)

Ýanymda otyr..


Mlds.Gowy goşgy ekeni.Like...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Sasiyona (Şugün, 13:24)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Her setire siñmiş obanyň ysy, Okañda duýulýar, hakyky söýgi. Özüne çekiji goşgy bolupdyr, her bendi ýüregiñe barýar. Gowy ÿazylypdyr, üstünli...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Аджап (Şugün, 12:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Ýazara zat kän gysgaça hemme zadyň soňunda bagtly durmuşuň garaşýandygyny aýdyp biljek...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Mizan (Şugün, 12:32)

Ýanymda otyr..


Mana na minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Haa mana minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Bolýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:08)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


GUTLAÝAN) Şeýle ýaryşlar köp geçirilibersin...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Koroleva (Şugün, 11:36)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика