Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Gerceknazar : "Bagt nirde?" diýdi , diýdim gülüp men, Gözlemeli ony her kynçylykdan. @Gerçeknazar

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Adam bolmak kyn...7-8
 Gytyndan
 Sebap [off]
 09.01.2025 / 00:22
 Lekum dinukum we liýe din

Delje bir gün gelse, höwürtge öňküsindenem daralan ýaly. Ozal arkaýyn girip-çykaýmasy bardy welin, indi kellesini soksa, guýrugy daşarda galýar, götinjekläp girse-de, kellesi daşarda somalyp dur. «Bu nähili bolýar-aý? — diýip, Delje kiçijik kellesine agram salmaga başlady. — Ýumurtgalar köpelip-dagy edäýdimikä? Hany, sanap göreýin: bir, iki, üç, ...Üstünde oturanymy sanadym-maý?! Hany, bir, iki, üç, dört... Beh, öň bir sanamda, jüp däl-de, täk çykan ýaly-la! Köpeläýen-ä däldir-dä... Öz-özünden nädip köpelsin! Tersine, azalan bolaýmasyn?! Azalan bolsa, onda höwürtge daralman, gaýtam giňelmezm-aý? Hany, mugallym näme diýip öwredýärdi entek?! Mukdaryň möçbere bolan gatnaşygy... Ýok, möçberiň mukdara bolan...»Deljäniň kellesiniň içi bulam-bujar boldy. Özüniň hasapdan asgynlygyna ol ilkinji gezek ýaman ahmyr etdi. Hasap diýlen zat serçe bolsaňam, gerek eken.Wagt bolsa geçip dur, geçip dur. Delje eýlesine-beýlesine garanmaga ýetişmänkä, höwürtgedäki ýumurtgalar gyzgylt öwsüp, gezekli-gezegine çyzyk açyp başlady. Ine, bir günem olardan sary çüňklüje, gyzyletene, birmeňzeşje jandarlar jüýgüldeşip çykdy. Çykan batlaryna-da, «Iýjek-de-iýjek!» bolşup, Deljäniň gulagyny guk etdiler.Delje görgüli her gün iýmit gözleginde menzil-menzil ýol geçýärdi. Diňe garaňky gatlyşyberende, ganatlaryny zordan galgadyp, höwürtgä özüni atýardy. Daň ataram welin, ýene şol öňki güzeran, şol öňki güzap.Iýmit tapmak diýeniňem dilde aňsat ekeni. Ýokaryk galsaň-a, depäňden gyrgy garawullap dur, ýere gonsaňam, pişik ýapyrylyp gelýär.Getiren iýmitiňi bu gyzyletenelere sag-aman iýdiräýjek bolsaň, ondanam kyn. Ala-basgy bolşup, bir-birinden öň iýjekler. Sähel göz-gulak bolmasaňam, iýmite düwnüp, gök-dalak bolýarlar. Şonuň üçinem olaryň hersi öz paýyny sag-aman bokurdakdan ötüräýýänçä, Delje höwürtgäniň agzyny saklap oturardy. Özem olaryň gurçuklary, mör-möjekleri açgözlük bilen ýuwudyşlaryny görmejek bolup, gözüni ýumardy.Ýumurtgalaryň biri juda haýal, hemmesinden soň çyzyldy. Ýöne ondan çykan guş çagasy welin öňki-soňkynyň çaky bolmady. Asyl onuň garnynyň dok, gözüniň doýgun wagtyna gabat gelip bolmasa nätjek! Haçan görseň agzy açyk, haçan görseň iýermen. Özem kän symyşlaýanlygyndanmy-nämemi, günsaýyn däl-de, sagatsaýyn ýognap, ulalyp barýar. Sanly günüň içinde ol Delje bilen deňeçer boldy, soň ondanam ozdurdy. Indi ol Deljäniň getirýän iýmitini diläp däl-de, basyp alyp iýýärdi.
Bu bedähediň syry basym äşgär boldy.Käte-käte bir ýerlerden ikatýoguň «Iki-at-ýok! Iki-at-ýok!» diýip zarynlaýan sesi gelýär welin, ýaňky mähnet guş çagasam symyşlamasyny goýup, diňşirgenýär. Soň o-da öňe-öňe omzap, bogazyndan «Kat-ýo-ok» diýen ýalyrak ses çykarýar.Delje bir gezek bu hadysanyň edil üstüne geldi. «Ikatýok köplenç öz çagasyny özi eklemeýär. Heniz ýumurtgadan çykmanka, ony başga guşlaryň höwürtgesine taşlap gidýär» diýip, mekdepde eşiden gürrüňi güpbe ýadyna düşdi. Nämäniň-nämedigine göz ýetiren Deljäniň gahary bokurdagyna geldi. «Men seniň atyňy bir gözüňe görkezeýin-le!» diýip, ol ikatýokjygyň üstüne topuldy. Öňdenem darajyk, çagşan höwürtgäniň içinde gopdy bir topalaň. Boldy bir güpür-tapyr. Deljäniň «Mugthor! Ýatyber! Bihaýa!» diýen janyýangynly jibrinmesi, ikatýoguň naýynjar jüýgüldisi, zähresi ýarylara gelen çülpe serçeleriň galagoply pysyrdylary...
Delje mugthor ikatýoguň eýini mazaly ýetirenden soň, höwürtgeden çykyp, hol beýlede gondy.
Jany agzyna gelen ikatýoguň iňlemä meňzeş jüýgüldisi içerden soňam geldi durdy.
Gahary ýatyşyp, birneme köşeşenden soň, Deljäniň ikatýokjyga nebsi agyryp ugrady. «Ýowuzrak daraýdym öýdýän! — diýip, ol içini gepletdi. — Hakyna seretseň, munda günä-de ýok ýaly. Günä muny şeýdip taşlap giden ata-enesinde».Delje biraz oturyp, dem-dynjyny alansoň, awuň gözlegine çykdy. Bir çalajan ýagyş gurçugyny çüňküne gysdyryp gaýdyp geldi. Onuň garasyny görenden, ikatýokjyk gorkup, höwürtgäniň bir böwrüne gysyldy.— Näme sandyran bolýaň? Iýesim ýok! Al, düwnüp geçen...
Delje getiren iýmitini onuň agzyna atdy-da, hüňür-hüňür edip, çykyp gitdi.
Ertesi goňşy serçe oňa sowal berdi:
— Ýeri, Delje, düýn höwürtgäňde näme gopgun turdy? Gykylygyňyz-a ýaman belentden çykýardy.
— Aý... — Delje ganatyny salgap goýberdi. — Ýumurtgalaryň birinden ikatýok çykdy.
— Senem ony ekläp ýörmüň? Kow ony, derrew kow! Gümüni çekip goýber!
— Kowaňda, ol nirä gitsin? Enesi bolmasa, atasy bolmasa, agasy ýa inisi bolmasa. Guş diýeniňde iňbolmanda klasdaş-zadam-a ýok, bir gije öýünde ýataýaryn diýer ýaly.
— Klasdaşyň näm-aý? — diýip, goňşy serçe onuň ýüzüne jiňkerildi.
— Dost, ýoldaş diýen ýalyrak-da!— Dost-ýoldaşyň näme?
— Saňa nähili düşündirsemkäm... Höwürtgedeş diýen söze golaýrak-da!
— Hä-ä! Şeý diýsene!
«Bir goýundan ak hem dogar, gara-da» diýenleri çyn ekeni. Serçe çagajyklarynyň hemmesi birmeňzeş ýumurtgadan çyksa-da, hersi özbaşyna häsiýet bolup döredi. Biri agrasja, hatda tekepbirrägem, beýlekisi onuň tersine, barypýatan gykylykçy, uruşgan, üçünjisi gorkak hem gysganç, bir zat iýende-de, aňyrsyna bakman, gizlemän iýip bilenok. Ikatýokjyg-a öňdenem serçe iline goşulýan zat däl. Onuň diňe agzy boş durmasa bolýar. Tekepbirligiň bilenem işi ýok, gykylygyň, gysgananyň bilenem.
Delje bu ganatly ýetimjikler bilen uly görgä galdy.
Sähel haý-küş etmeseň, biri ters öwrülip, dommarylyp otyr, nämemiş, iýmiti agzyna tutdurmanmyşynlar, şonuň üçinem öýkelänmiş. Ýöne onuň bilen oňuşsa boljak-la. Derdiň ýamany beýlekide — gykylykçyda. Özüne getirilen zady iýmän, hamana, gysganjyň iýmitiniň baly bar ýaly, şoňa ýapyşýar. Gysganç diýeniňem özüňe belli, ýekeje owuntyk hakyny giderenden, şol owuntyga düwnüp ölenini gowy görýär.
Ine, onsoň, iki doganyň arasynda turýar bir dawa, turýar bir topalaň. Ol aňryk çeker, bu bärik, ol urar çüňki, bu-da ondan kem galmaz. Şeýdip, iýmitem ýatdan çykar, beýlekem. Şol aralykda, bularyň agzyna seredip, ýuwdunjyrap oturan ikatýokjyk assyrynlyk bilen geläge-de, ikisiniňem paýyny lak-luk atýar.
Soňurrak, aç galan gysganç «Nätdiň, nätdiň?!» diýip, aglamjyrap ugrar. Uruşgan bolsa çünki bilen o ýerini-bu ýerini barlaşdyran bolup oturyşyna «Hakyňdan, deňje paýlaşan bolsaň, ikimize-de ýeterdi!» diýip, ony barha öjükdirýär. Agras serçejik bolsa doganlarynyň ikisiniňem üstüne gygyrýar-da, soň ikisindenem öýkeläp, dymýar.
Delje bulary ýaraşdyrjak, oňuşdyrjak bolup, ganat-perden, güýç-kuwwatdan aýrylyp barýardy. Halys degnasyna degensoň, onuň käte-käte «Sizdenem bir dogan bormy, bihepbeler! Ynha, biz öz doganymyz bilen...» diýip gygyryberesi gelýärdi. Ýöne özüniňem inisi bilen oňşugynyň şundan öwerlik bolmanlygy ýada düşüp, sesini çykarmazdy.
Deljäniň bagtyna, serçejikler tizarada uçmagy öwrendiler.
Ilki bilen uruşgan uçdy. Uzakly gün höwürtgede iýmit getirilerine garaşyp oturmaga onuň karary ýetmedi. Ine, onsoň, bir gün höwürtgeden kellejigini çykaryp, aşak seredip otyrka, ýerde gyrmyldap barýan jandarjygy gördi-de: «Jik-jik, möjejik! Jirk-jirk, möjejik!» diýip, göni aşaklygyna gaýdyberdi. Onuň gapdalynda oturan gysganç ýerdäki möjejigi görmese-de, doganynyň bir zat tapanyny aňdy. Onsoň doganyndan öňürtjek bolup, o-da aşak eňdi. Ikisem daş gaçan ýaly bolup, patlap ýere düşdüler.
Soň-soň ýere patlap däl-de, gaýyp düşmegi öwrendiler. Soň aňyrrakdan öwrüm berip gaýtmany çykardylar. Garaz, şeýdip, uçmak işi oňuna boldy-da gidiberdi.
Indi höwürtgede köplenç agrasja serçe bilen ikatýok ikisi galýardy. Galanlary gazanç bilen mübtela.
Agrasja-da näler uçjak welin, arman, agras-agras pikirleri oňa päsgel berýär. «Hany, entek pikirlenip göreýin! Uçmak diýlen zat oýunjak iş däl ahyryn!» diýip, ol oýlanýardy. Höwürtgeden ýere çenli aralygy gözi bilen ölçäp, uzakly gün kelle döwýärdi.
Ahyrsoň, açlyk-mätäçlik ähli hasaby bulaşdyryp başlansoň, ol ýüregine daş baglap, gözjagazlaryny ýumup, höwürtgeden üzüldi... Bir gün özüni aldap, deşige sümüp giden gurçukdan gaty gördi, ertesi ernini dyrnaçaklan tomzajykdan öýkeledi. Ýöne herniçigem bolsa, eýdip-beýdip gün-güzeran görmegi öwrendi.
Iň soňunda ikatýokjyk galdy. Iýmitlenmek üçin, agzyňy açyp, gözüňi petredip oturmakdan başga-da ýollaryň bardygyna düşünensoň, o-da uçmak bilen boldy. Bir günden bir gün bolsa, ol awa gitdi-de, gaýdyp gelmedi. Delje oňa kän garaşdy, geler ýerde gelmänsoň: «Aý, bir kebelegiň ýa-da teneçiriň yzyna düşüp, kowalaşyp gidendir-dä!» diýen netijä geldi.

Dowamy bar....


69

6

2

2

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Gadayly [off]
  Sôyúl yóne sóyme aglama aglat!
 09.01.2025 / 08:19

+0

Deljàniñ ôzi nàme bn iÿmitlenipdir?


Gytyndan
Sebap  (09.01.2025 / 10:02) 

Gadayly, Soňuna çenli garaşda men özüm aýtsam gyzykly bolmaza!


Täzeje
Gadayly  (09.01.2025 / 10:10) 

Sebap, Ok


Gytyndan
Sebap  (09.01.2025 / 10:10) 

Gadayly,

 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 09.01.2025 / 15:59

+0

Gowy eken


Gytyndan
Sebap  (09.01.2025 / 16:00) 

BAYOGUL, Sagbol

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)


Awtory kim? Haysy kitapdan, ya nirden alnan bu maglumatlar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)
Asman_ (Şugün, 00:53)

Aýallar!


ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aýallar!
Melisa (Düýn, 22:17)

GELNEJEM


Gowy gosgy eken,yetirip dur👏 Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Aixcam_nx (Düýn, 21:32)

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Düýn, 19:47)

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Düýn, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Düýn, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Düýn, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Düýn, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Düýn, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Düýn, 10:57)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика