Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
yurekdes : Adamlar soyenini dal ulanan adamsyny terk ederler # yurekdes

Forum | SUNGAT ÄLEMI | Dünýä kinosy

TÄSIRLI FILMLER 1
 Täzeje
 FolLower [off]
 11.01.2025 / 19:27



1. Ynsan gazaby (2021).



Meşhur kinorežissýor, “Patyşa Arturyň gylyjy”(2017), “Ummasyz pul” (2000), “Şerlok Holms” (2009), “Terjmeçi” (2023) filmlerini döreden Gaý Riçi bu filminde kino äleminde yz galdyran Jeýsan Stethama baş roly berýär.
Filmiň gysgaça mazmuny:
Düýbi Los-Anjelesde ýerleşýän “Fortico Security” kassa-tranzit kompaniýasynyň ýük awtoulaglaryna ýygy-ýygydan hüjüm edilýär we soňky talaňçylyk wagtynda iki garawul öldürülýär. Birneme wagt geçensoň, edermen we köp geplemeýän, britaniýaly Patrik Hill bu kompaniýa işe alynýar. Oňa başlygy tarapyndan “Eýç” diýip lakam berilýär we zerur bolan fitnes, atyş hem-de sürüjilik synaglaryndan mäkäm geçip, ilkinji işine başlaýar.


Tizara ýaragly garakçylar ýene olaryň awtoulagyny talamaga synanyşýarlar, ýöne Eýç tutuş toparyň hakyndan ýeke özi çykýar we gahryman bolýar. Kärdeşleriniň hormaty we şöhraty ony gyzyklandyrmaýar sebäbi ol özüniň maksatlaryna ýetmäge çalyşýar.

2. Howa marşaly (2014).



Esasan triller žanrly filmlerde özüni tanadan, şeýle-de “Ýolagçy” (2018), “Ýesir 1-2-3”, “Wyždanly ogry” (2020) filmlerinde tomaşaçylary haýrana goýan ussatlygy bilen dünýä meşhur bolan kino ýyldyzy Liam Nison bu filmde howsala salýan ýagdaýlardan nähili baş alyp çykmalydygyny tomaşaçylara özüniň artistlik ukyby bilen aýdyň görkezmegi başarypdyr.
Filmiň gysgaça mazmuny:
Nobatdaky halkara uçuş. Ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün edýän howa marşaly Bill Marks uçara münenden az wagt soň telefonyna bir terrordan haýbatly habarlar gelip ugraýar. Onuň kimligi we näme üçin haýbat atýanlygyny bilmäge synanyşýar emma uçarda bir adamyň ölümine sebäp bolýar. Çünki jenaýatkär ähli hereketleri öňünden hasaplap, günäni marşalyň üstüne ýüklemegi başarýar.


Indi marşal bu ýagdaýy duruzmak we jenaýatkäri tutmak üçin uçarda özüne ynanan adamlaryň kömegi bilen işe girişýär emma wagt çäkli sebäbi jenaýatkäriň uçarda ýerleşdiren bombasyndaky sagat işläp başlaýar.

3. Frenk we Penelopa (2022)



Tomaşaçyny ýerinden bir sekunt hem gozgaman, özüne çeken, galyberse-de beýleki amerikan kinolarynda känbir ýüze çykarylmadyk “söýgi” temasyny has arşa galdyran filmleriň biridir. Filmiň režissýory Şon Patrik Fleneri filminde özüne-de bir roly saýlap, ýerine ýetiripdir.
Filmiň gysgaça mazmuny:
Öýünde aýalyny biwepalykda tutup, gaýgyly ýagdaýda bir kafe gelen Frenk, tansçy Penelopa bilen tanyşýar we oňa aşyk bolýar. Penelopa ilki hile bilen onuň puluny alyp, kafeň eýesine eltip berýär we puly deň bölüşmegi isleýär emma narkotik jisimlere özüni aldyran adam Penelopany diňlemeýar we onuň bilen dawalaşyp başlaýar. Bularyň gohuna kafeda oturan Frenk gelýar we kafeň eýesini urup, gorkuzyp, Penelopany hem alyp gaýtýar. Ine şonda Penelopa Frenke aşyk bolýar we ony aldap talamak niýetinden ýüz döndürýär.


Biri birinden asla geçmejek aşyk-magşuklar uzak ýola düşýärler. Ýöne bularyň ýoly öz ganhor maşgalasy bilen ýaşaýan Çisos atly zalymyň üstünden barýar.


Nesip bolsa indiki mowzugymda ýene-de şular ýaly filmleri siziň dykgatyňyza ýetirerin.

Internetden terjime edip taýýarlan: Abdylmahmyt Nepesow.


168

28

6

4

0

0

0
Teswirler:
 Betinden
 Sebap [3m]
  Lekum dinukum we liýe din
 11.01.2025 / 22:27

+1

 Betinden
 Sebap [3m]
  Lekum dinukum we liýe din
 11.01.2025 / 22:27

+0

Horjundan tapyp bolyamy bulary?


Täzeje
FolLower  (12.01.2025 / 03:36) 

Sebap, atlaryny ýazyp gözledäý

 Täzeje
 Gadayly [off]
  Sôyúl yóne sóyme aglama aglat!
 11.01.2025 / 22:27

+1

1nji 2nji kinolary gôrdùm hasam liam nisonyn kinosy gowy sonky kinony gôremok dogrusy

 Premium
 Belki [off]
  Ýaşaýyş-- düýş! Sen meň düýşüme girdiň!
 12.01.2025 / 05:43

+0

Soňky filmi göresim geldi.

 Premium
 Belki [off]
  Ýaşaýyş-- düýş! Sen meň düýşüme girdiň!
 12.01.2025 / 05:48

+0

Şu hepde iki sany film gordum. Ikisem hindi.
1. Bang-Bang.
2. 3 aptal.
Ikisem gowy ken. Maslahat berýän.


Täzeje
Khanture00  (12.01.2025 / 06:41) 

Belki, Üç aptaly indi görüp ýörmüň? :-0

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 12.01.2025 / 07:53

+0

Gowy kinolar ekeni

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Unudyp bilemok.


Goshgy gowy,her setirinin manysy has erbet yatlamalary yatlamagyna sezewar etya...dowamy...
Degişmeler älemi | Unudyp bilemok.
rexha (Şugün, 08:03)

Unudyp bilemok.


Olam shol unudan adamyn senin aňyňda goyan yatlamalarna bagly,karoche unutdum diyenindede hokman birgun yatlanylyar...dowamy...
Degişmeler älemi | Unudyp bilemok.
rexha (Şugün, 08:02)

Unudyp bilemok.


Unutmak kyn ish,yone unudanyndan son shony arasynda ya goz yash bilen yatlarsyn yada yuzunde bir yylgyrysh doredip yatlarsyn...dowamy...
Degişmeler älemi | Unudyp bilemok.
rexha (Şugün, 08:01)

Unudyp bilemok.


Awtory kim?...dowamy...
Degişmeler älemi | Unudyp bilemok.
Sebap (Şugün, 07:51)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


Emeli añyn ozi terjime etyara...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
Watjik (Şugün, 07:43)

Test


Onyaly soygi galdymow,senin indi oýune getirenine kayyl bolanaklar nm icin erkeklen sacy duship callt garrayalar,sebabi eltenini iyip on bilenem...dowamy...
Erkin mowzuklar | Test
Arsi (Şugün, 05:52)

Test


Biz dűnÿă gelende hiç zatsyz geldik. ALLA műñ şűkűr işlerimiz ugruna hem gaty gowi. Nesibeli gűn bardyr őÿlenmegiñem. Esasy zat men ony tanaÿan,...dowamy...
Erkin mowzuklar | Test
@menin_dunyam (Şugün, 01:17)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


Dushunmeyani uchin zeyrenip yzygider ideg isleyan,nu olam bolanyok shon uchinem sho kishi bozuklygy mende bolya...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
rexha (Şugün, 01:11)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


1. Narsistik kişilik bozuklygy- mende bolyan yagday...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
rexha (Şugün, 01:10)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


1. Narsistik kişilik bozuklygy -- Bu bozuklykdaky kişiler partnýorynyň özüne düşünmeýänliginden zeýrenip, yzygider ideg isleýänligi we manipulýas...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
rexha (Şugün, 01:10)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика